Bu gün FINAL! UEFA Çempionlar Ligasy "Liverpool" vs "Real Madrid"
Bu gün ýagny 28-nji maý güni Liverpool vs Real Madrid duşuşygy Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar. Rus teleýaýlymy «Матч ТВ» duşuşygy göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetirer. Teleýaýlymyň Türkmenistanyň çägindäki IP TV ýaýlymynda bardygyny hem-de Uzb "Sport" kanalynda hem tomaşa etmek mümkinçiligi bardygyny bellemek bolar.
2021/2022-nji ýyl möwsüminiň final duşuşygy Parižiň «Stad-de-Frans» stadionynda geçiriler. Stadionyň ýerleri 80 000 tomaşaça niýetlenip, bu ýerde 1998-nji hem-de 2016-njy ýyllaryň çempionlyklarynyň final duşuşyklary geçirildi.
Bu duşuşyk Madridiň «Realy» bilen «Liwerpul» toparlarynyň arasyndaky degişli ýaryşdaky üçünji gezek geçirilýän final tapgyryna öwrüler. Toparlaryň arasynda 1981-nji ýylda geçen duşuşykda iňlis topary 1:0 hasaby bilen ýeňen bolsa, şondan takmynan 44 ýyl soň, 2018-nji ýylda final tapgyry madridlileriň hasabyna 3:1 ýeňiş bilen tamamlanypdy.
Bu duşuşykda ýeňiş gazanan topar UEFA Ýewropa ligasynda ýeňen topar bilen UEFA-nyň Naýbaşy kubogyny almak üçin güýç synanyşar. Şeýle-de bu topar geljek ýylda geçiriljek UEFA Çempionlar ligasynyň ýaryşyna gös-göni ýollanma alar.
Tomaşa ediň, Angliýa rytsary Ispan ýyrtyjysyna garşy!

1 2 3 4
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
102 комментария