"Injir agajy güllänok, ol güllese, bir zatlaryň alamaty" diýip il arasynda bir yrym barmyş. Kim bilýär şu barada?

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Pegas tarapyndan 29-05-2022, 21:04

  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 1 29 мая 2022 21:12
    Bäh, oň gülleýän wagtam barmy?
    Jogap
  • Black Panther Black Panther off № 2 29 мая 2022 21:15
    Ahmedik_97
    Bäh, oň gülleýän wagtam barmy?

    Göçme manyda bolmagy mümkin
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 3 29 мая 2022 21:16
    Ahmedik_97
    Bäh, oň gülleýän wagtam barmy?

    "Injir agajy beýleki gülli ösümlikler ýaly gülleýär, ýöne onuň gülüni göz bilen görüp bolmaýar. Injiriň güli daragtyň ýapraklarynyň goltugynda gysgalan baldagyň ujunda armyt şekilli emele gelýär. Biz oňa "injir miwesi" diýýäris, injir gülleri şol miwäniň içinde ýerleşýär" diýýär selhoz uniwersitetiniň bir mugallymy.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 4 29 мая 2022 21:32
    «1.Önümçilikde ownuk we iri iýmişli injir ösdüri-
    lip ýetişdirilýär. Iýmişleri ak, sary, gök we gara reňklidir. Injir ýapyk
    gülli miweli bag bolup, injiri arylar (blastofaga) tozanlandyrýarlar.
    Injir boýy 3-5 metre ýetýän gyrymsy ösümlik ýa-da 10-12 metr bolan
    köp şahaly agaçdyr. Tohumlary, çybyklary bilen köpeldilýär. Ýaş na-
    hallary 3-4-nji ýyl miwe getirip başlaýarlar. Ýaşynyň dowamlylygy
    40-60 ýyldyr.
    2.Pisse agajynyň boýy 1,5-3 (6-10) metre ýetýär. Bu agaç tohum-
    lary, düýpden çykan baldaklary we sapmak arkaly köpeldilýär. Ýaş
    nahallary 4-5 ýyldan soň miwe getirip başlaýarlar. Pissäniň iki jynsly
    güli bolup, miwesi daşy gaty gabykly hozdur. Maňzynda pisse ýagy
    42-65% we 14,5% belok saklanýar
    Hoz miweli baglaryň
    3.ýaşynyň dowamlylygy 200-300 ýyl bolup, şu ýylky ösüp çykýan pu-
    daklarynyň ujunda ýerleşen pyntyklaryndan miwe getirýär. Bir öýli,
    aýry-aýry jynsly, şemalyň kömegi bilen tozanlanýan we tozanlandy-
    rylýan gülleri bar»
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 5 29 мая 2022 21:35
    şu üçisi güllemän miwe getirýän daragt höküminde tanalýar, ýöne bu miweli daragtlaryň ählisem gülleýär.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 6 29 мая 2022 21:40
    Şeýle yrymyň bardygyna bilýän:
    —Ösüp oturan (ýagny, guramadyk) injir agajyny çapmak bolmaýar. Eger, ösmesiz ýerde ösen bolsa, onam, zerurlygy ýüze çykyp çapyp aýyrmaly bolsa, ilki «Aýdylan» paýlap (Aýdylan berip), doga edip çapmalymyş. Ýakjak bolaňda-da şeýle. Hat-da, ýakmagam bolanokmyş.
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 7 29 мая 2022 21:42
    Men bir wagyzda eşitdim, Adam ata bilen How ene bugdaýy iýensoñ hajaty gelip hajatlansoñ injir agajyñ gülüne süpüripnen(miş) şonuñ üçin injiri güllemez ýaly eden(miş) Allatagalla
    Jogap
  • garaburc garaburc off № 8 29 мая 2022 21:43
    ol yrumy eşdip görmändim...
    Jogap
  • PROLIGA PROLIGA off № 10 29 мая 2022 21:45
    injirin gulini dine hydyr ata goryamis diyip estdim
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 11 29 мая 2022 21:47
    Ahmedik_97
    Şeýle yrymyň bardygyna bilýän:
    —Ösüp oturan (ýagny, guramadyk) injir agajyny çapmak bolmaýar. Eger, ösmesiz ýerde ösen bolsa, onam, zerurlygy ýüze çykyp çapyp aýyrmaly bolsa, ilki «Aýdylan» paýlap (Aýdylan berip), doga edip çapmalymyş. Ýakjak bolaňda-da şeýle. Hat-da, ýakmagam bolanokmyş.

    Mukaddesmi injir agajy?
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 12 29 мая 2022 21:51
    Bendtner,
    Bendtner on № 11Şu gün, 21:47
    Ahmedik_97
    Şeýle yrymyň bardygyna bilýän:
    —Ösüp oturan (ýagny, guramadyk) injir agajyny çapmak bolmaýar. Eger, ösmesiz ýerde ösen bolsa, onam, zerurlygy ýüze çykyp çapyp aýyrmaly bolsa, ilki «Aýdylan» paýlap (Aýdylan berip), doga edip çapmalymyş. Ýakjak bolaňda-da şeýle. Hat-da, ýakmagam bolanokmyş.
    Mukaddesmi injir agajy

    Bilemok. Şeýle ýaly özä:)
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 13 29 мая 2022 21:52
    PROLIGA,
    PROLIGA PROLIGA on № 10Şu gün, 21:45
    injirin gulini dine hydyr ata goryamis diyip estdim

    Birinji gezek eşidýän.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 14 29 мая 2022 21:53
    garaburc,
    garaburc on № 7Şu gün, 21:42
    Men bir wagyzda eşitdim, Adam ata bilen How ene bugdaýy iýensoñ hajaty gelip hajatlansoñ injir agajyñ gülüne süpüripnen(miş) şonuñ üçin injiri güllemez ýaly eden(miş) Allatagalla

    Gülüne däl, ýapragyna bolmaly.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 15 29 мая 2022 21:57
    Siz soraga düşünmediňiz ýaly...
    Eger injir güllese nämäň alamaty diýip yrym edilýärkä diýdim.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 16 29 мая 2022 21:58
    Düşündim, ýöne jogabyny bilemokda...
    Jogap
  • ????_???? ????_???? off № 17 29 мая 2022 22:49
    Pegas
    Siz soraga düşünmediňiz ýaly...
    Eger injir güllese nämäň alamaty diýip yrym edilýärkä diýdim.

    Injir agajy güllese (Çölde bitýän bir ösümlik) sazak ýada çerkez haýsydygny bilemok miwe berse ahyrzaman golaýladygy diýip bilýän
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 18 29 мая 2022 23:22
    Инжир агажы гуллейар.. озем йылда 3 гезек гуллейар. йоне инжир агажынын гуллерини тозаландырыжы йорите арыларынын бардыгы учин биз гуллейиш хадысасыны горуп билмейарис. Долы маглумат аласыныз гелсе гугола язын.Injir дийип. Сонра картинка диен ере басын. сураты душундириши туркмен дилинде язылгы.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 19 30 мая 2022 06:59
    Şeýle yrym bar, At oturyp gäwişeýär, Injir gül açýar şony gören, tüçjar baý bolýa, ýada garyp bolýa diýip. Şony gören wagtyňa bagly baý, ýa garyp bolmak, ýöne bir wagtlat şeýle gürrüň bardy.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler