Geljekden bir gün
(Gysgajyk hekaýa)

Şu gün ir bilen men çölde gözümi açdym. Men bu ýerde oýanmaly däldim. Sebäbi geçen agşam men bu ýerde uklamandym ahyryn. Ýöne men bu ýerde näme işleýän? Belki düýşümdir, diýip özümi çümmükledim. Huşum eken. Säher wagtydy, gün gyzaryp çykyp gelýärdi. Asmanda gyzgylt şapaklaryň görki bir başgady. Men belent bir ýere çykyp, daş töweregime seretdim. Uzaklarda bir obalyk görünýärdi. Men şol tarapa ýöräp başladym. Gaty gorkýardym. Sebäbi bu ýer juda gorkunçdy. Jübime elimi sokdym. Jübimde diňe aýalym Meňliň suraty bardy.
Üç sagat ýaly ýol ýöredim. Gün al asmana galdy. Howa beter gyzyp başlady. Men suwsadym. Obalyk entägem uzaklardan görünip durdy. Men ýene iki sagat ýaly ýöredim öýdýän. Agzym beter gurap, suwsadym. Artyk mydarym bolmasa hem ýolumy dowam etdim. Çöllük gutardy, obalyk diýen ýerime geldim. Seretsem bu haraba bir oba eken. Öýler haraba halda, köp jaýlar bolsa ýumrulypdyr. Bu ýerde adam-gara görnenokdy. Hat-da itlerem ýok. Men obalygyň beýleki köçesine bardym. Ol köçede guýy bar eken. Guýyň ýanynda ýüpli çelek hem bardy. Men çelek bilen guýydan suw çekdim. Suwy çykaryp, gana-gana içdim. Soň haraba öýleriň birine girdim. Öýüň içersinde hiç zat ýokdy. Öýüň içini gurym basyp gidipdir. Soň ol öýden çykyp, başga öýüň golaýyna geldim. Ol öýe golaýlamda öňümde bir gazet parçasy tapdym. Gazede seretdim, ,,Zaman" gazeti eken. Çykan senesine seretdim, 2050-njy ýyl 19-njy oktýabr senesi ýazylgydy. Näme? Häzir 2022-nji ýyl dälmi näme? Ýa men geljek zamana düşäýdimmikäm? Men irden bäri bu ýerde näme işleýänimi çözüp bilmän ýörün welin, indi 2050-njy ýylyň gazeti?! Men gazetdäki makala seretdim. Dünýäde gytlyk sebäpli ekonomik meseleler ýüze çykandygy barada makala bardy. Men pikirlenip takmynan häzir 2060-njy ýyllarda bolsam gerek diýip oýladym. Sebäbi bu obaly takmynan on ýyl ozal taşlanyp gidilene meňzeýärdi. Men bu ýerden ýitirim bolup, başga bir ýerde peýda boldum. Bu ýer düýbinden başga bir ýerdi. Äpet binaly şäherdedim. Asmanda awtoulaglar uçýardy. Daş töweregimde adamlar bilen robotlar bardy. Men indi düşündim, men wagt ädimleýjisi. Men iki dürli zamana we mekana ädimledim. Robotlaryň biri golaýyma geldi. Ol robot polisiýaçy eken. Ol radioskaner bilen meni skanirledi we ,,Raýat Amanow, siz ýoluňyzdan azaşdyňyzmy?" diýdi. Ol meni tanaýan eken, haýran galaýmaly. Men oňa ,,Ýok" diýip jogap berdim we ,,Aýtsaňyzlaň, häzir haýsy ýyl, haýsy sene we men häzir nirede?" diýip soradym. Ol bolsa; ,,Häzir 2062-nji ýylyň 16-njy maýy. Bu ýer bolsa Aşgabat şäheri" diýip jogap gaýtardy. Men öz zamanama 2022-nji ýyla gaýtmak isledim we islän badyma hem gaýtdym. Öýe gelsem, aýalym Meňli maňa ertirlik edipdir. Ol maňa salam berdi we taýynlan ertirligini hödürledi. Men ertirlik edinip boldumda bugünki senä seretdim. Men öz zamanymda we mekanymdadym. Bu bolsa meni rahatlandyrdy.
Men özümiň bu ukybymy hemmeden syr tutdym. Soň ukybymy kämilleşdirdim. Bu ukybym bilen men köp zamanalarda bolup gördüm, hat-da geçmiş zamanlarda hem. Ýöne bular başga hekaýa...

@Khanture

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 30-05-2022, 21:21

  • Khanture Khanture off № 2 1 июня 2022 12:15
    biohimik.
    Awtory tanadym;))

    Dogrymy?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler