Essalamu aleýkum. Hormatly futbol muşdaklary bügün Angliýanyň ,,Uembli" stadionynda sagat 23:45-de Finalissima kubagynyň ýeketäk oýundan ybarat futbol duşuşygy bolup geçer. Has dogrusy CONMEBOL (Latyn Amerikasy dowletleriniň futbol bileleşigi) we UEFA (Ýewropa futbol assosiýasy) tarapyndan kiçirijik oýun gurnalar. Copa Amerika 2021-iň ýeňijisi Argentina bilen, EURO 2020 ýeňijisi Italiýa duşuşar. Messi dädeňiz üçin ýenebir mümkinçilik ;)). Dünýä Çempionatyna çykyp bilmedik Italiýa üçinem möhüm oýun. Duşuşygy Özbegistan MTRK-synyň Sport telekanalyndan tomaşa etse bolar. (Dogrysy başga haýsy kanallar berýänini bilemok).

Men Argentina janköýerlik edýän we olardan ýeňişe garaşýan. Siz hem pikirleriňizi teswirlerde galdyryň.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sport, Khanture tarapyndan 1-06-2022, 12:53

  • Bendtner Bendtner off № 2 1 июня 2022 12:55
    Messi almasa bolya gaharly
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 3 1 июня 2022 12:59
    Bendtner,
    Göreris...
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 4 1 июня 2022 13:02
    Khanture,
    Menem ajaýyp oýuna balet etjek
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 5 1 июня 2022 13:04
    Massimus,
    Haýsy MÝ?
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 6 1 июня 2022 14:02
    Pökgini dep derwezä barýança ýa pelek:)
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 7 1 июня 2022 15:44
    Khanture,
    Dünýä çempionatyna çykyp bilmedik ajaýyp topar hökmünde Italiýa balet etjek, bolmanda bir zatlar gazansyn. Onsoňam iň uly duşmanym hökmünde Messiň begenenini göresim gelenok. Dost saňa we toparyňa hiç hili dawam ýok elbetde, ýöne şu futbolçyny görsem, nerwi üýtgeýär.
    -Eşidýäňmi Leo, durmuşda bir maňa gabat gelmäweri, duşuşmazlygymyzy gije-gündiz diläweri.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler