Giç ýagşy agzalar, bu gün saýtymyzyň taryhynda iň bir ýatdan çykmajak günleriň biri. Uly halkara döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi we ýeňijiler yglan edildi. "Massimus production" bolsa bu dabaradan öz reportažyny alyp barar. Biziň söhbetdeşimiz bäsleşigiň ýeňijisi (elbetde Mahym bilen bilelikde) hanym Esma. Biz Sizi gazanan taryhy ýeňişiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we ildeşlerimizi gyzyklandyrýan soraglara jogap beräýseňiz.
1. Özüňiz haýsy ýazga ýeňiş bererdiňiz?
2. Siz uly auditoriýaly saýtyň döredijilik bäsleşiginde ýeňiş gazandyňyz, nähili duýgulary başdan geçirýäňiz? (Menä 3-nji ýeri alsamam begenjime nirde oturjagymy bilmän lýustradan sallanyp durun:))
3. Goşgyňyzy ugradanyňyzda näçinji ýeri alaryn diýip oýlapdyňyz?
4. Üstünligiňiziň syry nämede? (Indiki ýaryşlarda bizem ulanaly:))
5. Durmuşyňyzdaky iň gyzykly wakalardan birini gürrüň beräýiň.
6. Şahsy durmuşyňyz barada näme aýdyp biljek.
7. Söýgä ynanýaňyzmy?
8. Döredijilik ýoluna haçan başladyňyz?
9. Öz döredijiligiňizden iň halaýan goşgyňyz haýsy?
10. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
11. Eger dünýäni syýahat etmeli bolsaňyz haýsy ýurtlary saýlardyňyz?
12. Döredijilik ýoluna gadam basjak ýaşlara maslahatyňyz?
13. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun, galamyňyz, zehiniňiz mundanam ýiti bolsun!
14. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 1-06-2022, 22:16

  • Miss_minnosh Miss_minnosh off № 1 1 июня 2022 22:22
    @Esma ýeñişiñiz bilen gutlaýan yazyan
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 2 1 июня 2022 22:31
    Futbol dyndymy?
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 3 1 июня 2022 22:38
    @Esma'ny menem gutlaýan. SMS bilenem gutlapdym. Ýöne özi barada maglumat berer öýdemok))
    Jogap
  • FanB FanB off № 4 1 июня 2022 22:41
    Goreli bakaly sheyle tomasha
    Yerdaki almany aljak kimmişä :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 5 1 июня 2022 22:46
    Esma sizi tananyma şat! :)
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 6 1 июня 2022 22:49
    14. 1)@Esma goshgyny depdere yazyaňmy ya telde klawiaturadamy?
    2) Resmi (pasport) adyň name?
    3) Iň gowy goryan multifilmiň?
    4) Yaryshda utan puluňy name etdiň? :-D
    5) Haysy ördegiň 2 ayagy ba?
    5) Öý haywanlaryndan name saklayaň?
    6) Kicikaň Ayaz babaňa hat yazyp gorduňmi eger hawa bolsa name yazdyň?
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 7 1 июня 2022 22:50
    Bendtner,
    2 gezek 5 gidipdir, stolbik gornushde 7 sorag jemi
    Jogap
  • Гость Гость off № 8 1 июня 2022 22:56
    Esma hanym, ilki bilenä şu günki gazanan şärikli ýeňişiňiz bilen sizi gutlaýaryn, höwri köp bolsun. Indi bolsa size şeýleräk sorag bilen ýüzlenesim gelýär!

    Esma hanym, göz öňüne getiriň (belki getirensiňizem uže), eger @Mümkin agza bolmadyk bolanlygynda birinji ýer diňe siziňki bolardy. Gazanan girdejiňizem häzirkiňiziň iki essesine golaý bolardy. Ana şu zatlary göz öňüne tutmak bilen, size garşydaş bolan @Mümkin agza gelejekde nähili şowsuzlyklary arzuw etjekdigiňiz barada aýdyp beräýseňiz?!
    1. Telefony suwa gaçsynmy?
    2. Indiki ýaryşa çenli äre gitsinmi? Sataşan ärem gaty tutyp, saýtlara girmäge wagt tapmasynmy?
    3. Megabaýty gutaryp indiki ýaryşyň haçan geçiriljekliginden habarsyz galsynmy?
    Ýa-da özüňizde has gowurak pikir bamy?!
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 9 1 июня 2022 23:06
    Гость,
    Mende günä ýok.Gatnaşmaýyn diýdim :))
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 10 1 июня 2022 23:11
    Гость
    Indiki ýaryşa çenli äre gitsinmi? Sataşan ärem gaty tutyp, saýtlara girmäge wagt tapmasynmy?

    ??
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 11 1 июня 2022 23:11
    Гость,
    2. Indiki ýaryşa çenli äre gitsinmi?
    Şuña garşy däl :))
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 12 1 июня 2022 23:15
    Mümkin
    Indiki ýaryşa çenli äre gitsinmi?
    Şuña garşy däl :))

    Eyy Jyn! çüýşeden cykda häziriň özünde @Mümkin agzaň islegini yerine yetir?‍♂️
    Jogap
  • Гость Гость off № 13 1 июня 2022 23:16
    Mümkin
    Гость,
    2. Indiki ýaryşa çenli äre gitsinmi?
    Şuña garşy däl :))

    Utançsyz urya
    Jogap
  • FanB FanB off № 14 1 июня 2022 23:16
    Mümkin,
    Akpamyga är gerek ýürejigine kär gerek :))
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 15 1 июня 2022 23:16
    Häzir @garabufer geler, ärdiyiwölön diyip :)
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 16 1 июня 2022 23:25
    Indi size ýüregimi açjak däl.Öýkeledim.
    Jogap
  • FanB FanB off № 17 1 июня 2022 23:26
    Mümkin,
    Ökeleme jigim ökeleme. Dükandan Snikers alyp bereyinmi
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 18 1 июня 2022 23:29
    FanB,
    Azar edinme!
    Jogap
  • FanB FanB off № 19 1 июня 2022 23:32
    Mümkin,
    Borda özüñ gör :)
    Jogap
  • Esma Esma off № 21 2 июня 2022 00:18
    Dogrusy garaşmadym ýeňiji boljagyma. Gutlag bildirip seslenen agzalara sag bolsunymy aýdýaryn. Aýratynam Nirvana, Hayiresse, Baýkere, Massimusa ýaryş üçin köp aladalar edendikleri, edebiýata, döredijilikli zähmete höwes döredip ruhlandyrýandyklary üçin köp minnetdar!
    1- Ýaryşyň netijeleri belli bolanda-da aýdypdym. 1-6-12 belgilerdäkilere diýip. Ýüz görmesizden gelen netijelerim dogry bolup çykdy. Duýgularym aldamandyr. Zehinli görüp ýörenlerim ýazan ekeni. Içinde iň halanym @Ötegçiniň ýazgylary.
    2-Dogrusy garaşmadym. Sebäbi juda ökde hasap edenlerim bar. Olardan: @Ötegçi. @Pegas. @Massimus. @Mümkin agzalaryň zehinli, talantlydygyny ýazýan tesbirlerinden, temalaryndan çen tutýaryn.
    3. Kän o hakynda pikirem etmändirin.Bar gaýgym poçdamdan bellenen wagta çenli ugratmak boldy.
    4. Esasy ynam bilen tutanýerlilik gerekmikä diýýän.Her bir zatda. Ýöne men özümi ýalta görýän. Her gün bir zatlary ýazmany endik edinmeli.Iň bolmanda ýekeje setir. Ylham gelerine garaşmaly däl.
    5. Tötänden şahyr joram bilen tanyşan günüm.
    Ol gün men janly kitaplaryň arasyna düşüpdüm.Ynanýaňyzmy?..Hakyt janly kitaplar. Olaryň synçy nazarlary. Gürrüňleri, sadadan gelen sypaýy döredijilik söhbetlerini diňlemek bir gowy kitap okandanam beter duýgulary başdan geçirýän ekeniň.Hakyky ruhyňa has ýakyn adamlaryň bilen gabatlaşmak meni şeýle bir galkyndyrypdy, ruhlandyrypdy.Hawa ol aýda bir gezek geçirilýän Welaýatymyzdaky merkezi kitaphanada "Döredijilik birleşmesine" baran günüm.
    6.Şahsy durmuşymdan aýtsam men mugallym bolup işleýän.
    7.Söýgid-ä meni ýaşadyp ýören.

    Ýüregimden dömüp çykan setirlem
    Seň beýik söýgiňden gözbaş alandyr
    Yssy mähir bilen gurşalan dünýäm
    Sada duýgularmy yşka salandyr.

    8.Belli bir wagt-a aýdyp biljek däl. Ýöne ilkinji goşgymy 3-nji klaskam ýazypdym.
    Saçak ýazýan öňüne,
    Ejem işden gelende.
    Çaý demleýän içere,
    Ejem işden gelende.

    Sanap berýän bäşligim,
    Ejem işden gelende.
    Diýýär maňa ,,läligim"
    Ejem işden gelende.
    9. Iň gowy diýip çak edýänim "sazlaşyk" diýen goşgym bar. Şony gowy görýän. Köpülenç gaýtalap ýörün.
    10. Saýyty hasda gyzykly alyp barylsa Hiç hili göwne degişlik bolmasa. Agzybirlikde köp agzalar aktiw bolup ýaryşlar guralyp durulsa.
    11. Londan, Maskwa, Hindistany saýlardym.
    12. Men her gezek goşgy ýazamda ,,şu iň soňky goşgymdyr"diýýän özüme. Ýöne beýle däl ýaly wagt geçiberse goşgynyň täsirinden çykanyňdan soň ýene ýazmana başlaýan. Umuman gaty agyr ýol.Gaty köp ruhy azaplardan soň döreýä käbir goşgular. Ýazmak üçin hemme zat gerek. Zehin,gaty kän okamak,(haýsy zady nähili okaýşyňa bagly) irginsiz zähmetiň netijesi bilen höwes gerek.Durmyşdanam köp zat öwrenmeli.Döwürdeş şahyrlarymyzam köpüräk okamany maslahat berýän.Kämilleşmek üçin bolsa wagt gerek.
    13.Köp sag boluň! Sylap hormatlap söhbetdeş bolanyňyza.
    Jogap
  • Esma Esma off № 22 2 июня 2022 00:25
    Miss_minnosh,
    Köp sag boluň!
    Jogap
  • Esma Esma off № 23 2 июня 2022 00:27
    Nirvana
    Esma sizi tananyma şat! :)

    Menem şat joram! :) Gowy günleri gör diňe.
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 24 2 июня 2022 00:28
    Salam Esma! Işleriňize-de, döredijiligiňize-de üstünlik! Goşgularyňyzdan paýlaşyp duruň! Adyňyzy bilsek bolmazmyka?! :)
    Jogap
  • Esma Esma off № 25 2 июня 2022 00:41
    Bendtner,
    1) Klawiatura ýazýan.
    2) ..................
    3) Oskar
    4) Hiç zadam edemok. Birden "oýun etdik" diýýäýseler ... :)
    5) Men ördek görmedim-ä... :)
    5) "Rekis"atly awçarka güjügim bar
    6) Hawa ynanýadym. Aýazbabadan janly gurjak sagapdym.
    Jogap
  • Esma Esma off № 26 2 июня 2022 00:45
    senyorita.,
    Salam joram! Köp sag boluň minnetdar. Nesip bolsa paýlaşaryn.
    Adymymy.........
    Gaty görmek ýogy :)
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 27 2 июня 2022 00:49
    Esma
    senyorita.,
    Salam joram! Köp sag boluň minnetdar. Nesip bolsa paýlaşaryn.
    Adymymy.........
    Gaty görmek ýogy :)


    Hoool mowzukda-da ýeñijileri gutlapdym. Aýratynam gutlaýan!
    Zyýany ýok :). ( Adyňyzy köp nokat diýip belläp goýaýsammykam) ;))
    Jogap
  • Esma Esma off № 28 2 июня 2022 00:50
    Гость,
    Garşydaşymyň jany sag bolsun! Döredijiliginde diňe üstünlikeri arzuw edýärin. Şahyr kalbyndan syzylyp çykan goşgularynyň höwrü köp bolsun.
    Jogap
  • Esma Esma off № 29 2 июня 2022 00:56
    senyorita.,
    Minnetdar! Taňryýalkasyn.
    Uzagyndan bilersiň-le joram adymam. Köp nokat goýma Esma diýäý. Iň bolmanda :))
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 30 2 июня 2022 01:03
    Esma,
    Bolýa. Oýun etdim :))
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler