Agzalar barmysyňyz! Bar bolaweriň. Eger dünýä meşhur şahsyýetler islenene agza bolup mowzuk açanda olara agzalar tarapyndan nähili kommentler goýulardy. Geliň göz öňüne getireliň!
@Galileo Galileý: Men saýtdan gidýärin. Ýer aýlanýar diýenim üçin maňa ölüm jezasyny berdiler, hemmäňiz sag boluň.
@khanture: seni öňräk öldürmelidiler, ýer tegelek diýdiň, togalak diýdiň, tekiz ýeri nämelere meňzetdiň.
@Ahmedik97: dost şul agzada sakalyny sallap aldamaza, dogrudanam şol birazajygam bolsa aýlanýan bolaýmasyn.
@khanture: ýo bu ýaşogyň kellesi aýlanýar.
@anonim: ýer aýlansa biz nädip ýykylmany durýakak?
@Kriştianu Ronaldu: Agzalar men Mançester Ýunaýtede geldim. Täze klubymda üstünlik arzuw ediň.
@Mähek: Ogulşirin sen maňa d.äli diýipsiň, dakazat et hany, gel, haçan gördüň d.äliligimi?
@Kriştianu Ronaldu: men Ýunaýtedde agzalar.
@Mähek: Ýürege düşdüňaý Ronaldu senem, meň agalarymyň hemmesi ýokary wezipede, organda işleýär, topuň, sopuň bilen ýoguňa ýanaryn.
@Senýorita: Nirä gelseň şoňa gel, ýöne Liwerpula gol uraýsaň gözüňi oýaryn.
@Hiaýress: Senem bir ärde durmadyňaý, oňa geldiň, muňa geldiň.
@Kerim Gurbannepesow:
Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat,
Çykjak bolaýsada bermen rugsat,
Gursagmyň üstünde gürsüldäp gursak,
Keteniň içinde gyzyl köz wagtyň.
@Hiaýress: aý ýaşuly, garaz işiňi bitiripsiňdä.
@anonim: howwalaý bu bize seýilbagda ogşaşýaňyz, zat diýip özi toraňňylaň arasynda gürsüldeşip ýören eken.
@Pegas: agzalar, bu şahyr poeziýamyzyň sütünleriniň biri, oňa sylaşygy ýitirmäň.
@Dani: Pegas tarapyny tutýaň welin, senem toraňňylykdan gelýäň öýdýän.
@Isaak Nýuton: kelläme alma gaçdy agzalar, diýmek ýerde dartyş güýji bar bolmaly.
@Hiaýress: seň kelläňe kerpiç gaçsa-da düzelmeýäň.
@anonim: howwa, biriňiz ýer aýlanýar diýiň, biriňiz bir zat bizi çekýär diýiň, garaz bir zatlar tapyň.
@anonim: Nýuton sen beň çeken bolaýma?
@Joan Rouling: Men täze kitap ýazdym, Garri Potter diýip, okarsyňyzda.
@Bilgirje: Kitabyňy okamadym, ýöne bir tiýne gymmat.
@Joan Rouling: Okamany nirden bilýäň nähilidigini?
@Bilgirje: Howwa kitap ýazdyň, taň etdiň, näme indi saňa şah çykdymy?
@Ýuliý Sezar: Şu Kleopatra gowuja zadaý.
@Hiaýress: hakykylaý Sezar, nomerini beräýdä.
@Kelleagyryk: her kim edenini görýär, ekenini orýar, bu durmuş bir synag meýdany...
@Ýuliý Sezar: Eý waý, näme diýýäraý bi..
@Kelleagyryk: durmuşda her bir ynsanyň ömri..
@Hiaýress: Senem teswir ýazýaňmaý dost.
@Kelleagyryk: wiý muny tema edip açjakdym, başga ýere ýazyp oturan ekenim.
@Bendtner: Sezar aga wkusyňa söz ýok.
@Ahmedik: Şulam öz ganj. reklama edip geçýädä.
@Dantes: Puşkini atdym.
@anonim: Haladym ýetirip dur, döredijiligiňizde üstünlik.
@Hiaýress: Nämesini haladyň, bir bendäni atdym diýýä.
@anonim: agzalar Puşkin itiň adymy ýa pişigiň?
@Robinzon Kruzo: Eger Siz ýabany adanyň gözelliklerinden lezzet almak isleseňiz meniň you tube kanalyma ýazylyň.
@anonim: sakalyňy bir alaýmalyda dost, ýaman kirli görünýäň.
@Hiaýress: adada ýeke özüň nädip oňuşýaň?
@Ahmedik: şo gidişiň gidiş boldy öýdýän seň?
@Gektor Troýa: Agzalar! Söweşde ýalňyşyp Ahillesiň jigisini öldüripdirin. Olam indi öýe gelip: Gektor, Gektor diýip gygyryp dur, näme etsemkäm?
@Hiaýress: Etjegiňi edipsiň dost, indi galanyny Ahilles eder.
@Baýker: Prokuratura jaň edäý dost, kömek ederler.
@Dark Wolf: Erkek ýaly, ýalňyşyp öldüripdirin diýseň dogry düşüner.
@anonim: öýde ýok diýdiräýsenaý dost.
@Spartak: Agzalar. Size bu gün köşkde näme edenimi aýdyp bereýinmi?
@FanB: Bilýäs näme edeniňi.
@Spartak: nirden bilýäňiz?
@FanB: kinoňy gördügä?
@Kançita Wurst: Men Türkmenistana geldim, menem araňyza goşaýyňda.
@Massimus: Sen bir gelme Türkmenistana. Öňem gün-günden ownap barýan, üýtgeşik zat görse şoňa meňzejek bolýan, gybat etmeli bolsa aýallara toba diýdirýän, gaşyny ütüp, ýüzüne krem çalyp, dodagyny boýap ýören käbir ýigitlerimiz saňa meňzemeginden gorkýas. Eý ýigitler, ýigitmisiňiz? Onda gaýrat ediň, birazajygam bolsa ýigit bolalyň!
Eger meşhur şahsyýetler islenende mowzuk açanda bizden nähili kommentler alardy?
Sorag-jogap,
Massimus
tarapyndan
3-06-2022, 03:00