Giç ýagşy, agzalar. Sizi saýtymyzyň iň aktiw agzalary bilen ýakyndan tanyşdyrmagy dowam edýäris. Göçme studiýamyz bu gün Hiaýress agzanyň agzybir ojagynda myhmançylykda. "Massimus production" karz alan puluny sorap barsaň müň bahana tapyp özüňi utandyrýan we üstesine ýene pulam sorap alyp galýan dili süýji agzalardan goranmagy öwretmek edarasy bu bäsleşigi gurnar. Düzgünlerimizde üýtgeşme ýok. Siz Islemeýän soraglaryňyzy jogapsyz goýmak hukugyna eýe! Ýör maestro.
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Nikiňiziň manysy näme (Şundan gowy nik tapmadyňmy?).
3. Saýtdan bir gyza öýlenmeli bolsaňyz haýsy agzany saýlardyňyz?
4. Beýle energiçny, dinamiçny we @kelleagyryk agzaň pikiriçe simpatiçny bolmagyňyzyň syry nämede?
5. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
6. Näme üçin saýta täze gelen käbir agzalaryň göwnüne degmegi halaýaňyz?
7. Futbolçy bolan bolsaňyz haýsy toparda oýnardyňyz we gol ursaňyz nädip bellärdiňiz? (nähili hereket ederdiňiz).
8. Gyzlaryň söýgi meselesindäki aktiwligine nähili garaýaňyz?
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Saýt barada 1 bent goşgy ýazmaga synanyşyň.
11. Size biwepalyk edip gördülermi?
12. Şu ýerden islen futbolçyňyza salam ýollamak mümkinçiligi bar. Kime, nähili salam ýollardyňyz?
13. Goý Siziň janyňyz sag, görjegiňiz gowulyk bolsun. Saýtymyzyň iň şadyýan agzalarynyň biri bolup galyň.
14. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!
Geliň tanyşalyň?! Dinamiçny Hiaýress bilen...
Sorag-jogap,
Massimus
tarapyndan
4-06-2022, 06:22