PIKIR DERÝASY
Kenarynda mesgen tutdum bu derýaň,
Bolsadynyň baglaryny ekdim-de.
Kiçijek, içine giň dünýä sygjak,
Hyýalymda bir öýjagaz dikdim-de,
Käte arzuw ummanynda azaşyp,
Ýitip giden böleklermi tapmasam,
Balykçy mysaly çeňňegim oklap,
Bu derýadan öz-özümi topladym.
Bu derýada ýüzüp ýören pikirlem
Iri-külke, käte altyn balykdy.
Käte bolsa düşüp gara girdaba,
Urundy jan suwsuz galan balyk deý.
Şonda meni halas eden girdapdan
Adamlar däl, ol keremli Halykdy.
Sebäbi bu derýa meň dünýäm üçin
Adamlardan alysdaky şalykdy.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
9 комментариев