Salam Nirvana!
-Salam. Gowumy ýagdaýyň?
Gowy, özüň nähili?!
-Alhamdulillah, gowy ýagdaýym.
Boş bolsaň azajyk söhbet edeli.
-Başüstüne! Näme hakynda bolsun söhbetimiz?
Aý, ýene şol öňki temamyz bolan Islenen saýdyndan dowam edäýeli.
-Ýeri, bolýar. Başlaber.
Sen soratman aýdyp beräý şol saýt we saýtdakylar barada.
-Aha, onda içimden gelşi ýaly näme aýdasym gelse aýdyberjek.
Elbetde, diňleýän.
-Arada ýaryş geçirdik. Sag bolsunlar, atlaryny tutduryp gatnaşjakmy, gatnaşaý diýip gatnaşdyrsagam gatnaşdylar. Agzajanlaram elleri, göwünleri açyk-da. Näme-de bolsa ýazmak mugt, 5 bal diýip ýazanyma görä jübimden 5 manat çykanok diýip, eçilip beripdirler 5 baldan 4 baldan. Öz saýlawlarynyň netijesinde sag-aman ýeňijileri belli edip tamamladyk ol ýaryşy. Ine ertesi başlandyra bir tutdawaslyk. Aňyrdan @Ykbal agza ylgap gelip: “Nirvana adalatsyzlyk etdi, men eýt diýdim etmedi, beýt diýdim beýtmedi. Ahyry oňa kelle agyrdanymdan gideýin işimdäki işiň gaýgysyny edeýin. Nätjek-dä buda ýazgydymda bardyr. Ýazgytdaky zat näçe aýtsaňam üýtgemejek eken” diýip içine salyp, diýjeklerini kellesinde jemläp, eljagazlary bilen ýazyp-ýazyp gitdi. Ondan bir gün öňem “Nirvana seň adalatyň ýaly adalatly adam görmedim” diýip meni ýerden göge galdyrypdy. Ertesi gün bolsa, ol sözleri bilen gökden büdredip-südredip yzyma çekip ýere taşlady oturyberdi. Maňa düzgüni bozýaň diýýär. Men ýaryşyň şertlerinde agzalaryň ýazan bahalaryny awtory bilen paýlaşjak diýip söz bermändim. Eger paýlaşjak diýen bolsam, hökman paýlaşardym. Soň maňa “Köşeş, nerwi öýjükleriňi öldürersiň” diýip, hamala üstümden gülýän ýaly teswir ýazypdyr. Men 4-5 teswir ýazyp çykyp gitdim. Gelsem, nerwi öýjüklerini öldürip birgiden teswirler ýazan özi eken. :)

(“Gyz bilen oglan deňhukukly bolsa, gyz näme üçin ýaşmakly gezýär?” diýip sorag beripdiň sen. Okap gülüpdim. Maňa duýgudaşym diýibem ýazypsyň. Menem seni başda saýda täze giren wagtlarym pikirdeşim öýdipdim. Emma soň-soňlar seredip otursak, pikirlerimiz düýbinden gabat gelenok. Menem sen ýaly bilesigeliji ýöne, men senden tapawudym, öz islän jogabymy almasamam, garşymdakyň pikirine hormat goýýan. Pikirleriňi durlasaň, senden gowy adam ýok. Senem kämilleşersiň nesip bolsa. Seň adamçylygyň gowy.)

Ine, seret 4 aý öňem şoň bilen pikirlerimiz gabat gelenok eken. Saňa ters hereket edenlere, pikirleriňe garşydaş pikirlilere bolan garaýşyň şol bada 180 gradus üýtgeýär eken. Adamçylygyň gowy diýäýmesem, başga näme diýjegimem bilemok.

@Bolup biler, Senem biraz öwünjeň we gepçi diýäýmeseň, gaty gowy ynsan. Men bir zat barada pikirlenip, gel şony şu gün mowzuk edip açyp, agzalar bilen pikir alyşaýynla diýip girsem, sen meň pikirimdäki mowzugy açyp, teswirlerini dolduryp oturansyň. Men saňa pikirdeşmi diýeýin ýa göwündeş?! Her ikisem bolsa, sen meň göwnüme ýaraýaň. Ýöne maňa wagtynda jogap bermän, gidip başga agzalara jogap berşiňe, olar bilen gülşüp-degişip, hatyňa gysylman ýazyşyp, maňa şol 2 minudyňy we 0.5 mgb dözmeýşiňe azajyk gaharlanjagam bolýan. Soňam özüme giňlik diläp, üns bermänjik çykyp gaýtýan.



@Sinýus agza diýip täze agza geldi saýda. Bolan bolsa 2 aý bolandyr. Özüni tanatdy, tüweleme. Ýazyp bilse bolýar, agzalar oň blogynda jemlenýär. Öňä maňa duýguçyl diýýärdi. Indi gaharly diýip başlapdyr. Hawa-da öň her teswirimiň yzyndan :) şu belgijigi goýup ýazamsoň, hiç kim meň gaharlydygymy bilip bilenok. Ol belgijigi zerur bolmasa kän ulanmazlyk kararyny aldym. Näme üçin diýseňiz, 2 hepde öň otta mekdebe gitdim. Ana şonda okuwçylar bilen gülşüp-degişip otyrdyk. Olaryň şatlykly dünýäsine ýylgyrmazça-da däl. Şol wagt maňa biri poçtadan ýazýar. Menem her sözlemine ???????? şu smaýlikler bilen jogap berdim welin: “Özüňizem şilkik bolupsyňyz, biriniň nerwisini daşdeşen ýaly çokjalasaňyz begenip şilkilleýäňiz” diýäýdi. Menem şol smaýlikler şilkikligiň alamaty bolýan bolsa, onda men saýtdakylara şilkerip gezipdirin-dä bu wagta çenli, indi gowsy şilkildemäýin diýip kän ulanmagy azaltdym. Ýöne maňa hernäçe sözler diýselerem men gaharlanamok, özüme gerejik ýerini alyp, gerekmejek ýeri üçin nerwi öýjüklerimi öldüremok.

@OkAy diýip bir agza-da didaryny görkezip gidýär 2-3 günde bir gezek. Şol agza teswir ýazanda göwnejaý, ýerlikli ýazýar. Ýazmak diýseň, ýazyp bilýär, çekmek diýseň, ökde çekýär, okamak diýilsä, nigindäki atdan belli bolşy ýaly has gowy okap, gowy netije çykarýar. Oýlanmalaryny okasym gelýär diýip öňem duýdurypdym, ýene duýdurýan. OÝLANMALARYŇYZY PAÝLAŞYŇ!

@Köpetdag agza sizem arasynda jyklap gidýäňiz. Iň soňky gezek “ Pul gazanmak isleýäñizmi? Örän añsat we örän ýeñil!” diýip mowzuk açypdyňyz welin, näçeräk gazandyňyz? Gazananyňyzdan eçilersiňiz-ä :) Menem zatdan artamok-da. Degişýän, gelen wagtyňyz baý tejribeleriňizden, gymmatly sözleriňizden, öwütleriňizden paýlaşyp gidiň. Iň bolmanda şujagaz “Utançsyzlar diýsänim....” sözüňizi ýazyp gitseňizem bolýar.

@reýis agza senem bir agzaň “Her mowzuga teswir ýazyp çykýaň. Ýaltanaňokmy?” diýeninden bäri az ýazýaň. Ýa çyndanam ýaltanyp başladyňmy?
Näme diýselerem, näme diýseňem sen gowy. Ýazyber, sen ýazaýmasaň ýazjagam ýok şol teswirleri.

@sega agza, senem şu bloga gelmeli adamlaryň gelmeýänine gaharym gelýär diýipsiň. Men özüme ýüzlenilip ýazylanyna-da baryp bilmedim. Ol bloga barmak zerurlygy duýmadym. Bar diýjegim “Gowy ýazypsyň!“ sözi bolardy.

@begzada agza size-de bir çäklendirme getirenimizden soň hiç zat ýazaňzok. Ýene öňkiňiz ýaly biz barada häsiýetnamalar ýazsaňyzlaň. Uzyn edip ýazýan teswirleriňizi 2 günde küýsedim.

@rabiýa agza senem ýuwaşapsyň, öňkiler ýaly sögüşeňok. Saňa gelişjek häsiýetä däl bu. Hany, özüňe gel.

@atamyzdan uly, senä durşuň bilen gülki. Mundan ozala seni çyk diýibem çykaryp bolanokdy saýtdan. Indi seýrek gelýäň. Indiki geleňde gülkileriň bilen bileje gelgin.

@ File, “Sen meni başga birine meňzedip mowzuklaram açýardyň. Men barada gowy söz ýazypdyr bir agza, şu wagt adam ýadyma düşenok. Olam köne ertiriň agzalaryndan biri eken. Menä tanamok. Senem ol sözi okap, özümi özüm öwýän ýaly edip teswir ýazypsyň. Ýene bir gün “Agşam biriniň 41-nji niki talyplarda 42-nji nikini çagyryp blog açdy, soňam pozdy” diýipsiň. Ýene bir gün saýda girmäge elim degenok diýsem, “halamaýan pişelerim, ýalana bolamok” şeklinde mowzuklar açypsyň. Akyl gyz men seň pikir edýän ynsanyň däl. Seň pikir edýän ynsanyňy men hiç tanamok. Bu zatlary men göwnüme alandygym üçin ýatlamadym, diňe özüňi bu ýazgydan tanamagyň üçin ýazdym. Men barada nähili pikir edýänem bolsaň pikiriňe hormat. Men seni gowy görýän. Senden meni gowy görmegiňe garaşamok. Ýöne men başga biri däldigimi saňa duýdurmak isledim.”
Ýadyňa düşýärmi şu?!
Ahyry meni duýup başlapsyň öýdýän. Seň bilen düşünşip başlanyma diýseň şat. Indi bir meni başga birine meňzedäýme. Men çaga-da diňe bir ýüz bar. Sam’syklygam, akyllylygam şol ýüzümde jemlenen. Içim-daşym bir meň.


Garaz, şu gün öz-özüm size ýüzlenip ýaňrasym geldi. Entek diýjeklerim, ýüzlenjeklerim kän. Olaram okuwdan gelsem dowam ederin.
Gelýänçäm 25 sany disslike gaýrat ediň. Sebäbi, siziň bu göwnüňize ýaramajagyny bilip ýazdym. Men şeýdip boş gürläýmesem, menden başga boş gürleýänem ýok şu saýtda.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 7-06-2022, 13:20

  • Mümkin Mümkin off № 1 7 июня 2022 13:54
    Men öwünjeñ däl (mikäm-ä diýýän),birem şol gysganýanymy hemmedenem gysganýan.
    Gaharjañ smaýlik.
    Jogap
  • SaDMaN SaDMaN off № 2 7 июня 2022 14:17
    Nirvana hanym sonky wagtlar biri gownunize degdi oydyan .onkiliginiz dal.Yarysdan son sheyle yagday saytda(
    Onsonam agzalaryn atlaryny okdelik bilen shifrovat edipsiniz welin @Mumkin agzadan galanyny tanamadym.
    Umuman aydanda agzalardan gaty gorman, size gelishjek dal eken tukat mowzuklary achmak...
    Jogap
  • SaDMaN SaDMaN off № 3 7 июня 2022 14:20
    Saytda aktiw bolmasam hem Myhman hokmunde her 10 minutdan gelip tazeje bloglary okap ,ozumce baha berip gidyan (teswirlere yazamok elbetde)
    Sizi bolsa yashuly (entak yash siz garratdyn diyayman,sylashyk ucin diydim:) psiholog, mugallym hokmunde tanayadym we hemise sheyle bolup galmagynyzy isleyan Nirvana hanym...
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 4 7 июня 2022 14:24
    SaDMaN,
    Köpetdag bilen Begzadadan galanyny tanadym. Logikañy ulansañ tanap bolýar.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 5 7 июня 2022 14:35
    Mümkin,
    @Begzada (@Keaip_begcon)
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 6 7 июня 2022 14:40
    Özüň sega.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 7 7 июня 2022 14:56
    Ykbalyñ - Ahmetligini diýsene :))
    Jogap
  • Esma Esma off № 8 7 июня 2022 15:24
    @OkAy şu agza kimkä?
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 9 7 июня 2022 15:40
    Esma,
    Mrokasmyka diýýän.
    Jogap
  • Esma Esma off № 10 7 июня 2022 15:45
    Mümkin,
    Hawa. Gowy oýlanmalaryny okapdym. Dogurdanam ýazanok şu günlerde.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 11 7 июня 2022 16:49
    Nirvana
    @Sinýus menmikäm diýip otyrdym, men däl öýdýän, saňa gaharly diýsemem, şilkik, pilkik diýmändim. Size hormatym çäksiz, göwnüňize degen bolsam bagyşlaweriň. Saýtda çyn ýürekden sylaýan az sanly agzalarymyň biri Siz...
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 12 7 июня 2022 16:53
    Massimus,
    @Sinýusa "Şilkik"diýdiñ diýenok.Başga bir agza "şilkik"diýeni üçin ":)" belgini goýamok.@Sinýusam maña gaharly diýdi diýýä.
    Siz bolmaly şol Sinýus.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 13 7 июня 2022 17:42
    Mümkin
    Men öwünjeñ däl (mikäm-ä diýýän),birem şol gysganýanymy hemmedenem gysganýan.
    Gaharjañ smaýlik.


    (:
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 14 7 июня 2022 17:44
    SaDMaN
    Nirvana hanym sonky wagtlar biri gownunize degdi oydyan .onkiliginiz dal.Yarysdan son sheyle yagday saytda(
    Onsonam agzalaryn atlaryny okdelik bilen shifrovat edipsiniz welin @Mumkin agzadan galanyny tanamadym.
    Umuman aydanda agzalardan gaty gorman, size gelishjek dal eken tukat mowzuklary achmak...


    Men özüm bilen sögüşdim, şondandyr…
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 15 7 июня 2022 17:44
    SaDMaN
    Saytda aktiw bolmasam hem Myhman hokmunde her 10 minutdan gelip tazeje bloglary okap ,ozumce baha berip gidyan (teswirlere yazamok elbetde)
    Sizi bolsa yashuly (entak yash siz garratdyn diyayman,sylashyk ucin diydim:) psiholog, mugallym hokmunde tanayadym we hemise sheyle bolup galmagynyzy isleyan Nirvana hanym...


    Minnetdar! Ýa nesip…
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 16 7 июня 2022 17:45
    Pegas
    Özüň sega.

    Meň kimdigim ýokarda “Nirvana” atdan bellidir-ä?!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 17 7 июня 2022 17:46
    Esma
    Mümkin,
    Hawa. Gowy oýlanmalaryny okapdym. Dogurdanam ýazanok şu günlerde.


    Şol şo bolsa, indi ýazar. :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 18 7 июня 2022 17:47
    Massimus
    Nirvana
    @Sinýus menmikäm diýip otyrdym, men däl öýdýän, saňa gaharly diýsemem, şilkik, pilkik diýmändim. Size hormatym çäksiz, göwnüňize degen bolsam bagyşlaweriň. Saýtda çyn ýürekden sylaýan az sanly agzalarymyň biri Siz...


    Minnetdar! “Şilkik” diýen siz däl, başga biri. Şolam şeý diýen bolsa ugrunda bardyr.
    Jogap
  • Michael Michael off № 19 7 июня 2022 17:56
    @Mümkin --} @Bolup biler

    ?
    Jogap
  • SaDMaN SaDMaN off № 20 7 июня 2022 18:00
    Nirvana,
    namede bolsa onkiliginize dolanjak bolun ,gayrat edin
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 21 7 июня 2022 18:02
    SaDMaN
    Nirvana,
    namede bolsa onkiliginize dolanjak bolun ,gayrat edin

    Näme üçin diýsem, näme diýersiň?!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 22 7 июня 2022 18:03
    Michael
    @Mümkin --} @Bolup biler

    ?


    Berekella!
    Jogap
  • Michael Michael off № 23 7 июня 2022 18:04
    Indi ýaryş gurnasaňyz, teklibim bar. Ýaryşyň adyna "Üç sany agyr kesel: Sowatsyzlyk, Gorky, Bahylly" ýada "Halkyň aňy ukyda...olary oýarmak gerek" goýup şuňa degişli makala ýazmakda gurnasaňyz :)
    Jogap
  • Michael Michael off № 24 7 июня 2022 18:06
    Nirvana,
    [
    u]Berekella[/u]

    iň gülkünji bolupdyr :))
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 25 7 июня 2022 18:06
    Niwana hanym SaDMaN,
    agzanyň aýdyşy ýaly, gowy häsiýetleriň bar, seniň ýaly bolsam diýip (ýaşym ulam bolsa) şeýle bir baha berýän, bu göwniçökgünligiň saňa gelişenok
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 26 7 июня 2022 18:09
    Michael
    Indi ýaryş gurnasaňyz, teklibim bar. Ýaryşyň adyna "Üç sany agyr kesel: Sowatsyzlyk, Gorky, Bahylly" ýada "Halkyň aňy ukyda...olary oýarmak gerek" goýup şuňa degişli makala ýazmakda gurnasaňyz :)


    Bäh, seňem içiňe salan zatlaryň az däl ýaly. Şol temany saňa berip, senden bir makala okasak nähili bolar jenap Michael?!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 27 7 июня 2022 18:09
    Michael
    Nirvana,
    [
    u]Berekella[/u]

    iň gülkünji bolupdyr :))


    Gülen bolsaň minusyňy bas.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 28 7 июня 2022 18:10
    Remezan
    Niwana hanym SaDMaN,
    agzanyň aýdyşy ýaly, gowy häsiýetleriň bar, seniň ýaly bolsam diýip (ýaşym ulam bolsa) şeýle bir baha berýän, bu göwniçökgünligiň saňa gelişenok


    Şol häsiýetler haýsy häsiýetler?
    Daşymdan göwniçökgün ýaly görünýänmi men?
    Jogap
  • Michael Michael off № 29 7 июня 2022 18:11
    Nirvana,
    Gülen bolsaň minusyňy bas.

    Ýenede güldürdiňiz sizä ?

    Näme üçin aýratyn minus diýdiňiz???
    Gaýta-gaýta gülenim üçin (+) basmaly welin...(entäk zat basmadym)
    Islegiňi kabul edeýin al onda minus :))
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 30 7 июня 2022 18:15
    Nirvana
    Remezan
    Niwana hanym SaDMaN,
    agzanyň aýdyşy ýaly, gowy häsiýetleriň bar, seniň ýaly bolsam diýip (ýaşym ulam bolsa) şeýle bir baha berýän, bu göwniçökgünligiň saňa gelişenok


    Şol häsiýetler haýsy häsiýetler?
    Daşymdan göwniçökgün ýaly görünýänmi men?

    Edil şuwagtky mowzugyň göwniçökgün ýaly duýulýar, gowy häsiýetleriňi aýdaýynmy? agras, salyhatly, psiholik, rahat, optimist, akkylly, şadyýan, pedagoga gelişýän terbiýe beriji, sänasaň kän....
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler