Salam Nirvana!
-Salam. Gowumy ýagdaýyň?
Gowy, özüň nähili?!
-Alhamdulillah, gowy ýagdaýym.
Boş bolsaň azajyk söhbet edeli.
-Başüstüne! Näme hakynda bolsun söhbetimiz?
Aý, ýene şol öňki temamyz bolan Islenen saýdyndan dowam edäýeli.
-Ýeri, bolýar. Başlaber.
Sen soratman aýdyp beräý şol saýt we saýtdakylar barada.
-Aha, onda içimden gelşi ýaly näme aýdasym gelse aýdyberjek.
Elbetde, diňleýän.
-Arada ýaryş geçirdik. Sag bolsunlar, atlaryny tutduryp gatnaşjakmy, gatnaşaý diýip gatnaşdyrsagam gatnaşdylar. Agzajanlaram elleri, göwünleri açyk-da. Näme-de bolsa ýazmak mugt, 5 bal diýip ýazanyma görä jübimden 5 manat çykanok diýip, eçilip beripdirler 5 baldan 4 baldan. Öz saýlawlarynyň netijesinde sag-aman ýeňijileri belli edip tamamladyk ol ýaryşy. Ine ertesi başlandyra bir tutdawaslyk. Aňyrdan @Ykbal agza ylgap gelip: “Nirvana adalatsyzlyk etdi, men eýt diýdim etmedi, beýt diýdim beýtmedi. Ahyry oňa kelle agyrdanymdan gideýin işimdäki işiň gaýgysyny edeýin. Nätjek-dä buda ýazgydymda bardyr. Ýazgytdaky zat näçe aýtsaňam üýtgemejek eken” diýip içine salyp, diýjeklerini kellesinde jemläp, eljagazlary bilen ýazyp-ýazyp gitdi. Ondan bir gün öňem “Nirvana seň adalatyň ýaly adalatly adam görmedim” diýip meni ýerden göge galdyrypdy. Ertesi gün bolsa, ol sözleri bilen gökden büdredip-südredip yzyma çekip ýere taşlady oturyberdi. Maňa düzgüni bozýaň diýýär. Men ýaryşyň şertlerinde agzalaryň ýazan bahalaryny awtory bilen paýlaşjak diýip söz bermändim. Eger paýlaşjak diýen bolsam, hökman paýlaşardym. Soň maňa “Köşeş, nerwi öýjükleriňi öldürersiň” diýip, hamala üstümden gülýän ýaly teswir ýazypdyr. Men 4-5 teswir ýazyp çykyp gitdim. Gelsem, nerwi öýjüklerini öldürip birgiden teswirler ýazan özi eken. :)

(“Gyz bilen oglan deňhukukly bolsa, gyz näme üçin ýaşmakly gezýär?” diýip sorag beripdiň sen. Okap gülüpdim. Maňa duýgudaşym diýibem ýazypsyň. Menem seni başda saýda täze giren wagtlarym pikirdeşim öýdipdim. Emma soň-soňlar seredip otursak, pikirlerimiz düýbinden gabat gelenok. Menem sen ýaly bilesigeliji ýöne, men senden tapawudym, öz islän jogabymy almasamam, garşymdakyň pikirine hormat goýýan. Pikirleriňi durlasaň, senden gowy adam ýok. Senem kämilleşersiň nesip bolsa. Seň adamçylygyň gowy.)

Ine, seret 4 aý öňem şoň bilen pikirlerimiz gabat gelenok eken. Saňa ters hereket edenlere, pikirleriňe garşydaş pikirlilere bolan garaýşyň şol bada 180 gradus üýtgeýär eken. Adamçylygyň gowy diýäýmesem, başga näme diýjegimem bilemok.

@Bolup biler, Senem biraz öwünjeň we gepçi diýäýmeseň, gaty gowy ynsan. Men bir zat barada pikirlenip, gel şony şu gün mowzuk edip açyp, agzalar bilen pikir alyşaýynla diýip girsem, sen meň pikirimdäki mowzugy açyp, teswirlerini dolduryp oturansyň. Men saňa pikirdeşmi diýeýin ýa göwündeş?! Her ikisem bolsa, sen meň göwnüme ýaraýaň. Ýöne maňa wagtynda jogap bermän, gidip başga agzalara jogap berşiňe, olar bilen gülşüp-degişip, hatyňa gysylman ýazyşyp, maňa şol 2 minudyňy we 0.5 mgb dözmeýşiňe azajyk gaharlanjagam bolýan. Soňam özüme giňlik diläp, üns bermänjik çykyp gaýtýan.



@Sinýus agza diýip täze agza geldi saýda. Bolan bolsa 2 aý bolandyr. Özüni tanatdy, tüweleme. Ýazyp bilse bolýar, agzalar oň blogynda jemlenýär. Öňä maňa duýguçyl diýýärdi. Indi gaharly diýip başlapdyr. Hawa-da öň her teswirimiň yzyndan :) şu belgijigi goýup ýazamsoň, hiç kim meň gaharlydygymy bilip bilenok. Ol belgijigi zerur bolmasa kän ulanmazlyk kararyny aldym. Näme üçin diýseňiz, 2 hepde öň otta mekdebe gitdim. Ana şonda okuwçylar bilen gülşüp-degişip otyrdyk. Olaryň şatlykly dünýäsine ýylgyrmazça-da däl. Şol wagt maňa biri poçtadan ýazýar. Menem her sözlemine ???????? şu smaýlikler bilen jogap berdim welin: “Özüňizem şilkik bolupsyňyz, biriniň nerwisini daşdeşen ýaly çokjalasaňyz begenip şilkilleýäňiz” diýäýdi. Menem şol smaýlikler şilkikligiň alamaty bolýan bolsa, onda men saýtdakylara şilkerip gezipdirin-dä bu wagta çenli, indi gowsy şilkildemäýin diýip kän ulanmagy azaltdym. Ýöne maňa hernäçe sözler diýselerem men gaharlanamok, özüme gerejik ýerini alyp, gerekmejek ýeri üçin nerwi öýjüklerimi öldüremok.

@OkAy diýip bir agza-da didaryny görkezip gidýär 2-3 günde bir gezek. Şol agza teswir ýazanda göwnejaý, ýerlikli ýazýar. Ýazmak diýseň, ýazyp bilýär, çekmek diýseň, ökde çekýär, okamak diýilsä, nigindäki atdan belli bolşy ýaly has gowy okap, gowy netije çykarýar. Oýlanmalaryny okasym gelýär diýip öňem duýdurypdym, ýene duýdurýan. OÝLANMALARYŇYZY PAÝLAŞYŇ!

@Köpetdag agza sizem arasynda jyklap gidýäňiz. Iň soňky gezek “ Pul gazanmak isleýäñizmi? Örän añsat we örän ýeñil!” diýip mowzuk açypdyňyz welin, näçeräk gazandyňyz? Gazananyňyzdan eçilersiňiz-ä :) Menem zatdan artamok-da. Degişýän, gelen wagtyňyz baý tejribeleriňizden, gymmatly sözleriňizden, öwütleriňizden paýlaşyp gidiň. Iň bolmanda şujagaz “Utançsyzlar diýsänim....” sözüňizi ýazyp gitseňizem bolýar.

@reýis agza senem bir agzaň “Her mowzuga teswir ýazyp çykýaň. Ýaltanaňokmy?” diýeninden bäri az ýazýaň. Ýa çyndanam ýaltanyp başladyňmy?
Näme diýselerem, näme diýseňem sen gowy. Ýazyber, sen ýazaýmasaň ýazjagam ýok şol teswirleri.

@sega agza, senem şu bloga gelmeli adamlaryň gelmeýänine gaharym gelýär diýipsiň. Men özüme ýüzlenilip ýazylanyna-da baryp bilmedim. Ol bloga barmak zerurlygy duýmadym. Bar diýjegim “Gowy ýazypsyň!“ sözi bolardy.

@begzada agza size-de bir çäklendirme getirenimizden soň hiç zat ýazaňzok. Ýene öňkiňiz ýaly biz barada häsiýetnamalar ýazsaňyzlaň. Uzyn edip ýazýan teswirleriňizi 2 günde küýsedim.

@rabiýa agza senem ýuwaşapsyň, öňkiler ýaly sögüşeňok. Saňa gelişjek häsiýetä däl bu. Hany, özüňe gel.

@atamyzdan uly, senä durşuň bilen gülki. Mundan ozala seni çyk diýibem çykaryp bolanokdy saýtdan. Indi seýrek gelýäň. Indiki geleňde gülkileriň bilen bileje gelgin.

@ File, “Sen meni başga birine meňzedip mowzuklaram açýardyň. Men barada gowy söz ýazypdyr bir agza, şu wagt adam ýadyma düşenok. Olam köne ertiriň agzalaryndan biri eken. Menä tanamok. Senem ol sözi okap, özümi özüm öwýän ýaly edip teswir ýazypsyň. Ýene bir gün “Agşam biriniň 41-nji niki talyplarda 42-nji nikini çagyryp blog açdy, soňam pozdy” diýipsiň. Ýene bir gün saýda girmäge elim degenok diýsem, “halamaýan pişelerim, ýalana bolamok” şeklinde mowzuklar açypsyň. Akyl gyz men seň pikir edýän ynsanyň däl. Seň pikir edýän ynsanyňy men hiç tanamok. Bu zatlary men göwnüme alandygym üçin ýatlamadym, diňe özüňi bu ýazgydan tanamagyň üçin ýazdym. Men barada nähili pikir edýänem bolsaň pikiriňe hormat. Men seni gowy görýän. Senden meni gowy görmegiňe garaşamok. Ýöne men başga biri däldigimi saňa duýdurmak isledim.”
Ýadyňa düşýärmi şu?!
Ahyry meni duýup başlapsyň öýdýän. Seň bilen düşünşip başlanyma diýseň şat. Indi bir meni başga birine meňzedäýme. Men çaga-da diňe bir ýüz bar. Sam’syklygam, akyllylygam şol ýüzümde jemlenen. Içim-daşym bir meň.


Garaz, şu gün öz-özüm size ýüzlenip ýaňrasym geldi. Entek diýjeklerim, ýüzlenjeklerim kän. Olaram okuwdan gelsem dowam ederin.
Gelýänçäm 25 sany disslike gaýrat ediň. Sebäbi, siziň bu göwnüňize ýaramajagyny bilip ýazdym. Men şeýdip boş gürläýmesem, menden başga boş gürleýänem ýok şu saýtda.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 7-06-2022, 13:20

  • Michael Michael off № 31 7 июня 2022 18:15
    Nirvana,
    Bäh, seňem içiňe salan zatlaryň az däl ýaly. Şol temany saňa berip, senden bir makala okasak nähili bolar jenap Michael?!

    Ms Nirvana, bu ýaryşda men ýeňiji bolaryn. Şonuň üçin gatnaşmaýyn)))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 32 7 июня 2022 18:15
    Michael
    Nirvana,
    Gülen bolsaň minusyňy bas.

    Ýenede güldürdiňiz sizä ?

    Näme üçin aýratyn minus diýdiňiz???
    Gaýta-gaýta gülenim üçin (+) basmaly welin...(entäk zat basmadym)
    Islegiňi kabul edeýin al onda minus :))

    Bahyl ekeniň gyz…
    Jogap
  • SaDMaN SaDMaN off № 33 7 июня 2022 18:16
    Nirvana,
    onun name ucini bolmaz ,yone biri ejizlese kyn gune dushse maslahat ,goltgy berayjek yeketak psihologymyz sizdiniz .indi name? Gowsy kine saklamanda ozunizin yokary abray-hormatdan peydalanyan munberinize, arzyly ornunyza gecin Miss Nirvana
    Jogap
  • Michael Michael off № 34 7 июня 2022 18:17
    Nirvana,
    Bahyl ekeniň gyz…

    Adamlara ýaranyp bolmaz, soranyny berseňem "bahyl" bolýan ekeniň.
    Jogap
  • Michael Michael off № 35 7 июня 2022 18:19
    Nirvana,
    Bahyl ekeniň gyz…

    Sebäbi milletim türkmen
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 36 7 июня 2022 18:20
    Remezan
    Nirvana
    Remezan
    Niwana hanym SaDMaN,
    agzanyň aýdyşy ýaly, gowy häsiýetleriň bar, seniň ýaly bolsam diýip (ýaşym ulam bolsa) şeýle bir baha berýän, bu göwniçökgünligiň saňa gelişenok


    Şol häsiýetler haýsy häsiýetler?
    Daşymdan göwniçökgün ýaly görünýänmi men?

    Edil şuwagtky mowzugyň göwniçökgün ýaly duýulýar, gowy häsiýetleriňi aýdaýynmy? agras, salyhatly, psiholik, rahat, optimist, akkylly, şadyýan, pedagoga gelişýän terbiýe beriji, sänasaň kän....


    Wagtynda aýdylmadyk sözlerimi öz-özüm aýdyp ýazga geçirýän. Şu ýekelik meni däli etmese ýagşy. Içim gysan wagty şular ýaly boş gürläýmelerim bar. Indem “Nesilden-nesile Islenen” ady bilen bir zatjyk ýazaýmaly diýýän.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 37 7 июня 2022 18:21
    Michael
    Nirvana,
    Bahyl ekeniň gyz…

    Sebäbi milletim türkmen

    Boş gürlemesene men ýaly.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 38 7 июня 2022 18:22
    Michael
    Nirvana,
    Bäh, seňem içiňe salan zatlaryň az däl ýaly. Şol temany saňa berip, senden bir makala okasak nähili bolar jenap Michael?!

    Ms Nirvana, bu ýaryşda men ýeňiji bolaryn. Şonuň üçin gatnaşmaýyn)))

    Gatnaş, ýeňseň baýragyňy alarsyň.
    Dogrudanam, aýyň 10-a çenli men täze ýaryş gurnap bilýän, eger isleseňiz. Soň saýtdan uzaklaşmagym ahmal…
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 39 7 июня 2022 18:23
    Nirvana
    Remezan
    Nirvana
    Remezan
    Niwana hanym SaDMaN,
    agzanyň aýdyşy ýaly, gowy häsiýetleriň bar, seniň ýaly bolsam diýip (ýaşym ulam bolsa) şeýle bir baha berýän, bu göwniçökgünligiň saňa gelişenok


    Şol häsiýetler haýsy häsiýetler?
    Daşymdan göwniçökgün ýaly görünýänmi men?

    Edil şuwagtky mowzugyň göwniçökgün ýaly duýulýar, gowy häsiýetleriňi aýdaýynmy? agras, salyhatly, psiholik, rahat, optimist, akkylly, şadyýan, pedagoga gelişýän terbiýe beriji, sänasaň kän....


    Wagtynda aýdylmadyk sözlerimi öz-özüm aýdyp ýazga geçirýän. Şu ýekelik meni däli etmese ýagşy. Içim gysan wagty şular ýaly boş gürläýmelerim bar. Indem “Nesilden-nesile Islenen” ady bilen bir zatjyk ýazaýmaly diýýän.

    düşündim meniňem özümde şeýleräk oýlaanmalarym bar, bolsa bolmasa çyrşaşdyrýan, aý öýkeli bolmasaň örän şat, işiňdee üstünlik. ❤????
    Jogap
  • Michael Michael off № 40 7 июня 2022 18:24
    Nirvana,
    Boş gürlemesene men ýaly.

    Ýekäniň çaňy çykmaz-diýýärä
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 41 7 июня 2022 18:24
    SaDMaN
    Nirvana,
    onun name ucini bolmaz ,yone biri ejizlese kyn gune dushse maslahat ,goltgy berayjek yeketak psihologymyz sizdiniz .indi name? Gowsy kine saklamanda ozunizin yokary abray-hormatdan peydalanyan munberinize, arzyly ornunyza gecin Miss Nirvana


    Minnetdar, motiwasiýaň üçin! Nesip bolsa, özümi dürsäp ýene ýazyp başlaryn.
    Jogap
  • Michael Michael off № 42 7 июня 2022 18:26
    Nirvana,
    Gatnaş, ýeňseň baýragyňy alarsyň.
    Dogrudanam, aýyň 10-a çenli men täze ýaryş gurnap bilýän, eger isleseňiz. Soň saýtdan uzaklaşmagym ahmal…

    Temasy syýasy bolsa öňünden baýragymy beriň onda:)) (degişýän gatnaşjak däl)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 43 7 июня 2022 18:26
    Remezan
    Nirvana
    Remezan
    Nirvana
    Remezan
    Niwana hanym SaDMaN,
    agzanyň aýdyşy ýaly, gowy häsiýetleriň bar, seniň ýaly bolsam diýip (ýaşym ulam bolsa) şeýle bir baha berýän, bu göwniçökgünligiň saňa gelişenok


    Şol häsiýetler haýsy häsiýetler?
    Daşymdan göwniçökgün ýaly görünýänmi men?

    Edil şuwagtky mowzugyň göwniçökgün ýaly duýulýar, gowy häsiýetleriňi aýdaýynmy? agras, salyhatly, psiholik, rahat, optimist, akkylly, şadyýan, pedagoga gelişýän terbiýe beriji, sänasaň kän....


    Wagtynda aýdylmadyk sözlerimi öz-özüm aýdyp ýazga geçirýän. Şu ýekelik meni däli etmese ýagşy. Içim gysan wagty şular ýaly boş gürläýmelerim bar. Indem “Nesilden-nesile Islenen” ady bilen bir zatjyk ýazaýmaly diýýän.

    düşündim meniňem özümde şeýleräk oýlaanmalarym bar, bolsa bolmasa çyrşaşdyrýan, aý öýkeli bolmasaň örän şat, işiňdee üstünlik. ❤????


    Minnetdar, sizede ÜSTÜNLIK!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 44 7 июня 2022 18:27
    Michael
    Nirvana,
    Gatnaş, ýeňseň baýragyňy alarsyň.
    Dogrudanam, aýyň 10-a çenli men täze ýaryş gurnap bilýän, eger isleseňiz. Soň saýtdan uzaklaşmagym ahmal…

    Temasy syýasy bolsa öňünden baýragymy beriň onda:)) (degişýän gatnaşjak däl)


    Nirede bolduň şu wagta çenli?
    Jogap
  • Michael Michael off № 45 7 июня 2022 18:30
    Nirvana,
    Nirede bolduň şu wagta çenli?

    Köp ýerde :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 46 7 июня 2022 18:32
    Michael
    Nirvana,
    Nirede bolduň şu wagta çenli?

    Köp ýerde :)

    Beýleki niklerimde boldum diýjek bolduň gerek?!
    Jogap
  • Michael Michael off № 47 7 июня 2022 18:32
    Nirvana,
    Dilim gijäp bir teswir ýazasym gelýär welin, okap okan badyňyza pozsaňyz ýazaýyn?!
    Jogap
  • Michael Michael off № 48 7 июня 2022 18:33
    Nirvana,
    Sen has gowy düşünersiňiz
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 49 7 июня 2022 18:34
    Michael
    Nirvana,
    Dilim gijäp bir teswir ýazasym gelýär welin, okap okan badyňyza pozsaňyz ýazaýyn?!

    Ýaz hany.
    Jogap
  • Michael Michael off № 50 7 июня 2022 18:35
    Nirvana,
    Beýleki niklerimde boldum diýjek bolduň gerek?!

    Ýok, ýöne "boşmakloşka" , "goýunlyýew" diýip nik açynasym gelýär welin, onuň üçinem täze poçta açmaly bolar diýip ýörin
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 51 7 июня 2022 18:36
    Michael
    Nirvana,
    Beýleki niklerimde boldum diýjek bolduň gerek?!

    Ýok, ýöne "boşmakloşka" , "goýunlyýew" diýip nik açynasym gelýär welin, onuň üçinem täze poçta açmaly bolar diýip ýörin

    Şuny pozmalymy?
    Jogap
  • Michael Michael off № 52 7 июня 2022 18:37
    Yzam, öňem bar ýöne ýazmaýyn, howp astynda galmaýyn
    Jogap
  • Michael Michael off № 53 7 июня 2022 18:38
    Nirvana,
    Şuny pozmalymy?

    Şol teswirlerden aşagyny pozaý
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 54 7 июня 2022 18:38
    Michael
    Yzam, öňem bar ýöne ýazmaýyn, howp astynda galmaýyn

    Kelläň gursun! :)
    Jogap
  • Michael Michael off № 55 7 июня 2022 18:40
    Nirvana,
    Kelläň gursun! :)

    Aýtmasana, indi täze nickname açynaýsammykam ;))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 56 7 июня 2022 18:41
    Michael
    Nirvana,
    Kelläň gursun! :)

    Aýtmasana, indi täze nickname açynaýsammykam ;))


    Barybir taparlar seni, garaşyber.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 57 7 июня 2022 18:42
    Yzyny, öňüni meň şahsyma ugradaý ýa-da şu ýerde ýazsaň, soň pozaýyn.
    Jogap
  • Michael Michael off № 58 7 июня 2022 18:43
    Nirvana,
    Barybir taparlar seni, garaşyber.


    "Ýetip bilmersiň, tutup bilmersiň"
    By: Buratino
    Jogap
  • Michael Michael off № 59 7 июня 2022 18:45
    Nirvana,
    Yzyny, öňüni meň şahsyma ugradaý ýa-da şu ýerde ýazsaň, soň pozaýyn.

    ÝOK GYZ
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 60 7 июня 2022 18:47
    Michael
    Nirvana,
    Yzyny, öňüni meň şahsyma ugradaý ýa-da şu ýerde ýazsaň, soň pozaýyn.

    ÝOK GYZ


    Saňa-da başga diýýän sözüm onda: “Ters ugrat”.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler