Mämmet otagynda ýeke özi ýatyrdy, gözüniň gögüni elläp gördi, bolan wakalar edil film ýaly aňynda aýlanýardy. Ýok! Mämmet öňem goňşy obalara swidaniýa gidip, köp depilipdi. Bulam şolaň biri borda. Ýok! Ol 5 sany nätanyş "ýabany mahluklar" tarapyndan depilip durka biri ony halas edipdi. Ol kimkä? Adammyka ýa adamdan a-zanmyka? Oň ýüz keşbini doly ýatlap bilenokdy. Edil düýş ýalydy. Düýşümdirdä diýse gözi gök, huşum diýsede köp zat ýadynda ýok. Ol arassa howada özüni dürsemek üçin daşary çykdy. Howa ümsümlik, utanjaň şemal ýüzüni sowup mylaýym öwüsýärdi. Howwa, bu howany diýsene, "gyzy nädip yrmaly" diýen mowzugy okap, ýanyňa dünýäň iň näzli gyzyny alyp, oň bilen gyzykly hümmürdeşip, assadan ýöräp, özüňi obadaky iň görmegeý ýigit hasaplap (Şahruk han bol-a zaňňar), bir-birege gysmyljyrap süýji-süýji gürrüňler edip, soňam şol obaň gije ýatmaýan "ýarganatlaryna" tutulyp, ajy-ajy gürrüňler eşidip, ýüzüň bilen ýeňsäňi des-deň edip gaýtmaly howady.
Ol pikire çümüp oturşuna uka gitdi. Düýşünde ony nähilidir bir güýç göterip alyp barýar. Edil huş ýaly. Bir gözüni çalaja açdy. Dogrudanam ony göterip barýarlar.
-Eý, waýeý, kömek ediň diýip gygyrjak boldy, gygyryp bilenok, sesi çykanok. Eý Allam, bu näme boldugy, meni nirä alyp barýarlar, şeýdip ýaş başyma gidibermeli bormukam? Bu gözüňi iýip gelýän ýagtylyk näme? -Eşidýäňmi dost, kyn görmeseň şol spiçkäňi öçüräýdä (şoňa edebi köçe dilinde "spiçke" diýilýär, menem bilýän telefonyň ýagtylygyna "wspyşka" diýilýänini, gel akylly bolsaňam köpçülikden saýlanmalyla dost).
Mämmedi ýagty bir zadyň içine alyp girdiler. Bir topar nätanyş, haýsy obaň oglanlarykan, bir ýerdä gördüm bulary, ýa şol gaýraky "çeçen obaň" oglanlary hyrsyz diýýärdiler şolarmykan.
-Wiý ýadyma düşdi nirde görenim, kinoda, başga planetalylar bular. Meň günäm nämekä? Bar aýbym Keap biconyň düýnki mowzugyna plýus basanymmy? Men ony ýalňyş basdym-a, men dini mowzuklara goşuljak däldim, şu gezek bagyşlaweriň, haýyş edýän..
Mämmet görgüli bilýän, bilmeýän dogalaryny okap ugrady. Şol wagt BP-laryň (başga planetalylaryň) içinden ýüzi nurlurak biri (ýüzi gursun bularyň) şeýle diýdi:
-Muň sesini açyň gürleşeli. Mämmediň sesi açyldy. Ol şeýlebir begendi. Tas ýaňky mahlugy ogşapdy. -Boldy et Mämmedius, özüňi ele al, sen bizi tanan dälsiň, meň adym Genetikus, bizi seň kakaň Awenius ugratdy. Biz Sirius galaktikasyndan.
-Aý Siz ýalňyşansyňyzam diýdimlaý, ýalňyşypsyňyz Siz, men hiç hili ..dius däl, men Atageldi kürşigiň ogly Mämmet gara. Siziň gözleýäniňiz gaýraky obada bolaýmasa, zyýany ýok, tanamadyk sylamaz diýipdirler. Men gideýin onda, Sizem azara goýdum.
-Ýok Mämmedius, biz seni kiçiligiňden bäri tanaýarys, gorap gelýäris. Sen Sirius galaktikasynyň dolandyryjysy Aweniusyň mirasdüşer ogly. Kakaň Awenius garrady, ol ýerine seni goýmak isleýär.
-Ýo Siz düşünmediňiz, meni biri bilen çalyşýaňyz öýdýän, men ol diýýaniňiz däl, meň kakam çopan, özümem bir bezdelnik, meni gynamaň, goýberäýiň.
-Özüňi ele al Mämmedius, häzir biz seni kakaň ýanyna äkideris, ol saňa hemme zady düşündirer.
Biz ýaňky ýumurtga meňzeş zadyň içinde ýokary göterlip ugradyk. Ep-esli uçdyk öýdýän, ahyryn şäher ýaly bir zada baryp gonduk. Eddil kinolardaky ýaly, ösen dünýä, owadan binalar, owadan baglar we betnyşan adamlar (adamlar diýäýýän, olara näme diýjegimem bilemok). Ýöräp barýarys, hemmeler bize baş egip geçýär, men örän hormatly adamlar bilen barýan öýdýän. Genetikus:
-Olar Size tagzym edýär, hormatly şazadam. Olara baş atmak hökman däl, göni ýöräberiň. (Her baş egene kellämi kakyp: gurgunmyň, çagalar gowumy diýip gelýärdim gorkunjyma).
Ahyryn bardyk bir äpet köşgüň gapysyna. Gapy açyldy, içinden hasam gorkunç bir zat çykdy. Gelşine-de meni bagryna basdy.
-Wah oglum Mämmedius, gözümiň garasy, seni gujaklamaga zar boldum-a, seret Genetikus oglum edil özüme meňzäpjik durda.
-Howwa şahy Sirius, edil özüňiz. (Nätdiňaý, meni fotoşop edibem muňa meňzedip bolmaýar).
-Men saňa hemmesini başyndan gürrüň bereýin Mämmedius. Men toparym bilen ýere barlaga giden wagtym seň ejeňi gördüm, oňa aşyk boldum. Oňa özümi tanatdym. Biz halaşdyk, durmuş gurduk. Soň meň duşmanlarym seň ejeňi tanap oňa azar bermeginden gorkup, ony öz galaktikama alyp gaýtmakçy boldum. Ol göwnemedi, şol ýerde galdy we seň kakaňa durmuşa çykdy. Seň planetaňa howp abanýar. Ýowuz güýçler, Osirius galaktikasynyň basybalyjylary ýere hüjüm etmäge taýýarlanýarlar. Ýeriň geljekki ykbaly seň eliňde, saňa ynanýan, sen ýerem, siriusam gowy dolandyrjagyňa şübhäm ýok. Seň wagtyň az, tizräk söweşe taýynlan. Men saňa ýokary taýýarlykly kömekçi berýän. Indi bu gyz hemişe seniň ýanyňda bolar, taýynlanyberiň.
Eger ýeriň ykbaly meň elime galan bolsa, ýeriň dat gününe, hepde-de bir gezek goňşy oba gidip depilip gelýän oglana bu wezipe agyrrak dälmikä? Meň ýanyma ýene bir BP geldi. Oňa gyz diýdimi? Aý bularyň gyz ýa oglanlygyny nädip bilmelikä? (Ýerdäki ýaly tapawutly bolaýmala, kösenmez ýaly).
-Salam Mämmedius, sen doglanyň bäri bir sekundam sypdyrman, saňa gözegçilik edýän, men seni özüňdenem gowy tanaýan, seni mydama gorap gezdim. Saňa görünmek welin maňa gadagan edilipdi. Adym Aýris.
-Gorap gezdim (depilen wagtlarym nirdediň onda?), Aýris, HiAýris diýmekmi?
-Ýok, ýöne Aýris, Howwa Osiriusyň kellekeserlerinden gorap gezdim. Sen islenene nädip agza bolanlygyňy bilýäňmi?
-Aý, doly ýadyma düşenok, internetde ygyp ýörkäm, birden agza boldum oturyberdim.
-Sen birden agza bolmadyň, seni men agza etdim o ýere, biraz düşünjäň össün diýip, görýän welin peýdasy degmändir öýdýän. Wiý menem şo ýerde agza, ýöne şu Siziň grammatikaňyzy öwrenip bilmän geçdim.
-Siz haýsy agza?
-@Mähek!
-Hä grammatika..düşündim, asyl Siz Mähekmi? Siz meni şunça wagtlap gorap ýören ekeniňizdä, saýtda göwnüňize degen bolsam bagyş....
-Şu düşünjäň bilen senden gaty görer ýalam däl özi.
-Bir zat soraýynla Mähek, şunça wagtlap hemme wagt ýanymda bolan bolsaň, kä mahal agşam telefonda nauşnikli görýän kinolarymam gördüňmi?
-Howwa hemmesini.
-Gaty utandyrdyň şu wagt, aýdaýmalyda ýanyňda gyz maşgala bar diýip. Onsoňam Sizde neme nähili?
-Näme neme?
-Nemedä, söýgi-pöýgi, toý-poý, daýza-daýza, gaçdym-kowaladym, çaga-çuga. diýen ýalak ýagdaýlar.
-Näme maňa aşyk bolduňmy?
-Saňamy, ýogeý, ýöne soraýdym, senden gözümi aýryp täzeden seretsem zähräm ýarylýar.
-Biz onda söweşe taýynlanaýaly? Men birtopar plan düzdüm, haýsyny halasaň...
Goý bular öz planlary bilen galybersin. Indi habary kimden al, Osirius galaktikasynyň ganhor şasy Amadeusdan al...

dowamy bar...

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Massimus tarapyndan 8-06-2022, 14:23

  • Remezan Remezan off № 1 8 июня 2022 14:38
    ????? gowy bolupdyr, ine bu başga gürrüň užasam goş arasyna, ýöne komediýa bolsun
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 2 8 июня 2022 15:16
    Gowy! Molades!
    Başyndan gowam gelýädiň, kakdyrma, aýlama usuly bilen. Şony soňuna çenli saklajak bolaýda, agza atlaryny ulanman.
    Jogap
  • My life My life off № 3 8 июня 2022 15:23
    (Her baş egene kellämi kakyp: gurgunmyň, çagalar gowumy diýip gelýärdim gorkunjyma).
    ýogeý, ýöne soraýdym, senden gözümi aýryp täzeden seretsem zähräm ýarylýar.
    Shu sozler hasam gulkunc eken, gyzykly degishme bolupdyr.)))
    Jogap
  • Esma Esma off № 4 8 июня 2022 15:51
    Gowy hekaýa bolupdur.

    Sizde neme nähili?
    -Näme neme?
    -Nemedä, söýgi-pöýgi, toý-poý, daýza-daýza, gaçdym-kowaladym, çaga-çuga. diýen ýalak ýagdaýlar. :)
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 5 8 июня 2022 16:41
    Rigel,
    Älem-galaktika, saýýara-planeta
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 6 8 июня 2022 16:42
    Rigel,
    Sag boluň, muny ýöne owadan görüp goýaýdym doganym, bu ylmy mowzuk däl, ýöne degişmä ýakynrak bir zatlar..
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 7 8 июня 2022 16:46
    Rigelem üýtgeşik eken,
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 8 8 июня 2022 20:05
    Hemedany,
    Oň bilen 2-nji bölümde ýakyndan tanyşarys agam...
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 9 8 июня 2022 21:10
    Massimus
    Rigelem üýtgeşik eken,

    Rigel hem bir yyldyz orion yyldyz toplumynda. Sirius bolsa uly kopekde sirius asly iki sany gosha yyldyz sirius alfa ve beta.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler