Käbäm
Otyrsyň öňümde ak saçly ine,
Agtyklaň gygyrýar Ene-de Ene,
Biziň aramyzda köp ýaşa ýene,
Bize entek-entek gereksiň käbäm.
Ömür ummanyma küreksiň käbäm!
Bu gün ýaş toýuňy belleýäs üýşüp,
Ýakyn ýadyň geldi her ýerden süýşüp,
Saňa arzuw baryn otyrys diýşip,
Bize entek-entek gereksiň käbäm.
Durmuşuma derkar dereksiň käbäm!
Käbäm 53- yaşyň dolupdur ynha,
Gapyň märekeli seret gör hanha,
Asla bolmaz ýaly mähriňe tenha,
Bize entek-entek gereksiň käbäm.
Goşgym ýüregiňde ýer etsin käbäm!
Käbäm ýaş toýuňy gutlaýan menem,
Uzak ýaş dileýän jan saglyk bilen,
Seret Nowbaharyň huzurňa gelen,
Maňa entek-entek gereksiň käbäm.
Ýüregmi urdurýan ýüreksiň käbäm!
(Awtoryny bilemok bilýän bolsaňyz ýazaýyň)
Agtyklaň gygyrýar Ene-de Ene,
Biziň aramyzda köp ýaşa ýene,
Bize entek-entek gereksiň käbäm.
Ömür ummanyma küreksiň käbäm!
Bu gün ýaş toýuňy belleýäs üýşüp,
Ýakyn ýadyň geldi her ýerden süýşüp,
Saňa arzuw baryn otyrys diýşip,
Bize entek-entek gereksiň käbäm.
Durmuşuma derkar dereksiň käbäm!
Käbäm 53- yaşyň dolupdur ynha,
Gapyň märekeli seret gör hanha,
Asla bolmaz ýaly mähriňe tenha,
Bize entek-entek gereksiň käbäm.
Goşgym ýüregiňde ýer etsin käbäm!
Käbäm ýaş toýuňy gutlaýan menem,
Uzak ýaş dileýän jan saglyk bilen,
Seret Nowbaharyň huzurňa gelen,
Maňa entek-entek gereksiň käbäm.
Ýüregmi urdurýan ýüreksiň käbäm!
(Awtoryny bilemok bilýän bolsaňyz ýazaýyň)
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
1 комментарий