“Dileglerim kabul bolmaz”
Gam-gussalar gitmez boldy başymdan,
Şat bolup-da kalbym gülmez, nedendir?
Gije-gündiz ýalbararam Möwlama,
Dileglerim kabul bolmaz, nedendir?
Garşymyzda garly daglar dag bolar,
Çewre ýany reýhan güli bag bolar,
Eýi günde dosty-ýarlar çoh bolar,
Gamly günde dost tapylmaz nedendir?
Bu gezdigim Urummydyr, Şammydyr?
Başymdaky gussamydyr, gammydyr?
Kime eýgilik etsem, soňy kemmidir?
Bu gün salama-da gelmez, nedendir?
Garajoglan diýr, belaly başym,
Akdyrdym didämden gan bile ýaşym,
Gurbata çykamda ýamandyr işim,
Bu ömre gahr edip bolmaz, nedendir?
Garajaoglan
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет