MEN — RABYÝA
Hany, bir dileg ediler-ä!
Ol dilegem gudraty güýçli Mälik-ül Mülküň
Dergähinde kabul bolar
Ýa diläniňdenem has haýyrly
has gowsy bolar.
Men — Rabyýa!
Men — Rabyýa!
Elleri Arşa açylan
Ýöneldigim Tur dagydyr...
Ýöredigim...
Uçdugym...
On iki asyrlyk menzili
Bir sekuntda geçdigim...
Men — Rabyýa,
Nebsime dözdügim,
Hiç kime dözmedigim,
Gülden, Guşdan, Tikenden,
Çarkandakdan,
Ezizimiň Yzlaryny yzladygym...
Ýüzüm gülse,
Ýüregim aglap duranym,
Aýakýalaň pyýadalap,
Mele ýeriň arkasyny
torç etdigim...
Adyny gije-gündiz dilimde
ürç etdigim...
Elimde nä bolsa,
Ýalňyz Oň ýoluna bagş etdigim.
Men — Rabyýa,
Iň soňky ragbaty gaçyp,
Eziziň özünden özgäň
gullugynda durmaýan,
Mal-mülk näme, bar dünýäni
ýeke teňňä urmaýan,
Gündizlerne zikir eýläp
Gijelerne: “OL — YŞK” diýip samraýan,
Päklikden,
Dilegden,
Yhlas-Ynamdan,
gaýry mezhep bilmeýen,
Söýgüliň Yşkyndan kör bolup,
Firdews jenneti görmeýen,
Rabyýa — men,
başgasyna el sermeýen.
Elleriňi
Ýüregiňi giňden açyp,
Ruhuň uçup,
Gije ýarymdan agansoň,
hany bir gowy dileg ediler-ä,
ana, Şol Dileg.
Men — Rabyýa.
✏Suraý BABANYÝAZOWA
Ol dilegem gudraty güýçli Mälik-ül Mülküň
Dergähinde kabul bolar
Ýa diläniňdenem has haýyrly
has gowsy bolar.
Men — Rabyýa!
Men — Rabyýa!
Elleri Arşa açylan
Ýöneldigim Tur dagydyr...
Ýöredigim...
Uçdugym...
On iki asyrlyk menzili
Bir sekuntda geçdigim...
Men — Rabyýa,
Nebsime dözdügim,
Hiç kime dözmedigim,
Gülden, Guşdan, Tikenden,
Çarkandakdan,
Ezizimiň Yzlaryny yzladygym...
Ýüzüm gülse,
Ýüregim aglap duranym,
Aýakýalaň pyýadalap,
Mele ýeriň arkasyny
torç etdigim...
Adyny gije-gündiz dilimde
ürç etdigim...
Elimde nä bolsa,
Ýalňyz Oň ýoluna bagş etdigim.
Men — Rabyýa,
Iň soňky ragbaty gaçyp,
Eziziň özünden özgäň
gullugynda durmaýan,
Mal-mülk näme, bar dünýäni
ýeke teňňä urmaýan,
Gündizlerne zikir eýläp
Gijelerne: “OL — YŞK” diýip samraýan,
Päklikden,
Dilegden,
Yhlas-Ynamdan,
gaýry mezhep bilmeýen,
Söýgüliň Yşkyndan kör bolup,
Firdews jenneti görmeýen,
Rabyýa — men,
başgasyna el sermeýen.
Elleriňi
Ýüregiňi giňden açyp,
Ruhuň uçup,
Gije ýarymdan agansoň,
hany bir gowy dileg ediler-ä,
ana, Şol Dileg.
Men — Rabyýa.
✏Suraý BABANYÝAZOWA
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
1 комментарий