Salam hormatly poeziýa muşdagy!
Seniñ bilen poeziýa barada tegelek stoluñ başynda bolmasa-da,tegelek saýtyñ başynda pikir alyşaly :)
Bu gün poeziýany seniñ nazaryñdan synlamakçy.Munuñ üçin aşakdaky sowallara jogap bermegiñi haýyş edýärin:

1.Seniñ üçin poeziýa näme?
2.18-nji asyr türkmen şygryýetinden kimleri okaýarsyñ?
3.20-nji asyr türkmen şygryýetinden kimleri okaýarsyñ?
4.Döwürdeş şahyrlardan kimleri okaýarsyñ?
5.Şu wagta çenli okan şygyrlaryñ arasynda iñ lezzet alanyñ haýsysy?
6.Eger-de söýen kişiñe söýgiñi aýan etmek üçin bir goşgy saýlasañ bu haýsy goşgy bolardy?
7.Eger-de saña bir şahyr bilen söhbetdeş bolmak mümkinçiligi berseler kimi saýlardyñ?
8.Şu wagta çenli okan şygyrlaryñda gabat gelen kapyýalaryñ arasynda iñ haýran galdyrany haýsydy?
9.Okan şygyrlaryñda gabat gelen iñ delje tapyndyñ we meñzetmäñ haýsysy?
10.Gel,seniñ ýazmaga bolan ukybyñy barlaly.Şu setiriñ yzyny dowam et:
"Maña gül getirme,
getirme hergiz..."

Ine,soraglarym we haýyşym şulardan ybarat.Onda näme,söz senden.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Belki tarapyndan 21-06-2022, 09:23

  • nurmuhammet nurmuhammet off № 1 21 июня 2022 09:37
    Salam bagyslan hemmesine jogap berip bilemok.
    6. yone soyyan kisime gosgyny ozum yazdym.
    Jogap
  • Jeni Jeni off № 2 21 июня 2022 10:14
    Maňa gul getirme, getirme hergiz.
    Bolýar galdyrmasan, õzinsiz ýalñyz
    Senli umytlarym uzemok heniz
    Tüm gijelerime çyrag bolup gel
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 3 21 июня 2022 10:16
    Ilki bilen salam.
    1. Poeziýa - yzygider, akgynly, okalýan, belli bir kapyýa, forma esaslanan, okan mahalyň "ezýet" däl-de "lezzet" berýän, bir gezek okabam ganman ýene gaýta-gaýta okalýan (özüm-ä şeýle, eger gowy goşgy bolsa birnäçe gezek gaýtalap okaýan) şygyr bilen beýan edilýän duýgulary poeziýa hasaplaýaryn.
    2. Magtymgulyny.
    3. K.Gurbannepesowy, G.Ezizowy, H.Kulyýewi.
    4. M.Mätgurbanowy, A.Hanowy, S.Geldiýewi, S.Hommadowy, A.Garaýewany, G.Hanowany, M.Nurgeldiýewany.
    5. G.Ezizow: "Lermontow dueliň öň ýanynda".
    6. G.Ezizow: "Seni söýdüm, söýüp bir gez beýgeldim".
    7. Sizi saýlardym.
    8. ...Ýyllar soňra kalbym gozgan köne heň,
    Giň pursat döretdi ýürek dökmäge,
    Oýuňa gelmesin, ýazgarýar diýip,
    Aýby ýokdur, duşan bolsaň "Zöhräňe".
    Goşg-a bir gowy, üstesinede muny Mahym atly gyz ýazany üçin hasam duýgulandyrdy.
    9. Rugsat berseňiz ikisini ýazjak.
    1. A.Garaýewa:
    Eje, men bir ýola düşdüm,
    Adam ýok, ikijigimiz...
    Biris-ä öz gyzyň, eje.
    Birem — ogly ejesiniň.
    Şu goşguda özüni we söýen ýigidini ussatlyk bilen, ajaýyp görnüşde suratlandyryp bilipdir.
    2. M.Mätgurbanow:
    Eje meň kakama meňzäsim gelýär,
    Ýöne nirden tapjak saňa meňzeşi?!
    Bu setirlerde öýlenmäge wagty ýeten ýigidiň ejesine söýgisi, mähri duýulýar.
    10. "Maňa gül getirme,
    Getirme hergiz..."
    Kalbym aglar, güli ýolsaň zor
    bilen,
    Bu günäsiz päk gülleri öldürme,
    Söýgiňi subut et başga ýol bilen.
    Jogap
  • Belki Belki off № 4 21 июня 2022 10:58
    Del meñzetmeler diýeniñde Gurbannazaryñ

    "Geçen gün namaz deý bolmaýar kaza"

    meñzetmesi ýada düşýär.
    Soñ awtoryny bilmedigim bir meñzetme aklymda galypdyr:

    "Teniñe namazlyk ýapylan ýaly".
    Başga:

    "Şol pursadam çakyp gitdi ýyldyrym
    Göýä ikimizi surata alyp
    Goýjak ýaly sergisinde asmanyñ".
    (K.Rejebow)

    "Öz iliñde gymmatyñ ýok,gymmatyñ ýok şahyrym
    Öz iliñde gymmatyñ ýok,özge ýurduñ puly ýaly"
    "Öz iliñde gadyryñ ýok,gadyryñ ýok,şahyrym
    Öz iliñde gadyryñ ýok özge ýurduñ dili ýaly"

    (N.Rejebow)
    Şu goşguñ sözlerini ýalñyş aýdan bolmagym ahmal,bilýänler düzedäýsin.
    Aslynda,meñzetmäñ ussadydyr Nobatguly aga.Başga ýadyñyza düşen meñzetmeleri bar bolsa ýazyberiñ.

    Şulam hiç neneñ däl:
    "Söýüñ ynsan ogly şunça ýol geçip
    Sizden öñ söýüşip görmedik ýaly"
    (G.Ezizow).

    Tapyndylara mysallar:
    "Belki henizem ýaş, owadan gyzsyñ
    Goja görünmäge utanýan saña...

    ...Belki sen ezizim ýeke-ýalñyzsyñ
    Goşa görünmäge utanýan saña"

    (Italmaz Akmyradow)

    "Maña göwnüçökgün diýme halypam
    Şem ýanan mahaly aglaýan eken"

    (Ahmet Gurbannepesow)

    "Seni söýüp göz ýetirdim bir zada
    Kynçylyk ýok,ejizlik bar dünýäde"

    (G.Ezizow)

    "Eşigmiñ ýyrtygna utanmadym men
    Gowşak goşgularma utanşym ýaly"

    (G.Orazberdiýew)

    "Menem mydam ak ýol diläpdim saña
    Men nirden bileýin täsin durmuşda
    Käte ak ýollañam taýdyrýanyny"

    Şunuñ ýaly del tapyndylar başga-da kän.Kelläme ilki gelenleri ýazdym.
    Jogap
  • Belki Belki off № 5 21 июня 2022 11:00
    Soñky agzan tapyndymyñ awtoryny ýazmandyryn:Kakamyrat Rejebow.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 6 21 июня 2022 11:00
    nurmuhammet
    Salam bagyslan hemmesine jogap berip bilemok.
    6. yone soyyan kisime gosgyny ozum yazdym.

    Mlds!!!
    Jogap
  • Waleryanka Waleryanka off № 7 21 июня 2022 11:39
    1-lezzet alyp okan goşgym.
    2-Klassiklaryň hemmesini.
    3-H.Kulyýew.I.Akmyradow.N.Rejebow.Ilmet Gurban.M.Babanazarow.Rejepgeldi Mejikow we ş.m.
    4-Merdan, Nejep ,Aýgül Baýadowlar,M.Mätgurbanow.Agageldi Italmazow,Laçyn Pürjäýewa, Oguljennet Bäşimowa.....
    5-Diňe biriniň adyny aýdyp biljek däl.Şu sanan şahyrlarymyň aýratyn hem Mämmetnazar Babanazarowyň goşgularyndan lezzet alyp okan gezegim kän boldy.
    6-Mahal - mahal ýalňyz gumra öwrülip,
    Tesellemi , geçenleri çöpleýän.
    G:arylýaryn ak dumana höwrügip,
    Ýöne seniň daglaryňa çökmeýän.
    M.Babanazarow.

    Ýüregiňi gamgyn mukam
    Dilip gitse şoldyryn men.
    R.Mejikow.
    7-Eger aýatda diri bolan bolsa Mämmetnazar Babanazarowy saýlardym.Ýöne arman.......
    8-Munuňam belli birini aýdyp bilemok.
    9- Delje tapynda S.Geldiýew bn M.Babanazarowda kän gabat geldim.Biz okyjy üçin delje zat kän.
    1- Maňa gül getirme, getirme hergiz.
    Kalpda galjak bir ajaýyp gün getir
    Ak gül solar....."Ak gün" solmady heniz.
    Bagtdan püre- pür bir ömür getir.
    (Işdämem ýok eken.Gül getireni amatly bolaýmasa mundan)
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 8 21 июня 2022 11:55
    Salam gowy soraglar beripsiñ jora:)

    1.Seniñ üçin poeziýa näme?
    Çykgynsyz, göwnüçökgün, aşa gaharly, aşa şarlykly ýagdaýlamda ýadyma haýsy setir düşse şo meñ üçin poeziýa. Aşakda ýadyma düşen setirleri ýazaryn

    2.18-nji asyr türkmen şygryýetinden kimleri okaýarsyñ?
    Magtymguly, Magrupy, Gaýyby

    3.20-nji asyr türkmen şygryýetinden kimleri okaýarsyñ?

    Gurbannazar, Italmaz Akmyrat, Ahmet Gurbannepes, Mämmetnazar Babanazarow, Ilmet Gurban,
    Çary Ýegenmyrat.

    4.Döwürdeş şahyrlardan kimleri okaýarsyñ?

    Seýitmyrat Geldiýew, Sahy Öwezow, Myrat Gurbanow, Sungat Gurbangeldi, Çary Ataýew, Sapa Hommat, Begençgeldi Oraz, Rahat Şyhy, Baky Amanýaz, Nejep Baýat, Musa Ýusup, Aýgul Garaýewa, Mahym Nurgeldiýewa, Gülnar Geldimyradowa we Suraý Babanyýazowa (aslynda döwürdeşleñ barsyny okaýan. Ýone ýazgylarny tapsam hökman okaýanlam, täsirlenýänlem we hormatlaýanlam, gaty gyzyklanýanlam şular)

    (Dowamy bar)
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 9 21 июня 2022 12:01
    * bellik-jogaplarym diñe turkmen şygyrýetiniñ çäginde bolar.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 10 21 июня 2022 12:03
    AWTOR BOLSAŇ, SEN BÄRI GULAK GOÝGUL☻...  ady bn Bagabat aga da mowzuk açypdy. Men agza bolmamsoñ yazyp bilmandim...
    Jogap
  • Granger Granger off № 11 21 июня 2022 12:11
    1. 2. 3. .... Hotýa, bar iki-ýeke. Meselem, Nobatguly agaň iki-ýeke goşgusy.
    4. Has Türkmen.
    5. Has Türkmeniň poçti hemme goşgusy (näçe gaýtalasaňam şo bir lezzeti)
    6. ...
    7. 8. 9. Ýaňky aýdan şahyrym. Haýsy birini ýazjagymy bilemok. Köp.
    10. ...
    Umuman, şygyr halamok, okap bilemok, näçe jan etsemem. Ýöne şu awtoryňkylar başgaça.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 12 21 июня 2022 12:12
    Birem her şahyr bir ýana MÄMMET SEÝDIOW bir ýana meññ üçin
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 13 21 июня 2022 12:17
    birem SARY BILBIL
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 14 21 июня 2022 12:22
    8.Şu wagta çenli okan şygyrlaryñda gabat gelen kapyýalaryñ arasynda iñ haýran galdyrany haýsydy?

    Ho-ol, daşlaram galsa gerek ýadymda, 
    Hakydalam hakykatyň aw tory. 
    Daş başly bendäňem ýatlap durawer, 
    On sekiz müň älemleriň Awtory.   (Seýitmyrat Geldiýew Oba etýudy goşgusy ýalñyşmasam) Birem Soltan Selimiñ meşhur bir bentlik: :Sanma şahim herkesi sen sadikane yar olur" dp başlaýan goşgusy.

    9.Okan şygyrlaryñda gabat gelen iñ delje tapyndyñ we meñzetmäñ haýsysy?

    Ilki arzuwlarym başga-başgady,
    Çaga arzuwlarnyñ baryp ýatany.
    Men öz adym bilen bezemekçidim
    Bezege mätäç däl eziz Watany.

    * * *

    Bagtymyz güllesin güllemesin nan,
    Hem hiç haçan sowamasyn tamdyrlar!
    * * *
    Başym ýaşdy, ýagşy pälimden başga
    Ýokdy meniñ ýaşamaga serişdäm.
    * * *
    Size gowy günler arzuw edýärin,
    Çünki başga zada ýetmeýä erkim.
    * * *
    Dostdan galan ýadyģärlik nyşany,
    Bir husydyñ baýlygyna bermezdik.
    * * *
    Indi besdir gamgyn bolmak hebesdir.
    * * *
    Belkem, şol gowudyr döwür çalyşsa,
    hemmä ýeter juwan bolmak gezegi.
    * * *
    Kysmatyñy düzetmersiñ el bilen,
    Şol sebäpli gynanmagyn birjigem.
    * * *
    Dostlar gitdi, bulaşypdyr hasaby,
    Emma dünýäm altyn şöhlä boýalar.
    Tabagyma zäher sepmäni üçin
    Sag gitsinde aman bolsun goý olar.
    * * *
    Derman içip berhiz saklap gezsemde
    Meniñ aýdymlarma ýetmändir zeper.
    Göwün berip gulak goýsañ olara
    Kalbyña şatlygtñ nuryny seper.
    * * *
    Höwes edýän ýerden örküni üzüp,
    Bigünä guşlaryñ göge galşyna.
    * * *
    Bolmajak zat barmy ýagty jahanda
    Şatlygada sataşarys hali biz.

    ÇARY Ýegenmyrat

    Çem gelen sapanda atjak,
    Bir ýylmanak daş bolmasañ.
    Seni ýetim goýup gitjek
    Eneñe gözýaş bolmasañ.
    * * *
    Sörtük deý ýakymsyz hem göwnüýarym,
    Aýdymdan guş sesi ýakyndyr köñle.
    * * *
    Çolaşan güllermi ýatlaýan käte,
    Gözümiñ alnynda aýla ýetişýär.
    Ýöne gamly günüm şat günüm ýada
    Garyp enem bilen sallançak düşýär.

    Mämmetnazar Babanazar

    Iň bolmanda, düýşde gel-ä!
    Gözlerim galdy, gözlerim...
    * * *
    Jesedimi ýygnar bir gün ýat toprak,
    Göripler deý çetlemez ol asyl-ha.
    * * *
    Ahmal basym gaýdyp barmagym, eje,
    Ýat illerde meňzäp ýörmän gedaýa.
    Men Haky gözledim ýykyk dünýede,
    Mähribanym, sen meňzeýäň Hudaýa!

    Sahy Öwezow.

    ( dowamy bar)
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 15 21 июня 2022 12:22
    Men seni köşklerde ýaşatmakçydym,
    Ýöne, ýaşamaly bolduk kepbede.
    * * *
    Tapyp bilmersiñ bu jelegaýlarda
    Men, barybir, gözýetimde uçmaryn.
    * * *
    Dogrulara sapak berer ýalanlam,
    Meýdanlarda başyñ ýaýkap, ýaýdanma!
    Goşgy däldir kelle göçüp ýazanlam,
    Aýdym diýmäñ içim gyssa aýdanma.
    * * *
    Bu söýgi kalbymda ebedi ýaşar,
    Bu ýigrenç içimde ömürlik ýatmaz!
    * * *
    Diýilmeli sözler! Gezek siziñki.
    Diýilmesiz sözleñ bary diýlipdir.
    * * *
    Ýöne gara kesek bolan meýdimi
    Bigünä bäbek deý hüwdüläp gunda.
    Ýere gömüñ ýazan her bir beýdimi,
    Diñlär ýaly goşgy galmandyr munda!
    * * *
    Şonda, hatda, ýigrenjimem dözmerin,
    Jogaplaryn tapman geçsin sowallar!
    Tümlüge çagyrýan gara gözleriñ
    Ogurlyk aýdym deý ýadymda galar.
    * * *
    Men sesimi goýberdim öz gelşine
    Arasynda sesin ýitiren horuñ.
    Söz berýän: Söýgime hem ýigrenjime
    Soñky demime çen wepaly borun.
    * * *
    Başa barman pahyryň bar arzuwy
    Gapjyga däl, gözlerime seretdi.
    Şol garryja mamaň gamgyn bakyşy
    Ýüregimde ömürbaky ýer etdi.
    * * *
    Söýgim gaçyp galar ýyrtyk kisämden,
    Seni ilki söýen, soñra küýsän men.
    * * *
    Köçelerden çöpläp çyksam it sesin, 
    Barymy sowrardym ýele, ikuçsuz. 
    Indi bir, düýşlerim uçup gitmesin! 
    Indi bir, dilegim ýerine duşsun! 

    Men aýdym aýdaryn entek-entekler, 
    Ýaşap ýörsem içim içime sygman. 
    Owazymdan lezzet alsyn tentekler, 
    Bilsediň, şoň üçin ýüregim dymýar. 

    SUNGAT GURBANGELDI
    ( dowamy bar)
    Jogap
  • Esma Esma off № 16 21 июня 2022 13:14
    1)Meň pikirimçe poeziýa–uçup ýören ganatly bir jandar ýaly. Onuň yşkyna düşen adam dünýäniň başga ähli lezzetlerini unutýar.Şonuň üçin Poeziýa adam ruhunyň döreden iň gözel zatlarynyň biridir.Ol Allahdan gelen ylham, ylahy yşk. Çünki beýik şahyrlar, suratkeşler, filosoflar ruhy taýdan şeýle belentlige galyp, başga bir dünýäň tagamyny, lezzetini duýup döredijilik ekstazyna düşüp özleriniň beýik eserlerini döredipdirler. Poeziýa açyş.Poeziýa ruhuň keşbe girmesi, kalbyň suraty. Poeziýa öwredip hem öwrenip bolmaýan ýeke-täk sungat.
    2) Magtymguly, Mollanepes, Kemine.
    3)Gurbannazar hakyna gürrüň ýok. Ol poeziýaň gülini döşüne dakyp gidipdir. Berdinazar Hudaýnazarowy.
    (dowamy bar)
    Jogap
  • şoşo şoşo off № 18 21 июня 2022 14:27
    Menem jogaplasam bolýamyka
    Jogap
  • Belki Belki off № 19 21 июня 2022 14:28
    şoşo,
    Elbetde,agam!
    Jogap
  • şoşo şoşo off № 20 21 июня 2022 15:04
    1.Seniñ üçin poeziýa näme?

    Elimden gidende ilkinji söýgim,
    Gürrüň berenimde başdan geçeni,
    Enem bir aglapdy..
    Diňe men şonda birje gezek
    Agladypdym ejemi.

    Şondan başga bilip agyrdan bolsam,
    Ýa agardan bolsam birje saçyny,
    Olam meniň günämi ötmedik bolsa,
    Gaýdyp beriň, razy etjek ejemi.

    Şu kupletleri okap, gaýdyp berip bolaýýamy gideni diýenimi duýman galýan .

    Öz diýjek bolýan zadyny, okuja diýdirýän görnişde ýazylan goşga , hekaýa , we.ş.m paýezýa diýýän menä .

    2.18-nji asyr türkmen şygryýetinden kimleri okaýarsyñ? Magtymgulyň goşgylarny ,
    okamok , okamak geregem däl, indi oň goşgularnyň köpisi halkyň aňynda galdy , şo goşgulara düşinmek üçin , kelle döwýän , ýöne .

    3.20-nji asyr türkmen şygryýetinden kimleri okaýarsyñ? Kerim gurbannepesow , we Azyrajyk Gurbannazar Ezizow . (Men zemin sen bolsa ullakan asman , saçlaryň nur edip üstime dökýäň , diýýän goşgusy dagy , düşinseň möňňirýänski)

    4.Döwürdeş şahyrlardan kimleri okaýarsyñ? buwagtky şahyrlar şahyr däl, pahyr şahyr, (ýagny öli ,öli şahyr , ) ýöne şondada , Mahym Nurgeldiýewa bn Kerim hally winimanýamy çekýär ( ýogsa kerim halla dagy paýezýaň musurjygy diýýän ekenler pahyr şahyrlar)
    Jogap
  • şoşo şoşo off № 21 21 июня 2022 15:04
    5.Şu wagta çenli okan şygyrlaryñ arasynda iñ lezzet alanyñ haýsysy?
    şonda ak saçlaryň ,sylyp ýüzime , gararyn belentden ýeriň ýüzine ,

    (Ölemde , zemin bolup , ýer toprak bolup ýataryn , senem ak saçlaryňy ýaýyp aglarsyň, men şonda ak saçlaryň sylyp ýüzime , ruh bolup gararyn belentden ýeriň ýüzine diýýä)


    6.Eger-de söýen kişiñe söýgiñi aýan etmek üçin bir goşgy saýlasañ bu haýsy goşgy bolardy?
    Ýönekeý gyz,kinoda bara dagyň üstinde ,serdar ýolda aýdylýan goşgy.

    Sen gelliňde garyp göwnim baý etdiň
    Ýöne näme üçündir ynjalygym ýok
    Sen maňa bagt berdiň örän ullakan
    Ony nädip gorajagmy bilemok .
    (Ýalňyşrak bolmagam ahmal, ýatdan ýazýan 6njy klaskak bolýady şol kino)

    7.Eger-de saña bir şahyr bilen söhbetdeş bolmak mümkinçiligi berseler kimi saýlardyñ? söhwötdöşlük gerekdäl, ýöne Mahyma, bir çaý bergim bar diýip hasaplaýan , sebäbi her zadyň haky bolmaly , goşgularny okap (akja ýürekli eken diýýän ), gowy eken diýip tewsir ýazan bolanym bn hakyny berdigim däl . (Haçan diýse ,islendik wagt men taýyn , çaýa,myhmançylyga çagyrmaga )


    8.Şu wagta çenli okan şygyrlaryñda gabat gelen kapyýalaryñ arasynda iñ haýran galdyrany haýsydy? (pegasyň kapýasy ýok goşgylary? kapýasyzdygna haýran galýan , buda bir haýran galmak bolýa, haýran galdyrany haýsydy diýip soraýaň men henizem haýran şoň kapýasyzlygna ) Kerim Gurbannepesow hemişe haýran gallyryjy kapýaçy ondan öňe geçýäni ýok henizä.

    9.Okan şygyrlaryñda gabat gelen iñ delje tapyndyñ we meñzetmäñ haýsysy? ana men şondan soň, şondan soň diňe , owadanmyň dälmiň aýdaryn saňa . Kerim Gurbannepesow
    Bakylyk şol , şol daşlara siňip git.



    10.Gel,seniñ ýazmaga bolan ukybyñy barlaly.Şu setiriñ yzyny dowam et:
    "Maña gül getirme,
    getirme hergiz..."

    Ony teke bazarda ,
    Özýerinde goý
    Jogap
  • şoşo şoşo off № 22 21 июня 2022 15:13
    Owadan gyz toý bezär, asylly gyz öý bezär diýilşi ýaly , her zadyňam öz ýeri bolşy ýaly .
    Gülleňem ýeri bagyndan soňky ýeri teke bazar, ony ýerinde goýmaly
    Jogap
  • şoşo şoşo off № 23 21 июня 2022 15:14
    Ýazanlam tersiräk , ýalňyşrak bolsa , (bolsadyr ýöne )ötünç
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 24 21 июня 2022 15:40
    5.Şu wagta çenli okan şygyrlaryñ arasynda iñ lezzet alanyñ haýsysy?

    Maña seniñ gözleriñden gitme ýok,
    Maña seniñ sözleriñden gitme ýok.

    6.Eger-de söýen kişiñe söýgiñi aýan etmek üçin bir goşgy saýlasañ bu haýsy goşgy bolardy?

    Eger bir gün birini söýsem, oña da goşgy aýdyp bermeli bolsam:

    Maña seniñ gözleriñden gitme ýok,
    Maña seniñ sözleriñden gitme ýok.
    (Adamda iñ uns beryan zadym goz bn söz. Olam şoña mynasyp bolmaly bolar)


    10.Gel,seniñ ýazmaga bolan ukybyñy barlaly.Şu setiriñ yzyny dowam et:
    "Maña gül getirme,
    getirme hergiz..."

    Maña gül getirme getirme hergiz,
    Olar bilen bile göwnüm ýolunar.
    Mährem söz, "Alpen Gold" çaý bolsa besdir,
    Hem sada gözlerñe ömrüm çoýunar.

    @ÖTGEÇI

    Goşgy nätdi, pikriñi aýtman geçme!
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 25 21 июня 2022 15:54
    Dostlarma da juda gymmat düşmäýin,
    Kimsi alyp bilmez kim satar meni.
    Çary Ataýew
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 26 21 июня 2022 15:54
    Jany jähenneme resmiýetleriñ! Begençgeldi Orazow
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 27 21 июня 2022 15:55
    Derdiñ suw,
    Hiç kimiñ topugundan däl,
    Alsada dünýäñi holtumna dolap.

    Mukam Muhamow
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 28 21 июня 2022 15:59
    Ýatlamalaň kempir deýin mürşerer, 
    A men garramaryn, 
    Şahyrlar şeýdýär. 
    Ölen duýgularyň girer düýşüňe, 
    Olar öz eýesin dowzaha eltýär. 
    *
    Penjireden dolan Aýyň bakmasy, 
    Meňem oňa şahyrlarça seretmäm... 
    *
    Ýazmadyk goşgulam ýyrtýar içimi. 
    *
    Adamlary görseň, olara aýtgyn, 
    Söz ýarasy iki dünýe bitenok. 

    Seýitmyrat Geldiýew
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 29 21 июня 2022 16:07
    Dogry, ýollar käte ýadatdy meni.
    *
    Hany, ilki arzuwlaryň başgady,
    Dilegleriň gowulykdy ahyry!
    Yrymçylym, ýüregiňe dönenim,
    Şol gün jäjem döwülipdi ahyry!..
    *
    Çünki çykyp howlymyzyň çäginden,
    Özbaşdak durmuşa girenim bäri,
    Bildim, hatarynda däl men gowulaň,
    Meniň göwnüm, ýagşy-ýaman pälimem
    Senden başgalara geregem däldi. 
    *
    Ýat boldy ýakynlar, dost boldy ýatlar,
    Kösenip öwrendik ýaşamagy biz.
    *
    Ilki geda, soňam şa bolan Ýusup
    däl men, başaramok derdimi busup

    Sapa Hommadow
    Jogap
  • Granger Granger off № 30 21 июня 2022 16:15
    Ötegçi
    5.Şu wagta çenli okan şygyrlaryñ arasynda iñ lezzet alanyñ haýsysy?

    Maña seniñ gözleriñden gitme ýok,
    Maña seniñ sözleriñden gitme ýok.

    6.Eger-de söýen kişiñe söýgiñi aýan etmek üçin bir goşgy saýlasañ bu haýsy goşgy bolardy?

    Eger bir gün birini söýsem, oña da goşgy aýdyp bermeli bolsam:

    Maña seniñ gözleriñden gitme ýok,
    Maña seniñ sözleriñden gitme ýok.
    (Adamda iñ uns beryan zadym goz bn söz. Olam şoña mynasyp bolmaly bolar)


    10.Gel,seniñ ýazmaga bolan ukybyñy barlaly.Şu setiriñ yzyny dowam et:
    "Maña gül getirme,
    getirme hergiz..."

    Maña gül getirme getirme hergiz,
    Olar bilen bile göwnüm ýolunar.
    Mährem söz, "Alpen Gold" çaý bolsa besdir,
    Hem sada gözlerñe ömrüm çoýunar.

    @ÖTGEÇI

    Goşgy nätdi, pikriñi aýtman geçme!

    Çözdi, kardeş. :)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler