Yşk- jebir çekmek. Soňunyň nähili boljagyny bilseňem, her sahnasyna müňlerçe many berip, gaýtalap-gaýtalap ol filme tomaşa etmek. Gutarjagyny bilip söýmek, senden gitjegini bilseňem, onda galmak. Ýitireniňde başdan geçirenleriňden tejribe gazanmak. “Oň bilen men has başgaça” diýip bilmek. Yzyndan ony kiçeltmek däl, gargynmak asla däl. Söýgüňe we ýatlamalaryňa sarpa goýup, ony kalbyň iň çuň ýerine gömmek. Soňra başgasy bilen bolup bilmezlik.
Yşk-başgasyna gülýän wagtyňam ony görmek. Yşgy ölüm saýyp, ony söýdügiňçe dem alyp bilmek. Söýgiň puşmanlyklardan ybarat bolsa-da, gowy tarapyndan bakyp bilmek.
Hemem ondan ýaralanjagyňy bilibem, oňa ýaralaryňy aňladyp biljek derejede söýmek…
Ynsanyň söýýän sözini ýaralaryňa melhem edip çalmak.
Yşk-jepa çekmek. Ýeri gelende iç çekmek. Köplenç, ysyny jigerleriňe çenli almak.
Ýeri gelende söýýän ynsanyňyzy janyňyzyň islemegi.
Iň owadan yşk, durmuşyň bir yşgy iki kalba bölmegidir.
YŞK NÄME?!
Bilim,
Telwas
tarapyndan
23-06-2022, 21:52