Käbir ýazyjylar diňe okadýar, käbiri bolsa, diňe okatmak bilen çäklenmän saňa-da ýazdyrýarlar.

Siziňem ýazmagyňyza, okamagyňyza ylham beren ýazyjy-şahyrlaryňyzyň atlaryny we eserlerini meň bilen paýlaşaýyň?!


File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 24-06-2022, 18:05

  • biohimik. biohimik. off № 1 24 июня 2022 18:08
    Ilkinji gezek Saparmyrat Turkmenbasynyn gosgusyna oykunip 4synpda birzatlar cyrsasdyrypdym;)
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 2 24 июня 2022 18:23
    Käbir ýazyjylar diňe okadýar, käbiri bolsa, diňe okatmak bilen çäklenmän saňa-da ýazdyrýarlar.

    Okan mekdebimiň mugallymlary:"Düşündirişnama" pirat 1
    Jogap
  • biohimik. biohimik. off № 3 24 июня 2022 18:57
    Dowsypat.
    Käbir ýazyjylar diňe okadýar, käbiri bolsa, diňe okatmak bilen çäklenmän saňa-da ýazdyrýarlar.

    Okan mekdebimiň mugallymlary:"Düşündirişnama" pirat 1

    ??
    Jogap
  • Granger Granger off № 4 24 июня 2022 19:01
    Edil ýazmaga-ha ýok.
    Knut Hamsunyň "Açlygyny" okanymda elim ýaly çöregem bal edip iýdim ýöne. Ony bir zat iýmän okamak aňyrda dursun, iýip durkaň ajygýaň. Beýle-de bir zat bolar oguşýa.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 5 24 июня 2022 19:03
    Granger,şony hiç okap gidip bilmedim bir sahypamy ýarym sahypa okapdym. Oña derek Markes??
    Jogap
  • Granger Granger off № 6 24 июня 2022 19:05
    Granger
    Edil ýazmaga-ha ýok.
    Knut Hamsunyň "Açlygyny" okanymda elim ýaly çöregem bal edip iýdim ýöne. Ony bir zat iýmän okamak aňyrda dursun, iýip durkaň ajygýaň. Beýle-de bir zat bolar oguşýa.

    Boje moý... kitap
    Jogap
  • Granger Granger off № 7 24 июня 2022 19:07
    Ötegçi
    Granger,şony hiç okap gidip bilmedim bir sahypamy ýarym sahypa okapdym. Oña derek Markes??

    Iýip-içen dälsiňiz. ?
    Menem zordan okadym, garbak-gurbak bilenem.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 8 24 июня 2022 19:22
    Salam Nirvana hanym, meň şu bolup ýörşümähä Ogulsenem Taňňyýewa günäkär:) okatmak bilen çäklenmän ýazgyt barada ýazdyrýar:)
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 9 24 июня 2022 19:25
    Edil ýazmaga-ha ýok.
    Knut Hamsunyň "Açlygyny" okanymda elim ýaly çöregem bal edip iýdim ýöne. Ony bir zat iýmän okamak aňyrda dursun, iýip durkaň ajygýaň. Beýle-de bir zat bolar oguşýa.

    Şu roman çyndanam çöregiň ýagysy.Çörek gäwşemän okap bolonok.
    Jogap
  • ResulT ResulT off № 10 24 июня 2022 19:34
    Men Gurbannazar Ezizow bilen Kerim Gurbannepesowyň goşgularyna öýkünip goşgy ýazjak bolýan welin bolanokda nätsemem :)
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 11 24 июня 2022 19:35
    Granger,
    Dowsypat.,
    Bäh. Çynmy bü aýdýanlarñyz. Men mydan gijeki kañkamadan soñ iýman içman uklajak bolup ýatan ýerimden okajak bolýan. Şondan bolmagam ähtimal onda))
    Siz haýsy dillerde okadyñyz?!.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 12 24 июня 2022 19:44
    Iskender Pala "Efsane"
    Iskender Pala "O:T"
    Elif Şafak "Aşk"
    Dostoýewski: "Doganlar Karamazowlar"
    Gogol: "Şinel"
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 13 24 июня 2022 19:45
    Biraz wagtym az kaaaan zat yazasym gelyar su wagt
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 14 24 июня 2022 19:56
    Ötegçi Ötegçi off № 12 Şu gün, 19:35
    Granger,
    Dowsypat.,
    Bäh. Çynmy bü aýdýanlarñyz. Men mydan gijeki kañkamadan soñ iýman içman uklajak bolup ýatan ýerimden okajak bolýan. Şondan bolmagam ähtimal onda))
    Siz haýsy dillerde okadyñyz?!.

    Dünýä edebiýatynda çykypdymy shol?
    Jogap
  • Granger Granger off № 15 24 июня 2022 20:00
    Ötegçi
    Granger,
    Dowsypat.,
    Bäh. Çynmy bü aýdýanlarñyz. Men mydan gijeki kañkamadan soñ iýman içman uklajak bolup ýatan ýerimden okajak bolýan. Şondan bolmagam ähtimal onda))
    Siz haýsy dillerde okadyñyz?!.

    Türkmen.

    Döwsypat, hawa. 2015-2016ý.ý. sepgitde.
    Jogap
  • Granger Granger off № 16 24 июня 2022 20:02
    Gülseren hanymyň kitaplaryny getirtdim ölüp-ölüp. Durmuşymy, dünýägaraýşymy çepbe-çöwürdi, özi bir üç kitap welin.
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 17 24 июня 2022 20:12
    Ýazmak hakynda-ha pikirim ýokdy. Emma, okamak her bir harp tanaýanyň başarjak zady. Şonuň üçin köp okamaly. Edil ýazyjy bolmasagam, başga wagtlardaky gürrüňlerimiz, gysga ýazgylarymyz, pikirlerimiziň hemmesi okanlarymyzyň miwesi. Okan kitaplarymyzdan tejribe geçip ýazýas. Täze pikiriň, täze sözüň üstünden barsak, şony durmuşda ulanjak bolýas...

    Emma, elimden gelse meň özüm köpüräk ýazyjylyga däl-de, terjimeçilige çekerdim ýaşlary. Çünki, terjime edýän adam "bir okda iki towşan awlaýana" çalymdaş.
    Başga dildäki eseri öz diline geçirmek bilen, öz söz gory baýlaşýar, hem edebiýatymyza uly goşant goşýar.

    Aslynda ýazyjylygyňam, terjimeçiligiňem gözbaşy bir zat - diňe okamak.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 18 24 июня 2022 20:18
    Mana yazdyran yazyjy ya entek dush gelmedi ya tazmagyma ahli yazyjylar sebap boldy ;)))
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 20 24 июня 2022 20:19
    Khanture,
    Tapyanay hehehe
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 21 24 июня 2022 20:28
    biohimik.
    Ilkinji gezek Saparmyrat Turkmenbasynyn gosgusyna oykunip 4synpda birzatlar cyrsasdyrypdym;)

    Şoň göçürmesi bar bolsa paýlaşaýyň.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 22 24 июня 2022 20:29
    Dowsypat.
    Käbir ýazyjylar diňe okadýar, käbiri bolsa, diňe okatmak bilen çäklenmän saňa-da ýazdyrýarlar.

    Okan mekdebimiň mugallymlary:"Düşündirişnama" pirat 1


    :) degişmede gowy zat welin, men siz bilen çynlakaý gürrüň edesim gelip sorapdym.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 23 24 июня 2022 20:30
    Granger
    Edil ýazmaga-ha ýok.
    Knut Hamsunyň "Açlygyny" okanymda elim ýaly çöregem bal edip iýdim ýöne. Ony bir zat iýmän okamak aňyrda dursun, iýip durkaň ajygýaň. Beýle-de bir zat bolar oguşýa.

    Tüweleme, diýmek ýazaryň zähmeti ýerine düşüpdir. Eliňizde bar bolsa ugradaýyň PDF görnüşini. Okamandym…
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 24 24 июня 2022 20:33
    Ahmedik_97
    Salam Nirvana hanym, meň şu bolup ýörşümähä Ogulsenem Taňňyýewa günäkär:) okatmak bilen çäklenmän ýazgyt barada ýazdyrýar:)


    Salam. Ogulsenem Taňňyýewany günäkärlemen, sag bolsun aýdyň. Ýazmak diýilende ilki bilen pikirlenmek kellä gelýär. Pikirlendirip bilýän eser bolsa, ol siziň üçin bähbitlidir.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 25 24 июня 2022 20:36
    ResulT
    Men Gurbannazar Ezizow bilen Kerim Gurbannepesowyň goşgularyna öýkünip goşgy ýazjak bolýan welin bolanokda nätsemem :)


    “Ah,bileñok,duýman durkañ inmese,
Kowalaýan ýüreklere gonmaz ol.”

    @Belki agzaň maňa düzen goşgusynda beýan edişi ýaly, ylhamam ýa ugruňda ylgaýar ýa-da ugrunda ylgatýan bolmaly.

    Ilki oýlanma, makala bilen başlaberiň. Maňa-da goşgudan oýlanma tipde ýazmak aňsat düşýär.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 26 24 июня 2022 20:38
    Ötegçi
    Iskender Pala "Efsane"
    Iskender Pala "O:T"
    Elif Şafak "Aşk"
    Dostoýewski: "Doganlar Karamazowlar"
    Gogol: "Şinel"


    Tüweleme. Sizem aram-aram oýlanma ýazýardyňyz. Bu eserleri her okan ynsanyň bir zatlar ýazjagyna (ýazyp biljegine) ynanýan. Ýazyp duruň.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 27 24 июня 2022 20:39
    Granger
    Gülseren hanymyň kitaplaryny getirtdim ölüp-ölüp. Durmuşymy, dünýägaraýşymy çepbe-çöwürdi, özi bir üç kitap welin.


    Çeper ýazýar şol zenan.
    Jogap
  • Granger Granger off № 28 24 июня 2022 20:50
    Nirvana
    Granger
    Gülseren hanymyň kitaplaryny getirtdim ölüp-ölüp. Durmuşymy, dünýägaraýşymy çepbe-çöwürdi, özi bir üç kitap welin.


    Çeper ýazýar şol zenan.

    hem ylmy* :)
    (Çeperçiligine üns bermändirin, diňe ideýasyny alyp galdym. Duranja şedewyr ol. Bar okanym bir ýana, ol (ugry) bir ýana)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 29 24 июня 2022 20:50
    Dark_Wolf
    Ýazmak hakynda-ha pikirim ýokdy. Emma, okamak her bir harp tanaýanyň başarjak zady. Şonuň üçin köp okamaly. Edil ýazyjy bolmasagam, başga wagtlardaky gürrüňlerimiz, gysga ýazgylarymyz, pikirlerimiziň hemmesi okanlarymyzyň miwesi. Okan kitaplarymyzdan tejribe geçip ýazýas. Täze pikiriň, täze sözüň üstünden barsak, şony durmuşda ulanjak bolýas...

    Emma, elimden gelse meň özüm köpüräk ýazyjylyga däl-de, terjimeçilige çekerdim ýaşlary. Çünki, terjime edýän adam "bir okda iki towşan awlaýana" çalymdaş.
    Başga dildäki eseri öz diline geçirmek bilen, öz söz gory baýlaşýar, hem edebiýatymyza uly goşant goşýar.

    Aslynda ýazyjylygyňam, terjimeçiligiňem gözbaşy bir zat - diňe okamak.


    Ýazmak hakynda pikirlenip görüň. Ýalňyşmasam Cemil Meriç: “Beýik ýazyjy- içinden (aňyrsyndan) gelýän sözleri bolşy ýaly ýetirip bilýän adamdyr” diýýär. Meň pikirimçe her kimde ýazmak hakda pikir bardyr. Hökman beýik ýazyjy adyny almak üçin ýazman, içiňizdäki sesleri ýazga geçirseňiz okajak okyjy hökman tapylar. Ine, Massimus akga öz başdan geçirmelerini ýazýar. Şol zatlar men ýaly okyjy üçin gyzykly. Sizde-de şeýle wakalar az däldir. Gowsy ýazmak hakda-da pikirleniň. Ýazmak ruhuňa gowy ýaraýar…
    Aslynda, her bir ýazylyp paýlaşylýan eseri kämilleşmek üçin okap ýazman, adam özüni ýitilemek üçin okap, ýazyp durmaly. Ýogsa, şol bir dünýägaraýyş bilen gezip ýörseň körden tapawudymyz ýok ýaly. Men ýazmagy (käte ýazýanlarymy gözöňünde tutýan) kämilleşmek üçin däl-de, okan adamyň şol ýazgyda özüni tapmagy üçin ýazýan.

    Terjime hakdaky pikiriňiz meni uzak wagtdan bäri pikirlendirýän tema. Hatda bu barada şu saýtdan 2 agza duýdurypdym. Ikinji agza bilen-ä bu barada maslahatlaşanymyza 2 günem bolmady. Ýörite şu kitap terjime etmek barada size (agzalara) teklibimiz bardy. Ol barada doly maslahatlaşyp belki size ýetireris göwneseňiz.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 30 24 июня 2022 20:51
    Khanture
    Mana yazdyran yazyjy ya entek dush gelmedi ya tazmagyma ahli yazyjylar sebap boldy ;)))

    Tekiz ýerçileriň täsiri bar sizde. :)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler