@Khantureniň aýdyşy ýaly hormatly @Gaýyp begjan aslynda ol Keaip_begcon agza Kuranyň aýatlaryna düşünmän tema açypdyr welin şony jogaplaýyn diýdim.
Ine aşakda @Gaýyp begjan şeýle diýýär:
''Gurhany açyp (obýektiw bolup) okanlar, içinden soňsyz güýçli Allanyň sözüni däl-de, bir ynsan düşünjesini duýup biler. Käbir, has düşnüksiz, "muny çaga ýazdymy" diýdirjek aýatlary okap göreliň.
Gurhan obýektiw okalýan ylmy kitaplardan däl, ol Allatagalanyň buýruklary: Şol buýruklary şübhesiz ýerine ýetirseň musulman bolýaň! Ýetirmeseň zorluk ýok. ''Kuran ýaly keramatly kitaby çaga ýazdymy ýa adam ýazdymy'' diýen düşünjede okaýan bolsaň düşünjäňde kemçilik bar!!!
Supra süresi 51-nji aýat:
"Eý, möminler, ýahudylary we nasranylary (hristiýanlary) dost tutmaň! Olaryň öz-özleri, öz-özleri bilen dostdurlar. Sizden kim olara dost bolsa, onda ol hem şolardandyr. Elbetde, Alla zalym kowuma ýagşylyk edýän däldir."''
@Jeksparro:
- Dogry aýdýar aýatlar! Sen ýaly ýa @Ahmedik97- ýalylara ýahudylar dost bolup görnüpdir. Şol dost diýip bilýän ýewreý ýahudylar dünýäni çepbe-çöwrüp gan boýap ýöreninden habaryňyz ýok welin gelip bärde Kurany Suda tutan bolýaňyzmy? Birinji hem ikinji jahan urşuny gan-döküşiklik bilen turuzan, Ýaponiýa atom bombasyny taşlap ençeme bigünä millionlaryň gyrylmagyna sebäp bolan Ýahudydyr, ýewreýleriň gollaryndaky gan görnenokda 1400 ýyl mundan ozal ýazylan Kuran musulman, adam - adamyny däl-de milleti ýa-da hristiýany dost tutunmaň diýende bolanokmy?
''Allatagala bu aýatynda, ynsanlaryň arasyndaky duýgulara goşulyp, hristiýanlary dost tutunmaň diýýär. Çagalar öz aralarynda, "sen olaryň toparyna goşulma, goşulsaň senem şolardan" ýaly sözlemleri diýýärler. Dostlugyň şeýlebir gowy taraplary bardyr welin, onuň bir gowy ýeri hem garşyňdakyny, islendik dünýä pikiri bilen, aýratynlygy bilen söýüp bilmekdir, kabul edip bilmekdir. Bu meselede hem duşmançylyk duýan Alla, ynsanlarynyň biri-biri bilen gatnaşmagyny islänok öýdýän. Beýik Alla, ynsanlary toparlara bölüp, olary aýyryşdyrmak niýetinde.
Sygyr süresi 223-nji aýat:
"Aýallaryňyz zyýaratgähiňizdir. Bes, zyýaratgähiňize islän wagtyňyza ýakynlaşyberiň we özüňiz üçin amallar tagzym ediň! Alladan gorkuň we bilip goýuň, siz Oňa gapmy-garşy bolarsyňyz, ýagny ýüzleşjeksiňiz. (Eý Muhammet), imanly kişiler (jennet) hoşhabaryny ýetiriň!"''
Aýallaryňyz zyýaratgähiňizdir, bilip goýuň! Islän wagtyňyz keýp käsäňizi dolduryp bilersiňiz. Aýalyňyz islesin, islemesin tapawudy ýok, siziň diňe öz islegiňiz wajypdyr.''
@Jeksparro:
Ilki Allatagala aýalyňyz zyýaratgähiňizdir diýip derejä galdyrýar. Onsoňam heleýiňe islän wagtyňda ýakynlaşyň diýýär, küntä islän wagtyň ýakynlaşyberiň diýenok. Şu bölejigi ýazmakda gaty öýke, ünji duýan bolsaň sen heleýiňe wapişeta ýakynlaşmanam bilýäň we şuny ýazmak bilen bärdäkilere öýlenip tök galmaklygy ündeýäňmi? @Khantureniň aýdyşy ýaly dünýädäki illuminatiler ynsany tökleşdirmekligi ýaýjak bolarlar diýişi ýaly niýetiň okyjylary zäherläp tökleşdirmekmi?
''Lukman süresi 19-njy aýat:
"Ýöräňde saldamly ýöregin we sesiňi gataltmagyn: çünki sesleriň iň ýamany, elbetde, eşekleriň sesidir."
Bu aýatdan belli bolşy ýaly, Alla üçin öz ýaradan eşeginiň sesi iň ýaman bolany eken. Adynyň Alladygyna ynanylan Taňry, ýaradan eşegiňe näme üçin ýaman ses berdiň? Eşegiň dili bolsa, beýle äsgermezçilikli deňeşdirme üçin gynanç bildirerdi. Käşgä ýaradan haýwanyňy gowy taraplary bilen öwsediň. Ýa-da ýaradan haýwanyň diňe gowy taraplaryny ynsanlara meňzetsediň. Hem, saňa görä eşegiň sesi ýaman bolup biler, ýöne belki başga bir ynsan üçin, ýakymly sesdir. Bir ynsanyň başga bir ynsany şeýle deňeşdirmegine düşünip bileris, ýöne Taňrynyň beýle diýmegine düşünmeris. Bir adama oýun edibem "seniň sesiň iň ýaman ses" diýilse, ol adam çyny bilen erbet bolar, bu ýerde bolsa oýun edilmän, çyny bilen diýilýär, we ony diýenem bir Taňry, ýedi gat älemi ýaradan, gaty merhemetli Taňry. Indi şunyň Taňry tarapyndan ugradylandygyna, gelde ynan.
(Tefsiri oka diýseňiz, eşegiň ýaman sesine degişli tefsir ýok)
''Sen ýaly düşünjesi peslere Kuran Eşegiň sesini mysal edip görkezýär. Saňa şaňňy sesi mysal getirmek üçin dagy sygyryň sesini getirmelimi? Sygyr diýip ýazylan bolsa ''Ana, Ana serediň sygyryň sesine erbet diýdi'' diýip walalaýlaşyp çykarsyňyz erte-biýrgün sosial media internetlerine gepji žurnaliatler ýaly bolup...
Umuman eşek diýilýän haýwan sen elli iki arrygyňy gynasaňam musulmanlar üçin halanmaýan haýwan. Indi sen şu temany açanyň üçin biz eşegi öýde ýanymyzda ýaşadalymy? Sen ýanyňda ýatyryp-turuzaý eşegi.
Azhab süresi 53-nji aýat.
Pygamberiň nahar wagtyny pikir eden Alla.
"Eý, möminler, pygamberiň öýlerine diňe sizi bir tagama çagyr-salar giriň. (Şonda hem) onuň bişmegine göz tutup (garaşyp) durmaň, belki, çagyrylan wagtyňyzda girip, naharlananyňyzdan soň, gaýdyň we gürrüňe gyzygyp (ol ýerde galmaň)! Çünki, bu (işleriňiz) pygambere azar berer, ol bolsa, sizden (ýagny, sizi çykaryp goýbermekden) çekiner, emma Alla hakykaty (aýtmakdan) çekinmez."
Belli bolşy ýaly, Allatagala resulyny gaty alada edýär. Hatda, onuň nahar wagtynda duýan rahatsyzlygyny, adamlaryň gelip gep etmegini bilip, ol kişilere duýduryş berýär. Onam kyýamata çenli ulanyljak Gurhana, aýat hökmünde gökden ugratýar.''
@Jeksparro:
Allatagala öz Resulyny alada etmän sen ýaly ýa @Ahmedik97- ýalylaryň aladasyny etmelimi? Sen kim Allatagalanyň ýanynda?
Eý gözel ynsanlar, biraz pikir edip, uýýan diniňizi soraglamany başaryň. Adamlara hormatsyzlyk edip, gödek gürlemäňde, bir zatlara akyl ýetiriň. Eşegiň ýaman sesine, diniňizi halas etmek üçin many gözlemäňde, "Taňry öz ýaradanyna şeýle diýermi" diýip pikir ediň. Her sözünden hem ynsan önümidigi aýdyň bolup, göze görünip dur. Hormat we sylag bilen ýaşaň!
Biriniň uýýan dinini soraglamagam saňa galypdyrmy? Akylly, hormatlymyzam sen bolduňmy indi? Gözüňe şol eşegiň sesi ýokuş degäýdimi? Gaýta-gaýta şony diliňe dessan eden bolsaň aňňyryber eşek gaty gowy haýwan diýde! Näme ony musulmanlar ýa Gurhan kitaby analiz edip senden repitisiýa geçmegiňi isleýärmi?
Onsoňam ''Hormat we sylag bilen ýaşaň'' diýmäň-de ýaşamarys öýdýäňmi? Biziň aladamyz saňa galdymy? Senden öwrenmelimi musulmanlar nähili ýaşamalydygyny? Saňa ýaranyp seň diýeniňi edip ýaşalyňmy???
Dogry-da walla
Hormatlamak bilen @Jeksparro
?
@Kegaip begcon gelse we şulary gyzgyny bilen okasa!
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
26-06-2022, 09:01