Salam okyjy!.. Içimizde meşhur bolasy gelýän bardyr niýet bilen ýazdym bu mowzugy. Uzakdan-uzak süýji hem gyzykly gürriñlerem, (belki) edip bilerdim siz bilen. Ýöne beýle ajaýyp mümkinçilige, arma-an meniñ wagtym ýok. Eger siz haýsydyr bir türkmen saýtynda meşhur bolmak isleýäñizmi?! Onuñ üçin üýtgeşik bir ýagtylykda ýyldyzlara jort atýan bilim gerek däl.
1. SORAGLAÑ
Soraglañ. Ýo-ok! Soraglañ diýsem matematika, himiýa, ýa bolmasa algebra-fizikadyr öýtmäñ. Soraglajak zadyñyz takyk ylymlardan bolmasa haas gowy. Onsañam kim bilýär, 21nji asyryñ ýaşlaryna: "Himiýañ bize haýryndan şeri kän" diýip şermendeläberseñ, H2O-ñ nämedigini zordan bilýän halymyza masgara bolmak daşda däl. Onsañam hemme agzalar himiýa düşinýämişmi?! (Agzyny burnuny towlaýan smaýlik) bolsa-bolsa bir-ki sany ötegçi jedellešme bolar. Gutarar. Ine ýöne saýtlara girýän 7den 70e çagalardyr, "garry gurtylaryñ ";) hemmesi diýen ýaly:
Nesip bolsa,
Kabul bolsun,
Musulmany bolsun,
Omyn-Ämin,
Imany hemra bolsun -sözlerini her gün ulanyp, her naharda töwür galdyryp, her anna agşamlar palaw bişirmäge wagty-ýagdaýy bolmasa-da öten-geçeniniñ ruhyna el-galdyrýan adamlardyr.(körpejiklerne-de şony öwredýändir. Özem birmahallar kiçijik goşawuşjygyny atyp töwür galdyrandyr. Ine, şularyñ sadadan ýönekeý hem çuñ ynanjyna kesek atyp bilseñ, derrew meşhur bolarsyñ. "Soraglaýan-soraglañ!" Diýiber. Tokaý otla a:t gazan. Ýa-da: "Guýa syçda a:t gazan" Juda bir öz adyñ bn ýazasyñ gelmese-de başga bir atlar tapyn. Her şübhäñe ýerlikliräk jogap beren kişiden jogap bermegi öwren. Öz adyñ bn öz sahypalañda dindarsyraber. Öwrenen jogaplarñyñam sepini bildirmän öz sözüñ ýaly edip ýazmagy başarsañ, al ana saña kör abraý...
(hany indi bärde duraly. Häzirlikçe ýadyma düşenjesi şular. Belki ýene yzyny dowam ederin. Göribirisdä)
@Ötegçi
26.06.2022ý
13:26
Meşhurluga gysga ýol
Sorag-jogap,
Ötegçi
tarapyndan
26-06-2022, 13:29