Kiçi ýaşlardan başlap güýçsiz görünmezlik üçin ýa-da aýyp bolar diýip duýgularymyzy saklamagy öwrenýäs. Emma duýgularymyzy beýan etmesek, olar ýok bolmaz tersine, içimizde birigip negatiw düşünjelere öwrülýärler. Ruhy erkinlik üçin duýgularyňyzy beýan ediň.
Duýgularymyzy beýan etmek üçin biz näderejede erkinkäk?
Güýçli bolmak diýmek duýgusyz ýaly hereket etmek diýmek däldir. Duýgylary beýan etmegi bize hiç kim öwredenok, tersine duýgulary ýüze çylarmadygyňça, olary gizledigiňçe güýçli bolýandygymyz öwredilýär. Wagtyň geçdigiçe ol duýgulary gizlemegi şeýle bir öwrenýäs welin, aňymyzyň astynda bir ýerlere gömülip galýar we biziň hakyky menligimiz körleşýär. Şeýdip bizi hakyky menligimiz birahat we bagtsyz edip başlaýar. Beýan edilmedik duýgular bilen bilelikde öz öňümize diwarlar örýäs.
Duýgularyňyzy tanap we olary beýan etmegi öwreneniňizde gatnaşyklarda ynam döredip, başgalar bilen hakyky aragatnaşyk saklap bilersiňiz.
Erkekler hemmeleriň arasynda seýrek aglarlar, çünki aglamagy hem jynsyýete baglaýarlar ynsanlar. Erkek oglanlar köplenç “Erkek adam aglamaz!” ýörelgesi bilen ulaldylýar. Erkekler ýetginjeklik çaglaryna gelenlerinde bir zenany aglaýan wagty görenlerinde, olara kän belli bolmadyk nätanyş duýgy dörär içlerinde. Ýa aglaýan zenany köşeşdirmäge çalyşarlar ýa ejizlik saýarlar ýa gorkup gaçarlar. Käbir erkekler üçin bolsa, bir zenany aglatmak şowsuzlyk bilen deňdir we onuň bilen ýüzleşmek kyndyr.
Eger erkeklere aglamagyň normal zatdygy öwredilen bolsady?
Onda bir zenan bilen bile aglamagyň, oňa goldaw bermegiň, aglamagyň agyry we gynanjyň alamatydygyny bilip, zenanlara bolan garaýyşlary üýtgärmidi?
Ählimiz ynsan. Jynsyýet tapawudy bolman, hemmämiz şol bir duýgular bilen doguldyk. Diňeje sosýal jemgyýetimiz, medeniýetimiz bizi tapawutlaşdyrýar.
Çekinjeňlik ýa-da sosýal fobiýa görä köpçülikde özümizi beýan etmekde kynçylyk çekip bileris. Kiçeldilme gorkusy, tankytlanma gorkusy, ret edilme gorkusy, masgara bolaryn düşünjesi, hemmeler tarapyndan synlanýan düşünjesi… we ş.m ýagdaýlar gaýgy döreder we esasda ýer alan özüne ynamsyzlyk problemalary bilen birigip sessiz galmaga, duýgulary içiňde ýaşamaga, ýok diýip bilmezlige sebäp bolup biler. Bu şekilli adamlaryň aňynda bir söweş bar ýaly bolýar. Özüni blokirlemek we dymmak uruşy dowam edip biler. Bu uruşda käte gaharjaňlyk ýer alýar. Gowy aragatnaşygyň esasy şerti özüňi dogry we dürs beýan etmekdir. Aňladylmaýan duýgularyň, dertleriňiziň, problemalaryňyzyň netijesinde depressiýa sezewar bolarsyňyz. Gaýgyly bolsaňyz gaýgylydygyňyzy, bagtly bolsaňyz bagtlydygyňyzy, bir zat etmek, bir ýere gitmek, garaz göwnüňiz näme isleýän bolsa, dymman beýan ediň. Bu siziň öz gadyryňyzyň artmagyna-da kömek eder hem-de rahat duýarsyňyz özüňizi.
Kim näme diýse diýsin…

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 26-06-2022, 20:16

  • Ötegçi Ötegçi off № 1 26 июня 2022 20:47
    Hakyky erkek bolup aglanmaýar. Aglsañam hakyky erkegiñ ýanynda aglanýar. Ýada hakyky erkegiñ ölmüne.. aýallaram aglamazlygy owrense gowy bolmazdymy gaýtam?!.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 2 26 июня 2022 21:01
    Ötegçi,

    Hakyky erkek bolup aglanmaýar.

    Şu ýerde hakyky erkek bolupmy ýa hakykatdanam erkek bolup… diýmek islediňiz?
    Eger “Hakyky erkek” diýmek islän bolsaňyz, “Hakyky erkek” nähili aýratynlyklary özünde jemleýär?

    Näme üçindir ölüme aglamagy ýaraşdyrýarlar. Belki ölümiň sowuklygy üçin, belki-de gowy ynsanyň bizi taşlap gideni üçin aglaýandyrys.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 3 26 июня 2022 21:04
    Ötegçi,
    Erkek aglamaz ýaly, aýratyn bir biologiki, tebigy sebäbi barmy, ýa-da ol sebäp aňsyz maşgalalaryň hojalyk sistemasymy?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 26 июня 2022 21:07
    Keaip_begcon,
    Siz gödek gürleýäňiz. Aňsyz maşgala gördüňizmi hiç?
    Aňsyz diýilen adamlarda-da aň bolýandygyny diňe onuň ösmedik bolýandygyny bileňzokmy siz?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 5 26 июня 2022 21:12
    Ötegçi,
    Okadym. Jogap berip bolmady. Hökman paýlaşaryn.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 6 26 июня 2022 21:15
    Nirvana,
    Şu agzanyň gürleýşi ýaly gürleýändirin. Aňsyz bolsa, aňsyz diýerisdä. :(
    Jogap
  • biohimik. biohimik. off № 8 26 июня 2022 21:20
    Keaip_begcon
    Nirvana,
    Şu agzanyň gürleýşi ýaly gürleýändirin. Aňsyz bolsa, aňsyz diýerisdä. :(

    Hany Teilor dayynyñ aydan sozlerini yada sal!
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 11 26 июня 2022 21:52
    Nirvana,
    Sabyrsyzlyk bilen garaşaryn, Tañryýalkasyn!
    Hakyky erkek-nähili aýdaýyn, adatća bizde heleý ýaly diýilýär. Käbir erkekleri heleýe deñemegem utanç. Aýallary naçar görülýa dä. Fiziki babatda erkek bn añsat añsat deñ bolmaýar. Belki şonuñ üçin diýilýändir. "Bäş telpegi bir gyñaja dañyp git" hakyky adamlyk. Hakyky erkeklik. Hakyky zenanlyk juda seýrek duşýan ýagdaý hasaplaýan özüm-ä. Hakyky adamyñ ölmi diýemizde,diñe beden däl,  janly halallyk, janly mertlik ölýär. Dogry eden işleri ýatda galýar ýöne maslahata baryljak dergäh ölýär. "Agyr mähelleden eşdilmedi ses" (mähelle köp, adam az) Aglamajak bolsañ aglama-da onsañ...

    Begençgeldi de ýa da Rahat Şyhyda bardy:

    "Pul ýagýa, çöplemäge adam ýok"
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 12 26 июня 2022 21:58
    Keaip_begcon
    Nirvana,
    Şu agzanyň gürleýşi ýaly gürleýändirin. Aňsyz bolsa, aňsyz diýerisdä. :(


    Siz @Ötegçä görä köp kemsidiji sözler ulanýaňyz.
    Men tarap tutýan ýaly bolmaýyn. Ýöne menem gözümiň görýän hatlaryna görä jogap berýän.
    Aňly bilen aňsyz maşgalany tapawutlandyryp beräýiň?!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 13 26 июня 2022 21:58
    biohimik.
    Nirvana,
    Minnetdar

    Minnetdarlyk näme üçin?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 14 26 июня 2022 21:59
    wordless,
    Remezan,
    :) Minnetdar!
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 15 26 июня 2022 22:03
    Nirvana,
    Menem özlerine görä gürlesem bolmaýarmy? Aňsyz maşgala, aňsyz ynsanlardan düzülen maşgala. Mowzuk paýlaşypdym gyzyny daşlap öldüren kaka barada, ikisem aňly bolany üçin şeýdipdir. :)
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 16 26 июня 2022 22:05
    Nirvana,
    Tarap tutýan ýaly däl-de tutýaňyz. Görýän welin hemmesi içgin duşmançylyk göterýär maňa, öwrenişipdirin.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 17 26 июня 2022 22:06
    Ötegçi,
    Hakyky ynsan diýip bilýän welin…
    Şol heleý ýaly diýilmeginiň sebäbini öň bir ýazgy bilen düşündiripdim. Umuman adamlarda iki dürli energiýa bolýar. Erkeklik we aýal-gyz energiýalary. Olaryň ikisem iki jynsda bolup bilýär. Käbir erkeklerde aýal-gyz energiýasy has öňe çykýar. Olam maşgaladaky ýagdaýyna hem bagly bolup bilýär. Meselem köp gyzly maşgalada ýeke oglan bolup ulalan bolsa ýa gatnaşýan dost-ýarlarynyň köpüsi gyz bolsa… we ş.m. Şonuň üçin “heleý ýaly, gyz ýaly oglan” diýilýär. Çünki hereketleri gyzyňka meňzeýär.
    A käbir gyzlary görenimizde “erkek ýaly gyz” sözüni ulanýas. Buda erkeklik energiýasy has öňe çykany üçin şeýle bolýar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 18 26 июня 2022 22:08
    Keaip_begcon
    Nirvana,
    Menem özlerine görä gürlesem bolmaýarmy? Aňsyz maşgala, aňsyz ynsanlardan düzülen maşgala. Mowzuk paýlaşypdym gyzyny daşlap öldüren kaka barada, ikisem aňly bolany üçin şeýdipdir. :)


    Ol daşlap öldüreni üçin aňsyz däl, aňy kämilleşmedik. Hiç hili aňsyz bolsa, dinimiziň geregi şol diýibem daşlamaga, öldürmäge aňy ýetmezdi.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 19 26 июня 2022 22:10
    Nirvana,
    Şulam aňsyzlyga barýar.
    Jogap
  • Soho Soho off № 20 26 июня 2022 22:10
    Ahmet aytmyshlayyn "awtoriteti gachyrmajak bolup, dymyas"
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 21 26 июня 2022 22:12
    Keaip_begcon
    Nirvana,
    Tarap tutýan ýaly däl-de tutýaňyz. Görýän welin hemmesi içgin duşmançylyk göterýär maňa, öwrenişipdirin.


    Menem gönümelräk ynsanlardan. Ötegçiňem negatiw düşünjesini görsem ýörite belläp geçerin. Ol edebi dil bilen düşündirmäge synanyşýar. A siz göni aňsyz, jahyl, eýle-beýle sözleri ýelmeýäňiz garşyňyzdakyň şahsyýetine. :)

    Pessimist bolmaň, duşmançylyk duýgusy ýokdur olarda-da. Özüm-ä beýle garamok size. Onsaňam biz size näme üçin duşman gözi bilen garamaly?
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 22 26 июня 2022 22:14
    Nirvana,
    O temañyz ýadyma düşenok. Belkem ýokduryn. Goşulýan aýdanlarñyza. Birem yeke onup osenler bolýar. Men biri bn gatnaşýadym. Gije 1de de bolsa jañ edip bilýadi arkaýyn. Mašgalada yeke çaga. Mahir görmedik. Özüni öldüresi gelse şonam aýdyp bilýadi. Daşarda görseñ pozitiwni... duýgularny açyp bilmezdi başga kişa... kawagt pikirlenýadim: "bu maña jañ edip ozimi oldurjek diyip, soñam ozini oldurse başyma dert bolmasyn..." soñam diýýardim: "Ozalam meniñ ýanymda arkaýyn aýdýa problemalarny. Aýtmagy zordan başarýa. Diñlemegi başarsam beýle zatlar bolmaz...." indi gowlandy ötägitdi:)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 23 26 июня 2022 22:15
    Keaip_begcon
    Nirvana,
    Şulam aňsyzlyga barýar.


    Şol daşly meseleler ähli ýerde barmy? Ýok. Diňe Arap döwletlerinde gabat geldiňiz. Şeýlemi?
    Näme üçin dini günäkärleýäňiz. Diňe din däl-de şol dabarany gurnaýjylary näletleseňiz bolanokmy?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 24 26 июня 2022 22:17
    Soho
    Ahmet aytmyshlayyn "awtoriteti gachyrmajak bolup, dymyas"


    Ahmet aýdýan bolsa dymyň :)
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 25 26 июня 2022 22:17
    Nirvana,
    bahaber
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 26 26 июня 2022 22:19
    Nirvana
    Keaip_begcon
    Nirvana,
    Tarap tutýan ýaly däl-de tutýaňyz. Görýän welin hemmesi içgin duşmançylyk göterýär maňa, öwrenişipdirin.


    Menem gönümelräk ynsanlardan. Ötegçiňem negatiw düşünjesini görsem ýörite belläp geçerin. Ol edebi dil bilen düşündirmäge synanyşýar. A siz göni aňsyz, jahyl, eýle-beýle sözleri ýelmeýäňiz garşyňyzdakyň şahsyýetine. :)

    Pessimist bolmaň, duşmançylyk duýgusy ýokdur olarda-da. Özüme beýle garamok size. Onsaňam biz size näme üçin duşman gözi bilen garamaly?

    Häzir Ötegçiniň diýen sözlerini getirip görkezsem, "görmedim, şo sebäpli bilmedim" diýersiň. Bilmeseň anyk gürlemek dogrumy?! Tarap tutýanlygyňyza indi doly gözüm ýetdi.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 27 26 июня 2022 22:20
    Nirvana,
    Indi etdirmäge gönükdiren däl-de, eden günäkär bolýarmy?!
    Jogap
  • Soho Soho off № 28 26 июня 2022 22:21
    erkek adam aglamayar,
    shu "dirilish ertugrul"yn ichine girip goryan welin, her gezek gahrymanlardan biri olse, gozumi yashlap "hakkinizi helal edin" diyende "helal bolsun" diyenimi duyman galyan
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 29 26 июня 2022 22:21
    "Duýgylary beýan etmegi bize hiç kim öwredenok, tersine duýgulary ýüze çylarmadygyňça, olary gizledigiňçe güýçli bolýandygymyz öwredilýär. "


    Belki-de duýgularyň wagtlaýynçalygy üçin şeýle öwredilýändir?!

    "Duýgularyňyzy tanap we olary beýan etmegi öwreneniňizde gatnaşyklarda ynam döredip, başgalar bilen hakyky aragatnaşyk saklap bilersiňiz."

    Duýgular çalt üýtgegen bolýar. Köplenç adam bäş minudyň içinde birnäçe duýguny şatlygy, gaýgyny, ýeke-ýalňyzlygy, söýgüni, gerekliligi we ş.m duýgularyň birnäçesini ýaşap bilýär. Her bir ýaşaýan duýgumyzy ýanymyzdaka açyk beýan etjek bolsak, bu bizi bäş minudyň içinde ýaz howasy ýaly üýtgäp duran adam şekillinde görkezmezmi?! Kim beýle adama düşünerkä?! Kim ony dogry kabul edip bilerkä?! Adam psihologiýasynyň özem çalt-çalt üýtgeýän zatlary halamaýan bolarly, duýgy bolsa çalt üýtgeýän zatlarynyň hataryna girýär.

    Kömek etseň, ýatdan gitmez,
    Ýagşy dost dostun unutmaz,
    Aglamakdan bir iş bitmez,
    Gaýgy gitmez pal biläni.

    (Magtymguly Pyragy)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 30 26 июня 2022 22:21
    Ötegçi
    Nirvana,
    O temañyz ýadyma düşenok. Belkem ýokduryn. Goşulýan aýdanlarñyza. Birem yeke onup osenler bolýar. Men biri bn gatnaşýadym. Gije 1de de bolsa jañ edip bilýadi arkaýyn. Mašgalada yeke çaga. Mahir görmedik. Özüni öldüresi gelse şonam aýdyp bilýadi. Daşarda görseñ pozitiwni... duýgularny açyp bilmezdi başga kişa... kawagt pikirlenýadim: "bu maña jañ edip ozimi oldurjek diyip, soñam ozini oldurse başyma dert bolmasyn..." soñam diýýardim: "Ozalam meniñ ýanymda arkaýyn aýdýa problemalarny. Aýtmagy zordan başarýa. Diñlemegi başarsam beýle zatlar bolmaz...." indi gowlandy ötägitdi:)


    Wah şu mähirsizlik agyr duýgy. Gynansak-da, käbir ene-atalar mähir bermän, kiçilikden çagalarynyň eline telefon berýärler. Soňam belli…
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler