Kiçi ýaşlardan başlap güýçsiz görünmezlik üçin ýa-da aýyp bolar diýip duýgularymyzy saklamagy öwrenýäs. Emma duýgularymyzy beýan etmesek, olar ýok bolmaz tersine, içimizde birigip negatiw düşünjelere öwrülýärler. Ruhy erkinlik üçin duýgularyňyzy beýan ediň.
Duýgularymyzy beýan etmek üçin biz näderejede erkinkäk?
Güýçli bolmak diýmek duýgusyz ýaly hereket etmek diýmek däldir. Duýgylary beýan etmegi bize hiç kim öwredenok, tersine duýgulary ýüze çylarmadygyňça, olary gizledigiňçe güýçli bolýandygymyz öwredilýär. Wagtyň geçdigiçe ol duýgulary gizlemegi şeýle bir öwrenýäs welin, aňymyzyň astynda bir ýerlere gömülip galýar we biziň hakyky menligimiz körleşýär. Şeýdip bizi hakyky menligimiz birahat we bagtsyz edip başlaýar. Beýan edilmedik duýgular bilen bilelikde öz öňümize diwarlar örýäs.
Duýgularyňyzy tanap we olary beýan etmegi öwreneniňizde gatnaşyklarda ynam döredip, başgalar bilen hakyky aragatnaşyk saklap bilersiňiz.
Erkekler hemmeleriň arasynda seýrek aglarlar, çünki aglamagy hem jynsyýete baglaýarlar ynsanlar. Erkek oglanlar köplenç “Erkek adam aglamaz!” ýörelgesi bilen ulaldylýar. Erkekler ýetginjeklik çaglaryna gelenlerinde bir zenany aglaýan wagty görenlerinde, olara kän belli bolmadyk nätanyş duýgy dörär içlerinde. Ýa aglaýan zenany köşeşdirmäge çalyşarlar ýa ejizlik saýarlar ýa gorkup gaçarlar. Käbir erkekler üçin bolsa, bir zenany aglatmak şowsuzlyk bilen deňdir we onuň bilen ýüzleşmek kyndyr.
Eger erkeklere aglamagyň normal zatdygy öwredilen bolsady?
Onda bir zenan bilen bile aglamagyň, oňa goldaw bermegiň, aglamagyň agyry we gynanjyň alamatydygyny bilip, zenanlara bolan garaýyşlary üýtgärmidi?
Ählimiz ynsan. Jynsyýet tapawudy bolman, hemmämiz şol bir duýgular bilen doguldyk. Diňeje sosýal jemgyýetimiz, medeniýetimiz bizi tapawutlaşdyrýar.
Çekinjeňlik ýa-da sosýal fobiýa görä köpçülikde özümizi beýan etmekde kynçylyk çekip bileris. Kiçeldilme gorkusy, tankytlanma gorkusy, ret edilme gorkusy, masgara bolaryn düşünjesi, hemmeler tarapyndan synlanýan düşünjesi… we ş.m ýagdaýlar gaýgy döreder we esasda ýer alan özüne ynamsyzlyk problemalary bilen birigip sessiz galmaga, duýgulary içiňde ýaşamaga, ýok diýip bilmezlige sebäp bolup biler. Bu şekilli adamlaryň aňynda bir söweş bar ýaly bolýar. Özüni blokirlemek we dymmak uruşy dowam edip biler. Bu uruşda käte gaharjaňlyk ýer alýar. Gowy aragatnaşygyň esasy şerti özüňi dogry we dürs beýan etmekdir. Aňladylmaýan duýgularyň, dertleriňiziň, problemalaryňyzyň netijesinde depressiýa sezewar bolarsyňyz. Gaýgyly bolsaňyz gaýgylydygyňyzy, bagtly bolsaňyz bagtlydygyňyzy, bir zat etmek, bir ýere gitmek, garaz göwnüňiz näme isleýän bolsa, dymman beýan ediň. Bu siziň öz gadyryňyzyň artmagyna-da kömek eder hem-de rahat duýarsyňyz özüňizi.
Kim näme diýse diýsin…

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 26-06-2022, 20:16

  • Гость Гость off № 31 26 июня 2022 22:23
    Ötegçi,
    Hakyky erkegem aglaýar. Ýöne HAKYKY erkegiň tapawutly ýeri her öňýeteniň ýanynda ejizlänok, bildirenok.
    Jogap
  • Гость Гость off № 32 26 июня 2022 22:24
    Soho Soho on № 20Şu gün, 22:10
    Ahmet aytmyshlayyn "awtoriteti gachyrmajak bolup, dymyas

    ))))
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 33 26 июня 2022 22:24
    Nirvana
    Ötegçi
    Nirvana,
    O temañyz ýadyma düşenok. Belkem ýokduryn. Goşulýan aýdanlarñyza. Birem yeke onup osenler bolýar. Men biri bn gatnaşýadym. Gije 1de de bolsa jañ edip bilýadi arkaýyn. Mašgalada yeke çaga. Mahir görmedik. Özüni öldüresi gelse şonam aýdyp bilýadi. Daşarda görseñ pozitiwni... duýgularny açyp bilmezdi başga kişa... kawagt pikirlenýadim: "bu maña jañ edip ozimi oldurjek diyip, soñam ozini oldurse başyma dert bolmasyn..." soñam diýýardim: "Ozalam meniñ ýanymda arkaýyn aýdýa problemalarny. Aýtmagy zordan başarýa. Diñlemegi başarsam beýle zatlar bolmaz...." indi gowlandy ötägitdi:)


    Wah şu mähirsizlik agyr duýgy. Gynansak-da, käbir ene-atalar mähir bermän, kiçilikden çagalarynyň eline telefon berýärler. Soňam belli…

    Indi şu aňsyzlyk dälmidir?! Aňly bolsalar telefony bermezlige akyl ýetirip biezdilermi?! Size maýdaçyldyr öýtmändim.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 35 26 июня 2022 22:26
    Keaip_begcon
    Nirvana
    Keaip_begcon
    Nirvana,
    Tarap tutýan ýaly däl-de tutýaňyz. Görýän welin hemmesi içgin duşmançylyk göterýär maňa, öwrenişipdirin.


    Menem gönümelräk ynsanlardan. Ötegçiňem negatiw düşünjesini görsem ýörite belläp geçerin. Ol edebi dil bilen düşündirmäge synanyşýar. A siz göni aňsyz, jahyl, eýle-beýle sözleri ýelmeýäňiz garşyňyzdakyň şahsyýetine. :)

    Pessimist bolmaň, duşmançylyk duýgusy ýokdur olarda-da. Özüme beýle garamok size. Onsaňam biz size näme üçin duşman gözi bilen garamaly?

    Häzir Ötegçiniň diýen sözlerini getirip görkezsem, "görmedim, şo sebäpli bilmedim" diýersiň. Bilmeseň anyk gürlemek dogrumy?! Tarap tutýanlygyňyza indi doly gözüm ýetdi.

    Men soňky bir hepdedäki ýazylanlary teswirme-teswir okamok. Getirip görkeziň. Size gödek gürleýäňiz diýip hakykaty aýtmak siziň üçin tarap tutmak bolýan bolsa, goý men tarapgöý bolaýyn.
    Meniň gönümeldigimi aralarda agzalaryň häsiýetine, hereketine görä ýazan mowzugymdanam aňsa bolýandyr-la.
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 36 26 июня 2022 22:27
    Гость,
    Ötegçi,
    Hakyky erkegem aglaýar. Ýöne HAKYKY erkegiň tapawutly ýeri her öňýeteniň ýanynda ejizlänok, bildirenok.

    Hak aýtdyň goja
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 37 26 июня 2022 22:31
    Keaip_begcon,
    Dogrudanam gyz-oglan, uly-kiçi känbir saýgaryp durmaýaňyz, iňsoňky aýtmaly sözleri hem birinji diýip goýberýän ýeriňiz köp bolýar, birem mowzukdan ötri, din bilen bagly teswirleri ýazýaňyz, din bilen bagly teswirleriňizi dini temalarda ýazyň hem-de az-owlak bolsa-da uly-kiçi, gyz-oglan garşydaşyňyzy saýgaryp, ýaramaz sözleri aýtmakdan saklanyň, sylanşygyňyzy ýitirmäň. Eger-de size hemme duşman ýa-da jahyl hökmünde görünýän bolsa, onda özüňizi bu dertden gutaryp saýta gelmäň. Hemme zadyňam çaky ýagşy.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 38 26 июня 2022 22:34
    Keaip_begcon
    Nirvana,
    Indi etdirmäge gönükdiren däl-de, eden günäkär bolýarmy?!


    Siz anyk bilýäňizmi şol etdireniň şeýle gönükdirendigini?
    Ýazylana esaslanyp gurnaýjylary sebäpkär hasaplardym men.
    Diniň ýoýulandygyny sizem bilýän bolsaňyz gerek. Siz zenanlara yslam dininde sarpa goýulanok kitapda diýýäňiz. Amerika ýaly döwlete gidip görseňiz, biziňkiçe-de sarpa goýanoklar zenanlaryna.
    Okan wagtyň haýsy din size mantykly görünýän bolsa şoňa ynanyp, ynanmaýanyňyza ýalan, zalym, wagşy… olara ynanýanlar jahyl diýmek zerurmy?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 39 26 июня 2022 22:38
    Duýgudan dinli tema gidip, asyl temadan daşlaşmalyň. Dinli çekeleşige girip biljek iň soňky adam men.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 40 26 июня 2022 22:43
    Hiayress
    "Duýgylary beýan etmegi bize hiç kim öwredenok, tersine duýgulary ýüze çylarmadygyňça, olary gizledigiňçe güýçli bolýandygymyz öwredilýär. "


    Belki-de duýgularyň wagtlaýynçalygy üçin şeýle öwredilýändir?!

    "Duýgularyňyzy tanap we olary beýan etmegi öwreneniňizde gatnaşyklarda ynam döredip, başgalar bilen hakyky aragatnaşyk saklap bilersiňiz."

    Duýgular çalt üýtgegen bolýar. Köplenç adam bäş minudyň içinde birnäçe duýguny şatlygy, gaýgyny, ýeke-ýalňyzlygy, söýgüni, gerekliligi we ş.m duýgularyň birnäçesini ýaşap bilýär. Her bir ýaşaýan duýgumyzy ýanymyzdaka açyk beýan etjek bolsak, bu bizi bäş minudyň içinde ýaz howasy ýaly üýtgäp duran adam şekillinde görkezmezmi?! Kim beýle adama düşünerkä?! Kim ony dogry kabul edip bilerkä?! Adam psihologiýasynyň özem çalt-çalt üýtgeýän zatlary halamaýan bolarly, duýgy bolsa çalt üýtgeýän zatlarynyň hataryna girýär.

    Kömek etseň, ýatdan gitmez,
    Ýagşy dost dostun unutmaz,
    Aglamakdan bir iş bitmez,
    Gaýgy gitmez pal biläni.

    (Magtymguly Pyragy)


    Psihologiýaň özi duýgular bilen baglanyşykly. Men şeýle-de, adamlary 4 pasyla meňzedýän.

    Her duýgyny içiňden gelen wagty, içiňden gelşi ýaly başdan geçirseň gowy dälmi?
    Aglamagyň bitirýän işlerini, peýdalaryny bilýänsiňiz diýip pikir edýän.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 41 26 июня 2022 22:56
    21 июня 2022 21:24

    Öñem bir sam.sygy: "señki dogry" dp ýeñipdim wln bulara señki dogry diýip ugryna kowuberseñ nirden çykarjaklar:D sam.syga da bir meñzanoklar.
    Süýt süýde meñzesin diýişi ýaly, sam.sygam samsyga meñzar wln :D

     21 июня 2022 21:43

    Keaip_begcon,
    Tuweleme onda barde o dunyede Sokrat Datwin Nisse dagy bn bile oýanañda ýanymda turkmenlerden biri bolaýsyn dp jahenneme barýakañ yoldaş gozleýäñmi?! Ýeke gitseñ gyzyksyz bolmalyda

    19 июня 2022 16:19

    Hehhe "bir ýeriñize"  diñe güýmenje boldy. Deger degmez zadam bir ýerik deger oguşýan! :) siz gürlemäni başarýan bolsañyz bolýamyşda, başaryp galyñ! -P

     21 июня 2022 22:23

    Keaip_begcon,
    Yogow men bilemokdum, öwredaýdiñda pelsepe okyjylarydygyny. Ideologiýanam bilemoga men. Aslynda iýilýan zatmyka da oydup otyryn! :D

    11 июня 2022 22:50

    Pegas,
    Hawkiñ daýydan bir zat çil, Albert daýydan birzat. Akyl satyber onnoñ. Kelläñ agyrysy illere gećip başlamagam ahmal :D

    Indi bu agzamyz şunça agzysarylyk edip, äsgermezçilikli jogaplar beripdir. Makaladan çykyp, birtopar şular ýaly teswir goýupdyr. We siz niresinde "munyňyz dogry däl" diýdiňiz?! We meniň şu diýenimiň haýsysy şular bilen deň?! Jahyl diýip men bu mowzukda oňa diýmedim, jahyl diýip agzamadym, diňe maşgalanyň aňsyzdygyny beýan etdim. Siz bolsa haçanky bir sözi alyp, şeýle diýdiňiz diýdiň. Ol öňki ýazgy bolsady, bular hem öňki teswirlerdi, bulara näme üçin diýmediňiz?! Men jahyl diýen bolsamam, munyň nämesi erbet?! Sözlükdäki ýeri: [ja:hy:l] Nadan, sowatsyz, bilimsiz. Jeň eýleme jahyl bilen. (Mätäji). Indi siz gönümel bolup aýdypsyňyz, menem gönümel bolup bilmerinmi? Munyň niresi gödeklik?! Size maslahatym, adyl bolmany bir başaryň, sizden beýle zat çykar öýdemokdym.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 42 26 июня 2022 23:01
    Nirvana,
    Indi Amerikadaky gyzlaryň näme dahyly bar bärde? Olar hormat goymady diýip, Yslamam goýmaly dälmi? Syýasat barada birazajyk pikiriňiz bolsa beýle teswir ýazmazdyňyz. Yrakda hol günjek bir gyz diňe model bolany üçin maşynda içalylyk bilen atylyp öldürildi. Birtopar aýal-gyzy daşlap, gana bulap öldürdiler. Aýallar bedenini satmana mätäç bolýarlar eklenip bilmän. Owganystanda burun kesýärler. Öz erkiňe gezmäne goýmaýarlar. Onsaň Amerika şular ýaly zat edýärmi? Haýsy hormat goýýarka?!
    Jogap
  • Granger Granger off № 43 26 июня 2022 23:01
    Psihologiýaň özi duýgular bilen baglanyşykly. Men şeýle-de, adamlary 4 pasyla meňzedýän.

    Men bolsa, "Garpamyk we 7 girdenek"-däki 7 girdenege. (:

    (Özümem edil Dymma-ny gör-de meni göräý. Biraz artygrak gepleýän diýmesem)
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 44 26 июня 2022 23:01
    Hiayress,
    Sylanşygy olar ýitirýärler, men däl.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 45 26 июня 2022 23:07
    Keaip_begcon,
    Tema dahylsyz dini teswirlerem siz dälde, olar ýazýandyr?! (Sylanşygy ýitirme diýenim sorag däldi-de ýüzlenmedi)
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 46 26 июня 2022 23:09
    Hiayress,
    Aňsyz maşgala mysal getirdim, gaýta Nirvana girip gitdi, "Amerikada pylan" diýip.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 47 26 июня 2022 23:10
    @Ötegçi siz gaty erbet gödek gürläpsiňiz welin, zadyň çaky däl. Indi beýtmäweriň. Heý, öňki samsyga-da bir sam’syk diýilermi?
    Samsyga meňzäňzok diýipdir size gadyrly @Keaip_begcon!
    Siz @Hemedany agzaň kiçiligine garamazdan agam diýip ýüzlenýäňiz. @Dark_Wolf, @Arkaç we beýleki agzalara sen dili bilen ýüzlenýäňiz.
    Gowsy siz ilki edebi dil bilen ýazyň. Olaram ýazarlar. Olar etdi diýip siziň etmegiňiz siziň Olar hormat goymady diýip, Yslamam goýmaly dälmi? sözüňize meňzeýär.
    Meni dinli gürrüňe çekmäň. Men ol gürrüňlere goşulmazlygyň tarapdary.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 48 26 июня 2022 23:13
    Keaip_begcon
    Hiayress,
    Aňsyz maşgala mysal getirdim, gaýta Nirvana girip gitdi, "Amerikada pylan" diýip.

    Hiayress men günäkär. Günämi geçeweriň, indiki gezek gaýtalamaryn.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 49 26 июня 2022 23:13
    Nirvana,
    Siz tarap tutýaňyz, başga hiç zadam däl. Başdan bäri maňa duşmançylyk duýýadyňyz, öňki temada-da beýan etdiňiz muny. Dark_Wolf agza, "seniň meň gözümdäki ornuň" diýenden soň, menem ornumy görkezdimdä, ýalňyşypdyrynmy?! Hormata mynasyp adamlara siz diýip ýüzlenýändirin belki. Arkaç agzanyň ýazanlaryny bir ýazdyrmaň maňa.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 50 26 июня 2022 23:13
    Nirvana,
    Diniňize ynanmaýanym üçin diňe maňa äsgermezçilik etmegiňiz hökmanmy?!
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 51 26 июня 2022 23:22
    Keaip_begcon
    Nirvana,
    Diniňize ynanmaýanym üçin diňe maňa äsgermezçilik etmegiňiz hökmanmy?!


    Ýekeje äsgermezçiligime mysal getiriň.
    Jogap
  • Keaip_begcon Keaip_begcon off № 52 26 июня 2022 23:25
    Nirvana,
    Ol agzalaryň hiç birine agzaman, diňe men gözüňize görünip duryn. We "dinj çekeleşik etmeýärin" diýip, gaty inçeden dini temalara girýäňiz we pikiriňizi beýan edýäňiz, şu ýerde edişiňiz ýaly. Dine soragyňyz bar bolsa berip bileňzokmy, beýdip garşylyk görkezip mysal getirer ýaly?!
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 53 26 июня 2022 23:53
    Nirvana,
    Bir teswiri okamañ))) bir teswir bn baha bermäñ:)
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 54 26 июня 2022 23:55
    http://biz.islenen.ru/18210-musulman-dosdum-bilen-cekeleigim-analiz.html#comment

    http://biz.islenen.ru/18314-jesetde-bir-hakim-bardyr-ol-hem-dildir.html#comment

    Su 2sinden soñ Hantöre açypdy:

    http://biz.islenen.ru/18315-bu-blog-dawa-jenjel-ucin-acylyar.html#comment

    okap göriñ... aý onsañam ýadadym mena şu temadan... din din din....
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler