Ýewropanyñ dini ynançlarynda, şeýle hem Hristiýanlygyñ ynançlarynda, aýratynam Ybranylaryñ gadymy ynançlaryna görä zenan Lilit, Adam ata bilen birlikde ýaradylypdyr. Adam ata bilen birlikde bolmagy göwnemändir. Adam şonça oñ göwnüni tapjak bolup jan edipdir. Ýöne ol jadyly terapiýany ulanyp ondan gaçýar we ondan uzaklaşýar.
Perişdeler ony yzyna getirmek üçin Liliti gözläp tapýarlar, ýöne ol Gyzyldeñiz bilen bile bolup, 100-e golaý jyn dünýä inderýär. Lilit şol sebäpden yzyna dolanyp barmagyñ manysyzdygyny perişdelere aýdýar. Perişdeler ony yzyna dolanmagy üçin her gün bir jyn çagasyny öldürip gidýärler. Lilit Adamyñ neslinden bolan oglan çagalar sünnet edilenden soñ boýunlaryna 8 günläp, gyzjagazlar bolsa 20 günläp öz adyny ýazdyryp doga-tumar dakynmasa çagalary öldürjekdigine and içýär.
Häzirem köp ynançlara görä bardygyna ynanylan jynkar Adam bilen Lilitiñ we Tuwal Kabylyñ aýaly Naamyñ birleşmesinden emele gelipdir.
Adam ata bilen How ene ikisi jennetden kowulmazdan öñ olar baky ýaşaýyşdadylar. Lilitden soñ Allatagala ady näbelli başga bir zenan ýaradýar. Ýöne Adam ony halamandyr. Göwnüne ýaramandyr. Üçünji gezekde Allatagala Adam atany ukladyp gapyrga böleginden How enäni ýaradypdyr. How ene soñ özüniñ bir böleginden bolany üçin Adam atañ göwnüne ýaraýar.
Hekaýanyñ başga bir rowaýatyna görä Eýýup pygambere jebir-jepa ýetirmek üçin çagalaryny öldüren iblis ýa-da Türki mifologiýasynda agzalýan ene garnyndaky (türkçe-lohusa döwri Ç. S.) çagalary bogup öldürýän, çaga düşürtýän Albyz iblisi şol Lilit diýip düşünipdirler. Tañry Inannada meñzedilipdir. Häzirki döwürde käbir Musaýylaryñ arasynda adata öwrülen ýagdaýlaryñ biri hem, göwreli heleý agşamlaryna öýde ýeke galdyrylmaly däl eken we agşamlary kir serilende ýüpde çaganyñ eşigi goýulanok eken. Sebäbi Lilit (Albassy) ony göräýse ol öýde çaganyñ ýaşaýandygyny anyklap biler eken.
Taýýarlan: JekSparro
Lilit
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
31-05-2021, 17:13