Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (27.06-03.07)
Indiki hepde Türkmenistanyň aglaba welaýatlarynda adatdan daşary yssy bolmagyna garaşylýar. Howa maglumaty gullugy käbir sebitlerde howanyň +47 derejä çenli gyzmagy mümkin diýip habar berýär. Emma hepdäniň dynç günlerine golaý yssy biraz düşüşip ugrar.
Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri termometriň sütünjigi +45 - +46 derejä ýeter. Çarşenbe güni howa +42 dereje bolar diýip çaklanylýar. Penşenbede aňrybaş temperatura +39 derejä çenli aşaklar, anna güni bolsa ýene +40 derejä galar. Dynç günleri temperaturanyň +33 derejä çenli aşaklamagy mümkin.
Balkan welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri temperaturanyň derejesi +39 - +38-de saklanar. Çarşenbe güni aňryçäk temperaturanyň +35 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Penşenbe güni howa ýene gyzyp, temperatura +39 derejä galar. Anna gününden başlap, hepdäniň ahyryna çenli termometriň sütünjigi +35 derejäni görkezer.
Daşoguz welaýatynda duşenbe güni howa +43 derejä çenli gyzar. Sişenbede howanyň aňrybaş gyzgynlygy +45 derejä ýeter. Çarşenbe güni termometriň sütünjigi +40 derejä düşer. Penşenbe we anna günleri howanyň gyzgynlygy biraz düşüşip, +35 - +35 dereje bolar. Dynç günleri termometriň sütünjigi +30 derejäni görkezer.
Mary welaýatynda duşenbe we çarşenbe günleri aralygynda aňrybaş temperatura +46 derejede saklanar. Penşenbede termometriň sütünjiginiň +42 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Anna we şenbe günleri +41 dereje yssy bolar. Ýekşenbe güni howanyň +34 dereje bolmagy mümkin we tizligi sekuntda 16 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar.
Lebap welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howanyň gyzgynlygy +45 dereje bolar diýip garaşylýar. Çarşenbe güni özi bilen +47 dereje yssy howany getirer. Penşenbe güni aňrybaş yssylygyň +40 derejä çenli peselmegi mümkin we termometriň sütünjigi tä şenbe gününe çenli şol derejäni görkezer. Ýekşenbe güni yssynyň +33 derejä çenli biraz düşüşmegi mümkin. Şeýle-de, dynç günleri şemal güýçlenip, tizligi sekuntda 16 metre ýeter.

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
26 комментариев