Günorta Afrika Respublikasynda futbol äleminde görlüp-eşidilmek waka boldy. Ikinji liga çykmak üçin göreş alyp barýan “Matiýasi” futbol kluby öz meýdançasynda “Nsami Maýti Börds” topary 59-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda 59 goluň 41-sini myhman toparyň oýunçylary öz derwezesinden geçirdi.

“Matiýasi” toparynyň “ABC Motsepe Ligasyna”, ýagny 2-nji liga çykmagy üçin taryhy netije gereklidi. 3-nji orunda barýan topar 18 gol aratapawudy bilen ýeňiş gazanmalydy. Ýöne olaryň “Nsami Maýti Börds” topary bilen geçiren duşuşygy olara gereginden hem artykrak hasap bilen tamamlandy.

Ýurduň degişli edaralary, futbol synçylary bu duşuşyk barada iş gozgadylar. Duşuşykda galplyga ýol berlendigi, toparlaryň dil düwşendigi ýüze çykaryldy we iki klub hem ýatyryldy. Başgaça aýdylanda, iki klub mundan soň hiç hili futbol duşuşygyny geçirmez, iki topar ömürlik futboldan çetleşdirildi.

Şol bir wagtyň özünde “Matiýasi” bilen utugy deň bolan “Şiwulani Denjeros Taýgers” kluby bilen “Kototo Häppi Boýs” toparynyň arasynda-da galplyk ýüze çykaryldy. Duşuşyk 33-1 hasabynda Şiwulani toparynyň peýdasyna tamamlandy. Bu duşuşykda 7 goly “Kototo” toparynyň oýunçylary öz derwezesinden girizdi. Netijede, bu iki klub hem ömürlik futboldan daşlaşdyryldy.

Zaman Türkmenistan gazeti.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sport, SmartLider tarapyndan 27-06-2022, 15:10

  • Gauzen Gauzen off № 1 27 июня 2022 15:15
    Tötänlikmi ;))
    Jogap
  • SmartLider SmartLider off № 2 27 июня 2022 15:16
    Gauzen,
    Gauzen
    Tötänlikmi ;))

    Tertibi saklalyň))
    Jogap
  • SmartLider SmartLider off № 3 27 июня 2022 15:17
    Öz warataňa 41 gol salaýasyň ýog-a name
    Haýranym hekgerdi meňä... Söz ýok wara...
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 4 27 июня 2022 15:23
    Pul diýip adamlar özüni öldürmeselerem biri... Ýöne şony edýänem bardyr...
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 5 27 июня 2022 15:23
    SmartLider
    Öz warataňa 41 gol salaýasyň ýog-a name
    Haýranym hekgerdi meňä... Söz ýok wara...

    Aý näme gowja töleseler 41 däl 101em salarsyň hihi
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 6 27 июня 2022 15:24
    Men saňa 1 000 000 000$ pul berjek, poýuzyň relsiniň üstünde kelläňi goý diýseler, şony etjegem bardyr...
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 7 27 июня 2022 15:25
    - Sen name ucin Maywezerden utuldyn
    - Koprak pul ber sennenem utulayyn gerek bolsa
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 8 27 июня 2022 15:25
    Gauzen
    SmartLider
    Öz warataňa 41 gol salaýasyň ýog-a name
    Haýranym hekgerdi meňä... Söz ýok wara...

    Aý näme gowja töleseler 41 däl 101em salarsyň hihi

    Aý ýok-laý, edil namysyňy sataýasyň ýoga-how... Adamlarda utanjam galmandyr...
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 9 27 июня 2022 15:26
    Khanture
    - Sen name ucin Maywezerden utuldyn
    - Koprak pul ber sennenem utulayyn gerek bolsa

    Haý senem-aý, tapýaň-aý bir zatlar hihi
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 10 27 июня 2022 15:27
    Ine afrikadaky çagalar nämüçin aç? ;)))
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 11 27 июня 2022 16:07
    Ya v shoke i moy shok v ahuye?
    Jogap
  • SmartLider SmartLider off № 12 27 июня 2022 16:15
    Bendtner
    Ya v shoke i moy shok v ahuye?

    Öň bu habary okap görmändiňmi?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler