Çeper eserleri söyyän her bir okyjy (hatda olar üçin tayak iyyän) yazyjy bolmagy arzuw edyär ya-da diňe men şeylemikäm?! Käwagty öz gahrymanlarym bn gurleşip gezme häsiyetim bar. Şoň un ejem "aňkow" diyip kän sögyär, sebäbi kelle başga yerde başga adamlaryň durmuşyny ölçerip-döküp yör. Kagyza geçirmedim. "Tejribäm pesdir, wagt gidirenime kelle döwenime degmez" diyyän. Käbir sýužetler un birnäçe adamlar bn duşuşdym. Eseriň has täsirli bolmagy un baş gahrymanlarym bn ayratyn duşuşyp birnäçe dokumentleri gözüm bn görmegi maslahat berdiler. Şeyle wakalar birki gezek boldy, garaz, eserimiň çap ediljegine-de ynamym yok. Ähli döredijiligimi kellämde we yuregimde saklap yörun. Batyrgay çemeleşibem bilemok. Özum yaly tutanyerli okyjynyň okamagyndan çekinyän. Göwnunden turup bilmerin diyip gorkyan. Gorkyan zatlarym gaty köp. Beydip, iliň senden yazmasyny islän eserlerini yazman yörseňem birhili. Syužetlerimi başga birine bereyin diysemem häzirki döwurde göwnum turyan yazyjy yok birem göwnumdäki zatlary, elime tutup berlen guşy başgasyna iydiresim gelenok...

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Nairobii tarapyndan 28-06-2022, 15:54

  • Nairobii Nairobii off № 1 28 июня 2022 15:55
    göwnumden turyan*
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 2 28 июня 2022 16:11
    Seniň şu hereketiň, hakyky ýazyjylaryň häsiýeti, Hekaýaňda, ähli gahrymanlaryň ýerinde özüňi goýsaň gowy hekaýa, roman garaz näme ýazýan bolsaň şol bolup çykar
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 3 28 июня 2022 16:19
    Remezan,
    Yazyjylygymy ya-da däldigimi hereketim däl-de eserim kesgitlemeli has dogrusy okyjylar kesgitmeli :)
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 4 28 июня 2022 16:23
    Hany "Ýatyp galandan atyp gal" etde ýazda paýlaş, senden näme çykjagyňy aýdyp bereli. )
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 5 28 июня 2022 16:26
    Nairobi
    Remezan,
    Yazyjylygymy ya-da däldigimi hereketim däl-de eserim kesgitlemeli has dogrusy okyjylar kesgitmeli :)

    Özüň okyjy bolup oka, ýazyjy bolup ýürekden ýaz
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 6 28 июня 2022 16:29
    Hiayress,
    dur okuwa gireyin bolmasa menden duzuwli zat çykmaz
    Jogap
  • Dark_Wolf Dark_Wolf off № 7 28 июня 2022 16:31
    Dogurdanam "aňkow" ekeniň)
    Şu ýumurtga kelläňe näme gelse, gelen dessine ýazmaly.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 8 28 июня 2022 16:33
    Nairobi,
    Nä, okuw nä, pi:l dogrulaýan Anna kakamy?! Baraňda düzedip goýbär ýaly. "Boljak oglan *okyndan bellidir" diýip eşitmänmidiň?!
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 9 28 июня 2022 16:37
    Hiayress
    Nairobi,
    Nä, okuw nä, pi:l dogrulaýan Anna kakamy?! Baraňda düzedip goýbär ýaly. "Boljak oglan *okyndan bellidir" diýip eşitmänmidiň?!

    Bäh, göni onlukdan uraýýaňyz-aý :D
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 10 28 июня 2022 16:40
    Dark_Wolf,
    yaltalygam barlay arasynna
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 11 28 июня 2022 16:41
    Hiayress,
    şondan soň yazsam has gowy bolayjak yaly-da birhili
    Jogap
  • My life My life off № 14 28 июня 2022 17:01
    Yazyber arkayyn, okalyda
    Jogap
  • Margarita Margarita off № 15 28 июня 2022 17:25
    Ýazýanlaram meger şeýdip başlaýandyrlar. Ýazyber, okamak biziň bilen )
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 16 28 июня 2022 17:28
    My life,
    Margarita,
    garaburc,
    yazjak diyip başlanym bilen tiz wagtda size gowuşmaz gyzlar köp garaşaryňyz men kämil kemçiliksiz edebiyatymyza ulurak goşant bolsun diyip yazjak. Kitaba höwessizleri kinodan çekip kitap okar yaly gyzykly dartgynly eser döretmek isleyän
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 17 28 июня 2022 17:34
    Bay-ba yazyjy bolmak ucin ilki bilena zehin, sonra yhlas. Ozini taplamak ucin juda kop okamaly. Dunya edebiyatynyn gornikli wekillerinin eserlerini okamaly. Dine olam dal flosofiya, pisgalogiya ylymlaryna degishli kitaplary okamaly. Yazyjylyk ukyby bar adamdan talim almaly. Idegi yetmese sor yerden ekin alyp bolmayar. Syužet her kimde-de bar, suwy, dokuni yetirip kagyza gecirmekde oyun bar. Elinden 40 yyllap galam dushurman Ozune yazyjy diyip yorenlerin romanlaryny yada powestini okanynda kitaby yapanyny duyman galyan. Bey diysem ruhdan dushman! Yhlasyn bolsa hokman bolar. Yone onundaki praktikalary gecmeli. Yhlas, zehin, okumushlyk, ishennirlik.
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 18 28 июня 2022 17:49
    Goklors,
    şoň un entek başlamayandygymy duydurdym mowzukda
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 20 28 июня 2022 18:36
    Geçip barýaka sowlan...,
    yok
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 21 28 июня 2022 21:17
    Nairobi,

    Ýazyp gör, ýazaňda-da seniň eseriňi halamajak biri üçin däl özüň üçin ýaz. Tankytdan, gep gürrüňden gorkma, iň bolmanynda kelläňe gelen ideýalary ýazga geçirip ýör obadaş)))
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 22 28 июня 2022 21:32
    Iň bolmanda ýazgyňy saýta goý, men ýüz görmän tankygy syn bereýin size. Bolmasa poçdama oklaý. Elbetde men edebi tankytçy däl. Zehinliler halkyň arasyndan çykýar. Sizem halkyň wekili.
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 23 28 июня 2022 21:41
    Ýazmak lezzetli. Iň bolmanda hiçkime okatman, öziň ýazyp, ile okatman ýyrtmagam lezzetli.
    Jogap
  • iKONic iKONic off № 24 28 июня 2022 22:19
    Okuwa gireňsoň belanam yazmayaň. Şu wagtdan çyrşaber.
    Jogap
  • Nairobii Nairobii off № 25 28 июня 2022 22:36
    iKONic,
    bu wagt biraz irräk
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler