Giç ýagşy, agzalar. Bu gün saýtymyzyň iň gowy teswirçisi, şadyýan dostumyz Gost kaka bilen uzak garaşylan söhbetdeşligi gurnarys. Söhbetdeşligi "Massimus production" söýgilisiniň ýüregine düşmezlik üçin söýgülisini tiz-tizden çalyşýan oglanlary maliýe taýdan üpjün ediş guramasy geçirer. Düzgünlerimizde üýtgeşme ýok. Siz Islemeýän soraglaryňyza jogap bermän bilýäňiz. Taýynmy? Ýörüň onda...
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Näme üçin şu nik?
3. Saýtdan bir gyza öýlenmeli bolsaňyz haýsy agzany saýlardyňyz?
4. Siz saýtymyzyň iň gowy teswir ýazýan agzasy, teswir ýazmankaňyz pikirlenýäňizmi ýa ýüzugra ýazýaňyzmy?
5. Şahsy durmuşyňyz barada gürrüň beräýiň.
6. Nädip mydama şeýle şadyýan bolup bilýäňiz, bizede öwrediň.
7. Bäşlikleriňiz gutarmanka iki bolup oturaýaly, nähili görýäňiz?
8. Gyzlaryň Siz aýtmankaňyz, Size halaýandygyny duýduranlary boldumy? (Şuňa serýozny jogap beriň ýöne)
9. Agzalara başga-da hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz barmy?
10. Durmuşyňyzda bolan gülkünç wakalardan birini gürrüň beräýiň.
11. "Söýgiň gözi kör bolýar" diýýärler, muňa nähili düşünýäňiz?
12. Şu ýerden islän meşhur adamyňyza salam ýollamak mümkinçiligi bar. Kime, nähili salam ýollardyňyz?
13. Goý Siziň janyňyz sag, görjegiňiz gowulyk bolsun. Saýtymyzyň iň şadyýan agzalarynyň biri bolup galyň.
14. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz, sag boluň!
Geliň tanyşalyň?! Iň gowy teswirçi Гость bilen...
Sorag-jogap,
Massimus
tarapyndan
29-06-2022, 00:45