Halkymyzyň arasynda palowy müň ýyl mundan ozal Lukman Hekim oýlap tapypdyr diýen sözler bar. Ol oňa "palow aş" diýip at beripdir. Onuň her bir harpy palowa goşulýan önümleri aňladýar. Geliň...ol harplar bilen gysgaça tanyş bolalyň:
P – "pyýaz" sogan
A – "aýez" käşir
L – "lahm" et
O – "oliýa" ýag
W – "wet" duz

A – "ab" suw
Ş – "şaly" tüwi
Bu sözler şol döwürlerde ulanylan şiwe sözleridir. lbn Sina palowy derman hökmünde döredip çişip oturan Buhara hökümdaryny bejeripdir, ony aýaga galdyrypdyr. Elbetde, palow köp derdiň dermany hasaplanyp, ganyňy arassalaýar. Ganyňy arassalamak bilen bir hatarda onuň düzümine ýokumlulyk, gujurlulyk berýär. Galyberse-de palow aşgazandaky we bedendäki gerekmejek zyýanly suwlary we suwuklyklary özüne siňdirýär. Il içinde "hepdede bir gezek balyk we palow iýýän adamyň ýanyna dert gelmez" diýen aýtgylar bar.

Öýleriňizde gazanlar atarylyp, buglanyp dursun!

File engine/modules/thanks.php not found.

Köneler, qwerty1 tarapyndan 29-06-2022, 10:50

  • Milana Milana off № 1 29 июня 2022 11:16
    Peydaly maglumat. Sag bolun, yetireninize.
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 2 29 июня 2022 11:46
    Howa, başga-da gowy surat goýardym welin internetden gözläp otyrara-da mb azlyk edýär. Palow beýleki suwuklyk naharlara garanyňda bişirmek aňsat we çalt, ýöne haçan iýjekligiň "ak ýag-a" bagly, tagamlylygy bolsa tüwiniň hiline, soňky wagtlar bahasam biraz galypdyr.

    - Kaka men-ä doýdum, nahar nähili bolupdyr?
    - Ejeňkiden kem däl, ýöne palow bir tabaga goýuldymy halallap goýgun, bu erkekleriň iýmidir!
    Jogap
  • qwerty1 qwerty1 off № 3 29 июня 2022 11:53
    Bir gezek Ejem özüçe "Balkan palowyndan dadyp görüň hany..." diýende o nähilikä diýdim, görsem göşe (ete) derek içinde balyk bar eken ))
    Soň pikir etdim her welaýatyň özüçe bişiriş usuly bardyr diýip, hökmän beýlede däl-de indi her kim islegine görä etýär. Çesnok (sarymsak), miz (kişmiş), şakgaldak (erik kişdesi, kakadylan erik), behi (beýi) we ş.m önümleri goşýalar.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 29 июня 2022 11:59
    sᴛᴀᴛᴇ
    Bir gezek Ejem özüçe "Balkan palowyndan dadyp görüň hany..." diýende o nähilikä diýdim, görsem göşe (ete) derek içinde balyk bar eken ))
    Soň pikir etdim her welaýatyň özüçe bişiriş usuly bardyr diýip, hökmän beýlede däl-de indi her kim islegine görä etýär. Çesnok (sarymsak), miz (kişmiş), şakgaldak (erik kişdesi, kakadylan erik), behi (beýi) we ş.m önümleri goşýalar.


    Täsinje şiwe sözleriňiz bar siziň. Sarymsak, kişmiş, erik kak biz üçin nätanyş däl. Özbekleriň elinden palaw iýip görüpdim. Diýşiňiz ýaly behi bar eken. Hatda kartoşkada bar. Men kän tagamyny halamadym. Emma Lebaplylaryň palawy diýseň süýji bolýar eken. Bişirýänden-bişirýäne üýtgeýärem tagamlary.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 5 29 июня 2022 12:35
    "Ganyňy arassalamak bilen bir hatarda onuň düzümine ýokumlulyk, gujurlulyk berýär."

    Ýokumlylyk we gujurlylyk islendik iýen zadyň berýär.

    "Elbetde, palow köp derdiň dermany hasaplanyp, ganyňy arassalaýar."

    Şuňa ylmy subutnama barmy?!

    "Galyberse-de palow aşgazandaky we bedendäki gerekmejek zyýanly suwlary we suwuklyklary özüne siňdirýär."

    Palawyň özi aşgazanda, aşgazanda bolubam ýene aşgazandaky palawa gerek mejek suwlary ýa-da suwuklyklary siňdireniniň tapawudy näme?!

    "Il içinde "hepdede bir gezek balyk we palow iýýän adamyň ýanyna dert gelmez" diýen aýtgylar bar."

    Bizä "Aýda kellebaşaýak, ýylda balyk iýmeli" diýen aýtgyny bilýäs, ýokardakyny özüň düzen bolaýmasaň.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 6 29 июня 2022 12:53
    Hiayress,
    Bu ýerde ýalňyşýaň, Sep rusça gözledip, näme many berýänini gyzygyp gör
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 7 29 июня 2022 12:54
    sᴛᴀᴛᴇ,
    Ärsarymyň
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 8 29 июня 2022 12:55
    Remezan,
    Nämäde ýalňyşýan?! Ýalňyşýan ýerimi ine şu ýeriň ýalňyş, şeýle-şeýle bolmaly diýip açyk ýazyňsana @Remezan akga.
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 9 29 июня 2022 13:20
    "Elbetde, palow köp derdiň dermany hasaplanyp, ganyňy arassalaýar."

    Şuňa ylmy subutnama barmy?!


    BAR. MEN BILÝAN. ÝÖNE ÝAZJAKGÄL!
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 10 29 июня 2022 13:22
    Meñem palowmy iýip doýanoklar.

    -Oglum, indi diñe sen bişir öýde palow.
    -Name ucin kaka ejemiñkem süýja.
    -Señki has gowy oglum!
    Jogap
  • My life My life off № 11 29 июня 2022 13:49
    Shugun ya ertir bishirjek diyip otyrdym, gowy suyji halayan naharlarymyñ biri. Kişmis atsañ hasam gowy goryan.
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 12 29 июня 2022 13:58
    Ötegçi,
    Özüňe nesip etsin!
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 13 29 июня 2022 14:01
    Hiayress,
    :))) Aýdanyñ gelsin!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler