Şu kitaby ýazmaga köňül ýardamyny berenleriň we
okanlaryň iki dünýäsi abat bolsun.
Türki halkyýetleriň arasynda
Magtymguly ýaly milli şahyrly
halk diňe türkmenlerdir.
Akademik W. Bartold
Men juda jogapkärli işe ulaşyp, uly hata goýberýän bolaýmaýyn, seresaplygy elden berip il gözünden düşäýmäýin. Bu howp meniň bir ýanymdan aslyşyp dur. Emma Magtymgula çäksiz yhlasym hem meni öz erkime goýanok.
Öňi-soňy Magtymguly hakda ýazmasam ýüregim ynjalyk tapmajagyny bilýän.
Öz ýüregime özüm belet.
Ýüregimdäkini bir ýazaýyn, soňuny soň görübereris.
Ynha beýik Magtymguly alnymda dur, gamgyn-paýhasly, merdem görnüşli. Onuň çuň durmuşy pelsepesi oda dyzaýan perwanalar ýaly aňymda gaýda-gaýmalaşyk. Ýowuz asyr şahyryň arkasyndan abanýar. Magtymguly şol ýowuzlygy buz owradan ýaly owradasy gelýär, sebäbi ol öz asyryndan has ir dünýä inen adam, ol garaňky asyryň ýowuzlygyna hiç bir ýagdaýda-da öwrenişip biljek däl. Magtymgulynyň özünde we eserlerinde görelde alarlyk, bendi ediji, aňrybaş dürslük bar, şol dürslük hem okyjyny özüne maýyl edýär. Ol hiç mahal towşana:”Gaç”, taza:”Kow” diýmedi, elmydama okyjysy bilen bir ojakda ýanýar. Magtymguly: ”Men adamjan, sen badamjan” diýenlerden bolmady. Gözleriň reňki dürli-dürli bolsa-da gözýaşlaryň reňkiniň birligini(Rumy) ýagşy bilýär. Hut şol sebäplere görä-de Magtymguly jahan ýagtylyp başlanda ýitip barýan ýyldyz ýaly ýalňyz. Bu ýalňyzlyk Magtymguly aňly-düşünjeli ýaşa ýetenden başlady. Duşmanlar Magtymgulynyň garşysyna ol entek dünýä inmänkä gylyjyny taplaýardylar, dürli töhmetler taýýarlaýardylar.
Töhmet-namartlaryň ýaragy.
Onsoň şeýle döwürde ömür geçirmek üçin neneňsi pidalara döz gelmeli boljagyny, neneňsi çykalgalar gözlemeli boljagyny göz öňüne getirmegem juda kyn.
Dürli golýazmalar, syýahatçylaryň ýol ýazgylary, galyp-gaçan gap-gaçlar, dürli şekiller... döwrüň belli bir görnüşini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän hem bolsa, her bir durmuş bulardan has giň, has çuň, has çylşyrymly ahyry. Üstesine-de adamyň özakymly aňyna ýol berseň, ol mydama geçmişi sähelçe-de bolsa ýuwmarlap görkezmäge, ýylmamaga, ýagşy zatlaryň ählisi geçmiş bilen giden ýaly ahwal döretmäge ýykgyn etgiç bolar eken. Şeýle-de bolsa Magtymgulyny öz hakyky bolşunda görkezmek hökmany borç bolup galýar, toslamany, rowaýatlary bir gyra süýşürip, onuň goşgularyndaky logika eýermek derkar, şol goşgulary degşirmekden, pikiriň arkasynda, setir arasynda, sözleriň kölegesinde ýazylman ýaňzydylýan pikirleri aýdyňlaşdyrmakdan täze many almak derkar.
Magtymgulynyň ýaşan zamanasy gaty çylşyrymly zamanady. “Daşky duşmanlardan daşary, türkmenleri tire-taýpa agzalalyklary hem bir Bütewilige öwrülmäge päsgel berýärdi. Şol döwürdäki dagynyklyk diňe bir syýasy-ykdysady dagynyklyk däldi, eýsem ilki bilen Halkyň Aňyndaky Dagynyklykdy. Türkmen tire-taýpalarynyň barysy hem özleriniň türkmendiklerine, Türkmen aganyň perzendidigine düşünýärdiler. Emma aňdaky taýpa psihologiýasy bilen «men türkmen» diýen düşünje bilelikde dowam edýärdi, ýaşaýardy. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy bu ýagdaýa öz döwürdeşlerinden has öň göz ýetirýär we halkynyň Aň Bütewiligi ugrunda şygyrlary arkaly göreşýär. Dogry, taryhda «feodal dagynyklygy» at bilen belli bolan dagynyklyk döwrüni hemme halklar millet hökmünde kemala geliş ýolunda hersi birhili başdan geçirýärler. Ýöne şol ýoly görkezýän we ony alyp barýan gerek. Şol ýoly görkezmek bilen alyp barmak ýer bilen gök ýalydygyny aýratyn bellemek gerek. Magtymguly şol ýoly görüp halkyna görkezjek we düşündirjek boldy, Gaýgysyz Atabaýew bolsa şol ýoly alyp gitdi.” (taryhçy A. Amanmyradowdan)
On sekizinji asyrda bişişen, Azadynyň, Şeýdaýynyň eserlerinde özüni görkezip başlan güýçli jemgyýetçilik pikiri, millilik ruhy Magtymgulynyň eserlerinde has aýdyň ýüze çykdy, kämil hala geldi. Ol aşakdaky setirleri ýönelige ýazan däldir:
Magtymguly, syrym çohdur,
Men neýläýin, açan ýokdur.
Dogrudanam, Magtymgulynyň şygyrlaryny okan okyjynyň öňünde müň bir sorag, müň bir syr keserip ýatyr. Okyjy olara näçe köp jogap tapdygyça Magtymgula-da şonça ysnyşýar. Şahyryň beýikliginiň bir tarapy-ol öz okyjysyny şo soraglary, syrlary açmaga gürrüňsiz imrindirýär. Imrindigiň-sen eýýäm Magtymgulynyň adamsyna öwrülýäň, o seni senden rugsatsyz öz tarapyna geçirip ugraýar. Her ynsanyň beýnisinde gizlenip ýatan ajdarhany ölüm ukusyna gidirmek üçin yhlas edýär. Müňde biri ADAM, beýlekileri kölege bolsa-da, Magtymguly Kämil ADAM ýetişdirmek umydyny üzmändir. Kämil adam düşünjesi, ozaly bilen, medeniýete bagly. Pikirleniş medeniýeti, ýaşaýyş medeniýeti we beýleki sosial-durmuşy medeniýetleriň jeminden umumy medeniýet diýen bir many orta çykýar. Her halkyň ýagdaýy, dogrusy, ykbaly, köplenç şol umumy medeniýete bagly bolup galýar. Bu örän çylşyrymly düşünjäni äsgermezlik etmek ýa-da onuň ähmiýetine kembaha garamak sowatsyzlykdan nyşandyr. Durmuşyň kyn geçelgelerinde halka iň ýakyn ýardamçy şol umumy medeniýetdir. Soňunda kimiň medeniýeti ýokary bolsa şol ýeňýändigini Magtymguly taryhy hakykatdan köp-köp gezek synlapdy.
Magtymgulynyň öz eserleri arkaly halkyň umumy medeniýetini ösdürmegi maksat edinenligi hem bellidir. Şoňa görä, şahyr gaty giň temalara ýüzlenipdir. Onuň iň köp ýüzlenen, iň köp işlän temasy bolsa ADAMY ÖWRENIŞ temasydyr: ölüm, ömür, pelek, tükeniksiz dünyäde zerre ýaly görünýän Adamzadyň ykbaly Magtymgulynyň ürç edip öwrenen meseleleridir. Ol bu meseleleriň filosofiki tarapyna nazar öwürýär. Magtymguly dünýäni we adamzady aýasyna alyp synlan akyldardyr. Ol özünden öňki geçenleriň ýolundan ýöreýär, ýöne öňkülerden uzagraga gidýär. Magtymguly şahyryň syryny her kim özüçe açýar. Her gezek okaňda täze syrlar ýüze çykýar, her gezek oýlana-oýlana olaryň köküne ýetmegiň lezzetini okyjynyň özi ýagşy duýýar. Şahyr ýnsanyň ýolunda esasy mesele ýaly görünýän müň bir meseläni aşyp, iň ähmiýetli meselä okyjyny çekmäge dyzaýar. Beyikleriň köp işländikleri üçin, ýalňyşlary hem az bolmaýar. Olar öz ýalňyşlaryndan köp ders alýarlar. Emma beýikleriň ýalňyşyny görkezmek ýaly kyn zat ýok. Magtymguly hiç bir zadyň görnüşi ýaly däldigini, kähalatda kölegäniň asyl bolup görünýändigini okyja yatladýar. Ömriboýy Magtymgulyny okaýan, özem irmän-arman okaýan okyjylaryň köplügi geň däl. Sebäbi Magtymguly olara ruhy kanagat berip bilýär.
ORAZ ÝAGMYR.
MAGTYMGULYNAMA
Bilim,
Telwas
tarapyndan
29-06-2022, 13:43