H .(wodorod)- suwuň we biologiki maddalaryň düzümine girýär
C (uglerod)- bilogiki maddalaryň düzümine girýär (belok, uglewod, ýag we ş.m)
B (bor)- Ösüş proseslerine täsir edýär. Ösümlik organizminde boruň ýetmezçiligi depe pyntyklarynyň, gülleriň, miwe düwünçeginiň, geçiriji dokumalaryň guramagyna getirýär.
N (azot)- ähli aminokislotalaryň, beloklaryň, nuklein kislotalarynyň, fermentleriň, hlorofiliň, gemoglobiniň , witaminleriň düzümine girýär.
O (kislarod)- suwuň we biologik maddalaryň düzümine girýär
F (ftor)- Suwda eremeýän kalsiý duzlary görnüşinde süňkleriň we dişleriň dokumalarynyň düzümine saklanýar. Organizmde ftoruň ýetmezçilgi dişleriň çüýremegine (karies) döredýär. Onuň artykmaçlyk etmegi bolsa dişleriň syrçasynyň iç ýüzünde dürli menekleriň döremegine sebäp bolýar.
Na (natriý)- Ion görnüşinde ganyň düzüminde saklanýar. Organizmdäki suw çalşygyny kadalaşdyrýar, gormonlaryň sintezine täsir edýär.
Mg (magniý)- Köp fermentleriň emele gelmegini işjeňleşdirýär, hlorofiliň düzüm bölegi hasaplanýar.
P (fosfor)- süňk dokumasynyň we nuklein kislotalarynyň düzümine girýär.
S (kükürt)- Käbir aminokislotalaryň, fermentleriň, B witaminleriniň düzümine girýär. Ol mikroenergetik baglanyşyklary emele getirmäge ukuply hem-de hemosintezleýji we fotosintezleýji bakteriýalar üçin aýratyn möhüm hasaplanýar.
Cl (hlor)- Öýjüklerde anionlar görnüşinde saklanýar hem-de ganyň plazmasyny we beýleki suwuklyklary osmos porensialyny emele getirmäge gatnaşýar. Şeýle hem ol aşgazan şiresiniň düzümine girýär.
K (kaliý)- Ionlar görnüşinde belok sintezine gatnaşýan fermentleri işjeňleşdirýär, ýüregiň kadaly ritmini üpjün etmäge, şeýle-de fotosintez hadysasyna gatnaşýar.
Ca (kalsiý) - Membrana gurluşlarda, öýjügara maddalaryň, süňkleriň düzüminde saklanýar. Nerw impulslarynyň geçirilmegini, ganyň lagtalanmagyna , myşsalaryň ýygrylmagynyň molekulýar mehanizmine gatnaşýar.
Mn (marganes)- Fermentleriň düzüminde saklanýar we olaryň käbir görnüşleriniň işjeňligini ýokarlandyrmaga gatnaşýar..
Fe (demir)- Gemoglabiniň we mioglabiniň molekulalaryny düzümine girýar, dem alyş we fotosintez hadysalaryna gatnaşýar.
Co (kobalt)- B12 witaminiň düzümine girýär.
Cu (mis)- Kabir fermentleriň düzümine girýär. Ganyň emele gelmeginde, gemoglobiniň we sitohromlaryň sintezinde uly ähmiýete eýedir.
Zn (sink)- Fermentleriň düzümine girýär.. Sipirtli ajama gatnaşýar.
(suratyň mawzuga degişli ýeri ýok)
Elementleriň öýjükler üçin ähmiýeti
Bilim,
Mona Songz
tarapyndan
30-06-2022, 12:38