Gidiber...
Gidiber, yzyňa garama birem,
Salşyň ýaly çykar meni dünýäňden.
Gidiber, gök inmez, ýarylmaz ýerem,
Gitdiň diýip hüňürdemen ýeňsäňden.
Gidiber, sen meniň yşkymy özgäň,
Kinesine çalyşaýan ýalyla,
Bakma, ýap-ýaňyja eden arzuwlam,
Gumbaýrak mysaly çagşaýanyna.
Gidiber, ýasyny özüm tutaryn,
Namyratja ölüp giden duýgulaň,
Men çekerin ýalňyzlygyň derdini,
Sen apalan, sen eý görül, söýgülen.
Gidiber, dünýämi düňderip başa,
Her gün hijran çekip bagrym daglaýyn,
Men seniň düňderen gara dünýämiň,
Garasyny ýüzme çyrşap aglaýyn...
Ertir. com/arhiw.
Salşyň ýaly çykar meni dünýäňden.
Gidiber, gök inmez, ýarylmaz ýerem,
Gitdiň diýip hüňürdemen ýeňsäňden.
Gidiber, sen meniň yşkymy özgäň,
Kinesine çalyşaýan ýalyla,
Bakma, ýap-ýaňyja eden arzuwlam,
Gumbaýrak mysaly çagşaýanyna.
Gidiber, ýasyny özüm tutaryn,
Namyratja ölüp giden duýgulaň,
Men çekerin ýalňyzlygyň derdini,
Sen apalan, sen eý görül, söýgülen.
Gidiber, dünýämi düňderip başa,
Her gün hijran çekip bagrym daglaýyn,
Men seniň düňderen gara dünýämiň,
Garasyny ýüzme çyrşap aglaýyn...
Ertir. com/arhiw.
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
11 комментариев