Dükandan guwanç bilen öýlerine çörek alyp barýan oglanjygyň gözleri birdenkä ýoluň gyrasynda duran täzeje awtoulaga düşdi. Ol hyýallar äleminde nämedir bir zatlary öz ýanyndan arzuwlap durka, ýanyna geýnüwli bir adamyň geleninem aňmady. Ol adam gele-gelmäne: «Saňa meniň ulagym ýarady öýdýän, bu meniň doganymyň sowgady. Onuň işleri örän şowuna, şonuň üçinem muny öz gadyrdan jigisine sowgat etdi» - diýip, gülümsiräp oglana habar gatdy. Oglanjyk: «Hawa, ulagyňyz juda owadan hem ajaýyp eken. Belki, günleriň birinde men hem... - diýip, sözüni soňlamaka, şol geýnüwli syrdam ýigit: «Şolar ýaly doganyň bolmagyny arzuw edýänsiň» diýip, ony ýaňsa almakçy boldy. Oglanjyk: «Ýok, ýok, beýle däl. Meniň hem jigim bar. Men oňa şeýle ulagy sowgat ederin. Siziň doganyňyzyň işleri aýdyşyňyz ýaly öz-özünden şowlaýan däldir, ol munuň üçin gije-gündiz işleýändir, men hem şeýle işlemekçi» diýip, elindäki çöreklerini öýüne ýetirmäge howlukdy.
File engine/modules/thanks.php not found.Iň ýagşy dogan...
Bilim,
qwerty1
tarapyndan
30-06-2022, 22:35