-Гость Siz kim?

Men kim? Meň esasy aýratynlyklarym bilesigeliji, käte gaharly biri, çalt gaharlanyp bilýän. Örän merhemetli ynsan, bolmaýan zatlara gynanýan, ýardamsöýer. Iň söýýän zadym ýazmak, emma ýazmakdan köp ynsanlary söýýän. Men ynsanyň hijem milletine, dini-ynanjyna görä baha bermedim. Bir ynsan ak bolsa-da şol ynsan gara bolsa-da şol ynsan meň üçin. Adamlaryň biri-biri bilen pikirleriniň, ynançlarynyň, milletleriniň tapawut edýänligi sebäpli biri-biriniň göwünlerine degmegi meni gynandyrýar. Eşdijilik ukyby bolmadyk bir ynsana ker diýilmegi, görme kemçiligi bolan ynsana kör diýilmegi ýa bolmasa elsiz, aýaksyz ynsanlara nalaçedeýin gözi bilen seredilmegi, agramy agyr bolanlara çişik, agramy az bolanlara arryk diýilmegi…we ş.m ýagdaýlar meni birahat edýär. Özüme degişli zatlary wagtyň geçmegi bilen hem taşlamok, zyňamok. Meniň 4-nji synpdan 11-nji synpa çenli mekdepde ulanan dnewnigim, her sapagyň özüne degişli bolan depderleri, garalamalarym, iň bolmanda söwdä eden harytlarymyň kwitansiýalary hem häzir mende dur. Olar meň durmuşymyň bir parçasy. Men şolary zyňmaga dözemok. Sebäbi meniň barlygymyň bir bölegi olar. Rahatlygy, sessizligi gowy görýän. Men özüm bilen bagtly bolup bilýän biri.

-Siz gynananyňyzda, gorkanyňyzda, gaharlananyňyzda, utananyňyzda dertleşýän ynsanmy?

-Bir tarapdan gaty açyk, bir tarapdan bolsa ýapyk biri men.
Durmuş maňa hemişe diňlemegi öwretdi. Meň durmuşdaky rolum, birini diňlemek, oňa düşünmek , ony rahatlandyrmak, göwünlik bermek boldy.
Men indi näçe ýyllardyr daş-töweregimdäkilere bir zatlar düşündirmegi, derdimi dökmegi unutdym. Emma käte içimdäkiler içime sygmadyk wagty men ýazga geçirýän. Şolardan käbirini belki size ýetirendirin. Men öz-özüm bilen gürleşmegi öwrenenimden bäri, özümi ýalňyz duýamok. Içimdäki ses bilen dialogym bar hemişe.


-Käbir duýgular ýagdaýa görä üýtgeýär. Käbir duýgulary başdan geçireniňizde esasan näme edýäňiz? Bir sözlem bilen jogap beräýiň.

-Örän gynananyňyzda?
Ýeke galmak isleýän.
-Gaty erbet gorkanyňyzda?
Uludan dem alýan.
-Utananyňyzda?
Ýüzüm gyzarýar, ýere seredýän, jübümden telefonymy çykaryp sagada seredýän.
-Gaharlananyňyzda?
Dymýan we uludan dem alýan.
-Birini ýigreneniňizde?
Şol adamdan uzaklaşýan. Men birini ýigrensem ýigrenýändigimi özüme ýatladyp gezemok. Şol adam meň göwnümden we aklymdan ýitýär.

-Indi siz bilen ýadyňyzy barlamak üçin sorag-jogap alyşmakçy.

-1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
Zyba.
-Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
Balam.
-Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
Bir wideo görüpdim. Bir geliniň öz durmuşy barada. Çagasyndan jyda düşürilişi barada… ana şony görüp aglapdym.
-Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
2
Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
1
Harplykdaky harpyňyz?
E
Kiçi wagtyňyz alan (kaseta) diskleriňizden biriniň ady?
Gaýgysyz Ballyýew aýdymlary.


-Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Гость nähili çagady?

Öz çagalyk halyma seredemde gynanýanam, begenýänem. Men 1 ýaşanymdan soň dogan adyny aldym. Jigim doguldy. Ejemem ir durmuşa çykypdyr, menem maşgaladaky birinji çaga. Ejemem-kakamam işleýändikleri sebäpli 3 ýaşymdan soň üstüme birnäçe jogapkärçilik aldym. Ejem bilen kakam işe giden wagty, men 3 ýaşly Nirvana bolup 2 ýaşly jigime seredýärdim. Şony göterýärdim, ýatyrýardym. Hatda bir gün bir goňşymyz toý edipdi. Ýagyş ýagypdy. Jigim ýöränokdy. Men şony göterip toýa alyp gidipdim. Çünki, meniň toý göresim gelýärdi. Jigim aglan wagtyndaky çäresizliklerimi diýjekmi…oýun oýnasym gelen wagty oýnap bilmedim. Men dogry-dürs multifilm görmedim. Men çagalygymy çaga bolup ýaşamadym. Men çagakam uly gyzdym. Men durmuşa şol ýaşlarymda düşünip başladym. Agyr jogapkärçilikleri men çagalygymda aldym. Maňa ol jogapkärçilikler zor bilen berilmedi. Emma ynsan maşgalasyna kömek etmek üçin, käte-de olar meni söýsün diýip göreşýär. Meni ejem-kakam şeýlebir söýýärdiler. Häzirem şeýle. Ýöne ol ýaşlarda aňym goýalmadygy üçin, olar işe gideninde, bizi söýmedigi üçin taşlap gidýän ýaly. Öýlän gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Şol jogapkärçilikleri ýerine ýetirjek bolup men, kiçilikde dil öwrenmek üçin kursa gatnamadym. Çagalygyň lezzetini doly duýup bilmedigim üçindir belki, häzir özümi aram-aram çaga ýaly alyp barýandygym. Meň pikirimçe, her bir çaga çagalygyny çaga ýaly ýaşamaly. Oýun oýnamaly, tans oýnamaly…


-Diýeli siz 5 ýaşyňyzda. 5 ýaşyňyzdaky öýňüziň gapysyny açýaňyz, içerde ejeňiz bilen kakaňyz bar. Siz olara näme diýmek islärdiňiz?

Ejeme men hemişe seniň ýanyňda, seni söýýän. Kakamjan men seni söýýän.


-Çagalygyňyzdan bir surat gözöňüne getiriň diýsem, nähili pursadyňyz janlanýar?

Kakamyň maňa agşamlyk harplyk kitabyny okadyp, öwredýäni, ejemiň çaý demläp durany…



-Çagalygyňyzda näme kemçilik edýär?

Çagalygym. Sebäbi men köplenç ejeme kömekçi roluny ýerine ýetirýärdim…


-Öz durmuşyňyzy haýsy haýwanyň durmuşyna meňzedýäňiz? Içiňizdäki haýwan haýsy haýwan?

Meň içimdäki haýwan Pişik. Käte jana ýakyn myrlap adamlara ýakyn, käte-de adamlary dyrnap olardan uzak. Hany pişikler guýrugyny oýnasaň halanok, soň öýkeläp gaharlanyp gidýär, soňra birnäçe wagtdan soň özi saňa süýkenip gelýändir. Menem şeýle gowy görýän ynsanlarymdan öýkeläp, öýkäm ýazylanyndan soň ýene öňkim ýaly düşünşip gidýän.

-Aýtmak isleýän islendik zadyňyz?

Meň durmuşymy içgysgynç hasaplaýan adamlara ýüzlenýän. Daşardan seredeniňizde içiňizi gysdyrýan durmuşy görýänem bolsaňyz, meňem içimdäki durmuşymda, kellämde dürli reňkli hyýallarym bar. Meň başdan geçirmedik zatlarym, hyýaly güýjümi kämilleşdirdi.
Duýguçyl diýýän ynsanlar! Siz öz dünýäňize serediň. Siziň dünýäňizde hiç duýgy ýokmy? Men her bir duýgyny bolşy ýaly başdan geçirmek isleýän. Gorkymy, gynanjymy, küýsegimi gizläp saklasym gelenok.



Sizem özüňiz barada her soraga aýratyn jogap beräýiň. Goý, bu söhbetdeşlik bize azajygam bolsa terapiýa ýaly bolsun. Her kim aýtmak isläp, aýdyp bilmeýän zatlaryny şu blogda aýdyp biler. Hiç kimiň sizi şu blogda durmuşyňyz bilen ýazgarmajagyna söz berýän.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 5-07-2022, 22:25

  • Bendtner Bendtner off № 1 5 июля 2022 22:31
    Useri Huday beraypdiray :)
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 2 5 июля 2022 22:32
    Bendtner,
    Hudaýa şükür. Hudaý berdiginden jogap beriň. :)
    Jogap
  • Bakygeldi_ Bakygeldi_ off № 3 5 июля 2022 22:36
    Men ozum barada kop gurrun bermek halamayan senin aydysyn yaly ynsan hemme denlik dereje hemme ynsan den men ucun herkim satlykly herkim bagtly yasaya bu dunyadey men gaharjan kop gulmek halamayan yone dasymdaky ynsanlary begendirmegi isleyan gysgajyk seyle. Yeke galsam ozum yeke duysam dertlesesim gelya esasanam gyzla bln sebap gyz durmusa gowy dusunya alada etyaler biz barada gysgaca seylerak waka. Menem gaygysyz ballyyewin aydymlary halayan
    Jogap
  • Bakygeldi_ Bakygeldi_ off № 4 5 июля 2022 22:38
    Men bu durmusda bir kemsinen yerim yalancy gozel sebapli boldy. Her setiri son ucun yazyan gelsin diyip dalde soyenimi bilsin diyip yeke son bln bagtlydym. SU YERDEN SOL GOZELE SEZLENYAN MENSIZ GUNUN HEZILMI MENSIZ BAGTLYMYN SOYEN GULUM
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 5 5 июля 2022 22:41
    Bäh köpisine digry jogap beripdirin ýalňyş jogaplarymy düzedäyin gowusy. ;))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 6 5 июля 2022 22:43
    Khanture
    Bäh köpisine digry jogap beripdirin ýalňyş jogaplarymy düzedäyin gowusy. ;))



    Meň jogaplarym olar. Öz jogaplaryňyzy ýazaýyň.
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 7 5 июля 2022 22:45
    Bakygeldi_
    Men bu durmusda bir kemsinen yerim yalancy gozel sebapli boldy. Her setiri son ucun yazyan gelsin diyip dalde soyenimi bilsin diyip yeke son bln bagtlydym. SU YERDEN SOL GOZELE SEZLENYAN MENSIZ GUNUN HEZILMI MENSIZ BAGTLYMYN SOYEN GULUM


    Siz näçe ýaşyňyzda? Söýýän gyzyňyzyň nähili aýratynlyklary bar? Siziň üçin söýgi näme? Kemsinmek atly duýguny taryp edäýiň? Şol gözel gyz siziň durmuşyňyza nämeler goşdy? Gidende sizden nämeler alyp gitdi?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 8 5 июля 2022 22:46
    -1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
    Ýadymda ýok.
    -Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
    Bir kino görüpdim....
    -Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
    ýadymda ýok özä soņuraklarda
    Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
    elbetde 1
    Harplykdaky harpyňyz?
    P
    Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?!
    Cartoons Loney Tunes.
    Jeki Çanyň kinolary

    -Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Khanture nähili çagady?
    Obiçna çagady
    ;)))
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 9 5 июля 2022 22:47
    Nirvana
    Khanture
    Bäh köpisine digry jogap beripdirin ýalňyş jogaplarymy düzedäyin gowusy. ;))



    Meň jogaplarym olar. Öz jogaplaryňyzy ýazaýyň.

    Bilýän usernamedigini köpisi 90% dogry gelýän eken ;))
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 10 5 июля 2022 22:49
    Khanture
    Nirvana
    Khanture
    Bäh köpisine digry jogap beripdirin ýalňyş jogaplarymy düzedäyin gowusy. ;))



    Meň jogaplarym olar. Öz jogaplaryňyzy ýazaýyň.

    Bilýän usernamedigini köpisi 90% dogry gelýän eken ;))


    Dogry bolanda, gabat gelýär eken diýjek bolýaňyzmy?
    Jogap
  • Abaddon Abaddon off № 11 5 июля 2022 22:51
    hitry hacan gurrundesh boldygay diyipdim birnedem username yadyma dushdi
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 12 5 июля 2022 22:52
    Meniň 4-nji synpdan 11-nji synpa çenli mekdepde ulanan dnewnigim, her sapagyň özüne degişli bolan depderleri, garalamalarym, iň bolmanda söwdä eden harytlarymyň kwitansiýalary hem häzir mende dur.

    Shulara ýok ýöne başga käbir zatlaryma bar ;)
    Jogap
  • Bakygeldi_ Bakygeldi_ off № 13 5 июля 2022 22:52
    Nirvana,
    17 yaşymda. Sadalygy ýüreginiñ paķlogi bardy dasymdan aylanardy seni soýýän seni diyip. Menin ucun soygu soyenin bilen bir omur bile bolmak birek biregi goramak gaygyly wagtynam soyenin yanynda seni guldurmegi. Kemsinmek duygu das towerege seredende dasynyzdaky soygululeri goreninde name ucun soyenim gitdi diyip kemsinyan yurekde bitmedik yara tazeden ganayar sol gun sol agsam seni taslany yatlap aglayan. Sol gyz menin durmusymda bolanda meni uytgetdi meni guldurdu durmusda yanyja biten guldu. Menden alyp giden zady bolsa gecmisimi inni gecmisi yatlap aglayas son ucun birem yuzumdaki gulkuni alyp gitdi
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 14 5 июля 2022 22:55
    -Çagalygyňyzda näme kemçilik edýär?
    Hiç zat

    -Öz durmuşyňyzy haýsy haýwanyň durmuşyna meňzedýäňiz? Içiňizdäki haýwan haýsy haýwan?
    AT. umuman çalt ylgaýan haýwanlar... barzady ylgap ýetmek isleýän ;) Tizligi söýýän ;)
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 15 5 июля 2022 22:58
    Içimdäki ses bilen dialogym bar hemişe.

    Bähhh
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 16 5 июля 2022 22:58
    Indi siz bilen ýadyňyzy barlamak üçin sorag-jogap alyşmakçy.

    -1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
    Şeker
    -Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
    "Gauzen" jan
    -Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
    Ýadymda ýok
    -Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
    22
    Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
    Boýa görä 3-nji
    Harplykdaky harpyňyz?
    A
    Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
    Disk alyp göremok. Diňe fleşka okladýan.


    -Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Gauzen nähili çagady?
    Gowy çagady ;))
    Jogap
  • Bakygeldi_ Bakygeldi_ off № 17 5 июля 2022 23:05
    Men caga wagtym ejem kakamyn elinde ulalmadym. Enem bilen atamyn elinde ulaldym turkmenbasy etrapbyn bugdayly diyen yerinde enem bilen atamyn yanynda yasayardym dineje yer bilen malla bilen mesgullanyardym caga wagtym owrenyardim ol yerde tok yokdy cyra yakyardyk gijesine sonam bolsa okuwa baramda 1 nji klasy ejemin okatyan mekdebine okuwa bardym son ony gutaronson basga yere okuwa ugratdyla sonam ruhubelentde gocduk 6klasy su yerde basladym kakam meni dineje demir bilen mesgullandyryardy dineje masyn bejertyardi agyr is gorsun diyip hazirem bolsa kakamyn isleyan yerinde traktor surujusi edip goydy owren diyip garaz cagalyk agyr is bilen gecdim masgalada yeke ogul men
    Jogap
  • Bakygeldi_ Bakygeldi_ off № 18 5 июля 2022 23:08
    Gaharlanan wagtym gaharym saklajak bolyp kuwal bilen demire urup gaharym sondan cykaryan. Gorkan wagtym ikinji gezek gorkyma yorejek bolyan gorkan zadyma namys edip ugrayan
    Jogap
  • Bakygeldi_ Bakygeldi_ off № 19 5 июля 2022 23:09
    Cagalygymda eden yalnyslygym ejem bln kakamyn yanynda bolmanlygym
    Jogap
  • setdars setdars off № 20 5 июля 2022 23:12
    Bu soraglañ bary mañamy name
    Jogap
  • Bakygeldi_ Bakygeldi_ off № 21 5 июля 2022 23:39
    Nirvana,
    Gyzyklanyanmy men durmusym barada yada name sebapden.
    Jogap
  • Tuman Tuman off № 22 5 июля 2022 23:41
    Näme üçünkä men daşyndan gelip okasam Гост siz kim ?
    Jogap
  • Tuman Tuman off № 23 5 июля 2022 23:44
    Jogaplaýjak weli özimi tanamok.pikirlerimem dagynyk.
    Jogap
  • Ahally_24 Ahally_24 off № 24 5 июля 2022 23:57
    -Indi siz bilen ýadyňyzy barlamak üçin sorag-jogap alyşmakçy.

    -1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
    Ilhan.
    -Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
    Oglum.
    -Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
    Bir wideo gördim, gözüme ýaş aýlandy.
    -Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
    8
    Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
    2
    Harplykdaky harpyňyz?
    K
    Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
    Ilkinji alan diskim "Nu Pogodi" multifilim diskidi.


    -Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. Ahally_24 nähili çagady?
    Ahally kiçikä gowyja çagady.
    ;))
    Jogap
  • Goklors Goklors off № 25 5 июля 2022 23:57
    Bärde gürrüň näme hakda gitýär?
    Ýalňyşmasam "Goklors" lakamly men hakynda ýaly.
    A meni mysal getirmek, pisgoliki soraglaryň saýtda jogap bermegim nämä derkar?
    Meniň lakamymy getirmegiň sebäbini açyk aýtsaňyzlaň!
    sitata getiriň
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 26 6 июля 2022 00:06
    -1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
    - Bägül.
    -Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
    - Garajam.
    -Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
    - Aýtjak däl.
    -Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
    - 17
    Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
    2
    Harplykdaky harpyňyz?
    H
    Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
    Kiçi wagtym disk ýokdy.

    P.s: "agzajanlar" sözi ýatdan çykypdyr.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 27 6 июля 2022 00:12
    Tuman
    Jogaplaýjak weli özimi tanamok.pikirlerimem dagynyk.

    Obraza girmegi başarýaň. Ýöne seni barybir tanap bolýar, x_xXx_x. :))
    Jogap
  • iKONic iKONic off № 28 6 июля 2022 00:22
    iKONic Siz kim?
    - Gaty gowy adam.
    - Siz gynananyňyzda, gorkanyňyzda, gaharlananyňyzda, utananyňyzda dertleşýän ynsanmy?
    - Gynanamok. Gorkamok. Gaharlansam gaçyň. Utansam özüm gaçaryn.
    - Käbir duýgular ýagdaýa görä üýtgeýär. Käbir duýgulary başdan geçireniňizde esasan näme edýäňiz? Bir sözlem bilen jogap beräýiň.
    - Ýaňky jogaplar.
    Indi siz bilen ýadyňyzy barlamak üçin sorag-jogap alyşmakçy.

    -1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
    Begenç.
    -Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
    Balam.
    -Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
    Ho gün phantom dişim agyranda.
    -Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
    13di ilkä.
    Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
    Iň yzda.
    Harplykdaky harpyňyz?
    H
    Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
    Kiçikäm disk almadym.
    - Çagalygyňyzy gözöňüne getiriň. iKONic nähili çagady?
    - Nusgawy çagady.
    - Diýeli siz 5 ýaşyňyzda. 5 ýaşyňyzdaky öýňüziň gapysyny açýaňyz, içerde ejeňiz bilen kakaňyz bar. Siz olara näme diýmek islärdiňiz?
    - o wagt dilim açylmandy.
    - Çagalygyňyzdan bir surat gözöňüne getiriň diýsem, nähili pursadyňyz janlanýar?
    - Sadikdaky Gunça mollumyň obed ýataňok dp köwşi bn urşy.
    - Çagalygyňyzda näme kemçilik edýär?
    - Sadige gitmeli däl eken.
    -
    -Öz durmuşyňyzy haýsy haýwanyň durmuşyna meňzedýäňiz? Içiňizdäki haýwan haýsy haýwan?
    - Baluw.
    Jogap
  • Senagul Senagul off № 29 6 июля 2022 00:24
    -1-nji synpdaky partadaşyňyzyň ady?
    - Kuwwat.
    -Çaga wagtyňyz ejeňiz size haýsy hoş sözi köp aýdýardy?
    - Gyzym.
    -Iň soňky gezek näme üçin agladyňyz?
    - Şu gùn.
    -Žurnalda adyňyz näçenji bolup dur?
    - 16
    Okuwda hatarda näçenji bolup durýardyňyz?
    - 3
    Harplykdaky harpyňyz?
    - E
    Kiçi wagtyňyz alan diskleriňizden biriniň ady?
    Kiçi wagtym disk almadym.
    Jogap
  • Senagul Senagul off № 30 6 июля 2022 00:26
    Menem okuwdaky gùndeliklem 4den 11 çenli bar. Zyñmana dòzemak. Şolary gòrsem òz okuwçy dòwrùmdaki yatlamalam yadyma dùşýà.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler