Ýalňyşlyk
Näme diýse şony diýsin özgeler,
Meniň bu meselä öz garaýşym bar.
Adam ýalňyşýarmy, diýmek özgerer,
Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar.

Durmuş Kiselýowyň “algebrasy däl”,
Durmuş algebradan çylşyrymly has,
Onda ýalňyşmagam asyl günä däl,
Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.
G.Ezizow

Bir adamyň eden ýaramaz işiniň netijesinde, ol adama geljekde-de ýaramazçylyk eder diýip bilmeýäris. Her bir edilen iş netijesinde ol adama berlen baha ýalňyşlykdyr.
Garaýyş – bir adama berlen baha ýa-da ol adam hakynda oýlanmadyr. Emma, adamçylyk mundan ybarat däldir.
Adamçylyk – garaýyşlardan has giň manyny berýär. Şol sebäpli-de käbir berlen bahalar adama laýyk bolmaly. Meselem, ahlak taýdan kemçilik goýberdi diýip, ol adamy sylanşyksyz ýa-da terbiýesiz adam diýip çaklamak dogry pikir däldir!
Diňleýji bolup gatnaşan seminarlarymyň birine ýanymda oturan mugallymlardan birine jaň geldi. Oturanlar jaňyň sesini ýapmanlygy üçin ol mugallyma sylanşyksyz göz bilen garadylar. Soňra ol mugallym zaldan çykdy we gelen jaňa jogap berdi. Soňra hiç zat bolmadyk ýaly ýerine geçip oturdy we özüne söz gezeginiň berilmegine garaşdy. Söz gezegi mugallyma ýetende, oňa biraz öňki gelen jaň bilen birlikde kakasynyň “aradan çykdy” habarynyň gelenligi we şonuň üçin mejbury otagdan çykmaly bolandygyny aýtdy. Ötünç soranynda, birnäçe minut mundan öň özüni sylanşyksyz hasap eden adamlar
tarpyndan gynanç bildirildi.

Ähli edilen hereketleriň düýp manysyna göz ýetirilmän berlen baha ýalňyşlykdyr.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Bagul_Atayeva tarapyndan 9-07-2022, 10:58

  • Bagul_Atayeva Bagul_Atayeva off № 1 9 июля 2022 11:02
    Öñkije nikime gowşanyma şeýle begenýän)
    Jogap
  • Seri Seri off № 2 9 июля 2022 11:24
    Bagul_Atayeva
    Öñkije nikime gowşanyma şeýle begenýän)

    Şatlygyñy biz bilen paýlaşsana nahili duýgular başyñdan geçiryan köne nikiñe gowşanyña.
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 3 9 июля 2022 11:29
    Bagul_Atayeva,
    Ýalňyşlyk
    Näme diýse şony diýsin özgeler,
    Meniň bu meselä öz garaýşym bar.
    Adam ýalňyşýarmy, diýmek özgerer,
    Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar.

    Durmuş Kiselýowyň “algebrasy däl”,
    Durmuş algebradan çylşyrymly has,
    Onda ýalňyşmagam asyl günä däl,
    Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.
    G.Ezizow

    Diýmek, maňa ösüş garaşýar-da:) Ýalňyşybildik özä...
    Jogap
  • Bagul_Atayeva Bagul_Atayeva off № 4 9 июля 2022 11:30
    Seri
    Bagul_Atayeva
    Öñkije nikime gowşanyma şeýle begenýän)

    Şatlygyñy biz bilen paýlaşsana nahili duýgular başyñdan geçiryan köne nikiñe gowşanyña.

    Aýtjak gä)
    Jogap
  • Bagul_Atayeva Bagul_Atayeva off № 5 9 июля 2022 11:31
    Ahmedik_97, hawwa kämilleşersiňiz)
    Jogap
  • Aksary Aksary off № 6 9 июля 2022 11:33
    Bagül,uýam gowmy ýagdaýlaryñyz?
    Jogap
  • Seri Seri off № 7 9 июля 2022 11:39
    Bagul_Atayeva
    Seri
    Bagul_Atayeva
    Öñkije nikime gowşanyma şeýle begenýän)

    Şatlygyñy biz bilen paýlaşsana nahili duýgular başyñdan geçiryan köne nikiñe gowşanyña.

    Aýtjak gä)

    Baryp ýatan suwjuklyk?
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 8 9 июля 2022 11:44
    Aksary,
    Jora,o Bägül bu Bägül däl :))
    Bagul_Atayeva,
    Gowmy gyz? Sag-aman uçurymam bolansyñ.Indi näme planlaryñ bar?
    Gurbannazaryñ şu goşgusy saña doga-tumar boldy öýdýän :))
    Jogap
  • PROLIGA PROLIGA off № 9 9 июля 2022 12:22
    Bagul_Atayeva
    ,Näme diýse şony diýsin özgeler,
    Meniň bu meselä öz garaýşym bar.
    Adam ýalňyşýarmy, diýmek özgerer,
    Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar.

    Su bendini halyan.Mana bir sygar yalak sul.Sag bolun?
    Jogap
  • Aksary Aksary off № 10 9 июля 2022 13:06
    Mümkin
    Aksary,
    Jora,o Bägül bu Bägül däl :))
    Bagul_Atayeva,
    Gowmy gyz? Sag-aman uçurymam bolansyñ.Indi näme planlaryñ bar?
    Gurbannazaryñ şu goşgusy saña doga-tumar boldy öýdýän :))

    Ol Bàgùl Ataýewamyka öýtdim .
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 11 9 июля 2022 13:51
    Bir adamyň eden ýaramaz işiniň netijesinde, ol adama geljekde-de ýaramazçylyk eder diýip bilmeýäris

    Bir gezek gözümden düşen adam hakdaky pikirimi onuň soňky hereketleriniň hiç birem üýtgedip bilenok.
    Jogap
  • Bagul_Atayeva Bagul_Atayeva off № 12 9 июля 2022 13:53
    Aksary, salam. Gowy. Eger siziñ diyyaniñiz bolmasam salam berjegem dälmidiñiz? :)

    Mümkin,
    Salam uýam :) Gowy gowy. Özüňiz nähili gowmy ýagdaýlar? Işläp ýörsüñmi sag-aman? Şo-ol poçtada aýdanyñyzdan soň tumar edip dakdym)) Hawwa uçduk sag-aman :) Indi nesip bolsa yokary okuwa synanşmakçy.
    Jogap
  • Aksary Aksary off № 13 9 июля 2022 14:29
    Bagul_Atayeva
    Aksary, salam. Gowy. Eger siziñ diyyaniñiz bolmasam salam berjegem dälmidiñiz? :)

    Mümkin,
    Salam uýam :) Gowy gowy. Özüňiz nähili gowmy ýagdaýlar? Işläp ýörsüñmi sag-aman? Şo-ol poçtada aýdanyñyzdan soň tumar edip dakdym)) Hawwa uçduk sag-aman :) Indi nesip bolsa yokary okuwa synanşmakçy.

    Ýokla meñä adam saýlamak edähedim az bolmaly.onsañ oñatçylykmy?haýsy okuwa synanyşjak bolýañ.öñünden aýtdygym bolsun.Alla ýaryñyz.üstünlik :)
    Jogap
  • Bagul_Atayeva Bagul_Atayeva off № 14 9 июля 2022 15:57
    Aksary, oñat oñat. Özüňiz niçik? Oguzhana nesip bolsa.
    Minnetdar sagboluñ.
    Jogap
  • Mümkin Mümkin off № 15 9 июля 2022 17:20
    Bagul_Atayeva,
    Üstünlik arzuw edýän! Gowy habarlaryña garaşýan.
    Jogap
  • Гость Гость off № 16 9 июля 2022 19:42
    Pegas
    Bir adamyň eden ýaramaz işiniň netijesinde, ol adama geljekde-de ýaramazçylyk eder diýip bilmeýäris

    Bir gezek gözümden düşen adam hakdaky pikirimi onuň soňky hereketleriniň hiç birem üýtgedip bilenok.

    Men bola
    Jogap
  • Bagul_Atayeva Bagul_Atayeva off № 18 9 июля 2022 21:55
    Pegas
    Bir adamyň eden ýaramaz işiniň netijesinde, ol adama geljekde-de ýaramazçylyk eder diýip bilmeýäris

    Bir gezek gözümden düşen adam hakdaky pikirimi onuň soňky hereketleriniň hiç birem üýtgedip bilenok.

    :-/...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler