4-nji nota
Awtordan.
Hormatly agzalar! Maglumatlary size düşnükli dilde ýetirmek üçin Grangeriň sözlerinde “yr” harpy bilen ýazarys. Size bir habar aýtmaly boljak. Gynansakda, ol indi mundan beýläk “yr” diýip bilmez, tem boli Müsürde başagaýçylyk wagty. Görgülijik urdu dilini öwrenjek bolupdyr. Şeýdibem dili peltek bolup galypdyr. Fransuzlaryň üstünden azrak gülmeli eken. Haýpy gelijilik edibem oturmaň.

Rigel bilen My life. Rigel:
– Wa-aý.
My life:
– Waa-aa-aaý.
– Nämä gygyrýaň-aý?
– Sen gygyrdyň. Menem şoň üçin gygyraýdym. Ýüregim-ä ýardyň.
– Gaýta sen meň ýüregimi ýardyň.
– Agyz beýlekiler niredekä? Men-ä gorkmanam duramok şu podwaldan, şu garaňkylykda.
– Waý, gorkar ýaly näme barmyşyn, gyz? Dagy näme aňkasy aşan. Zordan durun men şu wagt. Aýaklarym we ellerim biygtyýar yrgyldaýar.
– Oglanlardan tapyljagy ýokmuka, ýa olaram eýýäm “Gitler kaput”-myka.
– Bolup biler. Agşamlyk wagtam-a geldi.
– Hawa. Aýat okaýalymy onda?
– Bolýa, bol tebäregem çykdyraly ýatanlara haýyş edip. Wäňkmi sen – diýip, Rigel başyny ýaýkady.

Çekirtgelerden gaçyp barysy podwala sümülipdiler. Oňam içi labirint ýaly. Üstesine garaňky. Kimsi zažigalka ýakdy, kimsi fonar. Bularyň hersi bir ýerdedi. Bendtner çadyrda ymyzganyp ýetişipdi, elbetde çadyra çekirtge giren däldir-dä. Dünýeden bihabar ýatyrdy. Podwala girenlerem janhowlunamy ýa çadyry hem çekirtgeler gemrer öýtdümi, öz-ä göni aşak eňipdiler. Düýelere-de zat bolmandy.
Nirwana bilen Dark wolf, Ötegçi üçüsi biledi. Dark wolf bir ýerlerden ot (fakel) tapyp ýetişipdir eken. Amerikanlardan hem bularyň töweregräklerinde aýlanyp ýörenleri bardy. Birdenkä uzyn däliziň ortarasyndan gum tümmek bolup, ýokarlygyna çykyp başlady. Bularam nämekä diýip üşerilişdiler. Nirwana gowlugyň ýokdugyny aňyp, yza ýöremegi, hat-da gaçmagy teklip etdi. Ýaňky gumuň yzysüre gara zatlar çogup başlady. Turdy bir başagaýlyk, gaçyşlyk, wägirişlik...
Ötegçi:
– E-e-e, o zatlar nämäý – diýip, gygyryp barýardy. Nirwana:
– Tanamaýan bolsaňyz, tanyş boluň, skarabeýler, ýagny tomzoklar.
Dark wolf:
– Biri üstüňe düşse, tepbediňi okaýa diýýä, Ötegçi-i-i. Ho-ol ýerräkde sowulýaňyz iki gyra. Bolmasa-da, biziň süňkümizem galmaýa häzir – diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Garaz az salymlyk ölüm howply başagaýlykdan soň bular sowulara ýer we çykalga tapdylar. Çykanlaryndan soňra, birden, Ötegçi “wäk” diýip goýberdi. Seretse, ýan torbasynda ýaňky tomzaklardan 2-3 sanysy bar. Üstlerine düşmänkä, alyp zyňdylar aşak garşy. Nirwana:
– Ötegçi, düşünmedim. Siziň torbaňyzda skarabeý näme işleýär?
Ötegçi:
– Aý, men gymmat bahaly daşdyr, üýtgeşik reňkli altyndyr öýdüp torbama salaýypdym-da düýn podwala düşemizde – diýip müýnürgedi.

“Daýkonyň oýnawaçlar sandyjagy” dükany size öz oýnawaçlaryny hödürleýär. Bu ýerde siziň çagalaryňyz üçin islendik oýnawaçlar bar. Elýeterli bahadan, her hepdäniň şenbe güni bolsa, 100% skitka gidýä. Howlugyň, çagalar! Çozuň, çagalar!

Çeper filmiň dowamyna Watan habarlar gepleşiginden soň tomaşa edip bilersiňiz, mähriban ildeşler!

(- E-e, aýyr-ow, ýok et. Kinoteatrda beýdip görjek bolsak, nämä bärik getirýäňiz?
- Hawa, nä sokýaň bizi?
- Sakin, sakin. Ne perežiwaýte. Geliň, biraz mediteýşn edeliň.
- Bu ýeri nä saňa Tibetmi?!
- Hiayress, me şuny Khanturä geçirsene.
- Men nä saňa tokly geçirijimi?!)

Gadyrly tomaşaçylar we gatnaşyjylar! Köşeşiň! Biz oýun etdik. Siziň reaksiýaňyzy barlap görmek isledik. Bu Grangeriň pikiridi.

(Oturanlaryň barysy tiňkesini Grangere dikdiler. Granger gözüni tegeläp, aşagrak ýatyp, ýüzüne pop-korn gabyny tutdy-da:
- Awtor jypdyrýa. Bu meň pikirim däl – diýdi.)

Massimus bilen Gost hem bile seresaplylygy saklap aýlanyp ýördüler. Ellerinde zažigalka. Khanture hem ýeke özi. Häk, zaluwat fonar alyp ýetişipdir-ow. Bir elinde-de sapança. Düşnükli, amerikanlaryň gulagyna depip ýetişipdir eýýäm.
Granger ýeke özidi, ne fonary bar, ne-de ody. Gözüniň göreji hem pes, äýnegi-de ýok. Az salymlyk hem bolsa, ony erbet gorky basmarlady. Soňra “Gorkusyz batyrlyk döremeýär” diýen hytaý aýtgysyny ýatlady-da, içindäki böwedi aýyrmaga synanyşdy. Bular seniň kelläňde bolup geçenok-da, hakykatda bolup dur, emma gorky seniň üçin salgym döreder. Mert bol, gyzjagaz, mert bol. Göze dürtme bolany bilenem, bu uzaga gitmez. Beter etse, ölersiň-dä. Ölüm gorkusyny ýeňseň, başga zadyň alajy tapylar.
Birdenkä töwerek biraz ýagtyldy. Her ýerde goýlan otly fakeller ýandy. Bu-da oňlulygyň alamaty däl, emma garaňkylygyň näbelliliginden ýeg. Şygyrdy. Granger howlukman, rahatlygy saklap töweregine garanjaklady. Yzyndan biriniň dem alýan we aýak sesi eşdildi. Öwrülip seretse...
– Nejis, ýüregim-ä bir ýardyň.
Gelen Khanturedi. Ol sesli güldi. Birdenem dymdy-da, Grangere ümledi. Granger:
– Şu başagaýlykda oýun ýadyňa düşýä. Oýun eden bolmasana – diýip, yzyna öwrülse, ynha bir daýow pyýada. Ýöne, goňralan binte meňzeş matasy ýarym saralan, bedeniniň görünýän ýerleri bolsa, diňe süňk-saňk. Granger:
– Khanture, ýuwaş-ş-ş. Gygyraýma, güläýme, gepläýme.
Bular ýuwaşlyk bilen yza ýöräp ugradylar. Garşydaky mumiýa hem bulara tarap. Diwara diräp durdular. Gidere ýer ýok. Mumiýa gelip elhenç ýogyn, şagyrdyly sesi bilen pyşyrdap:
– Nefertiti – diýdi. Khanture hem:
– Hää ýok ýok, agam, ýalňyşdyňyz bu Nefertiti däl. Bu... – diýdi welin, Granger oň aýagyna basdy. Onýança ýaňky mumiýa galan matalaryny hem aýryşdyrdy we Khanturäni ýakasyndan tutup, ýokary galdyrdy. Agzyny açyp, öz işine başlajak bolany hem şoldy welin, aňyrdan Hiayress ylgap geldi. Doňup galan Grangere:
– Germiona, ýörüň-ýörüň nämä dursuňyz – diýdi-de, mumiýa gözi düşüp, sesiniň ýetdiginden ýaňkyň üstüne gygyrdy. Mumiýa hem elindäki Khanturäni taşlap, Hiayresse gygyrdy. Ýaňkyň sesinden ýaňa, Hiayressiň ýüzi üýtgäp gitdi. Pursatdan peýdalanyp göterdiler ökjäni.

Rigel bilen My life-y Massimus we Gost tapdy. Bular hem çykdylar podwaldan. Hernä daşary asudalaşypdyr. Barysy toplandy. Çadyrdan boýnunyň ýeňsesini sypalap, Bendtner çykdy:
– Wsegda şto nibud wytworýaýete passany. Nadaýeli uže waşi wyhodki. W sleduýuşiý raz ýa budu idti na garem. Öňünden aýdýan. Hotýa, ýegiptýanki ne w moýem wkuse. Oni ne pohoži na çupa-çupsu.
Massimus:
– Zato oni pohoži na şokoladku. Sen intäk gareme köp gitmeli bolamasaň, çuwak....
...S Mumiýami... S hrustýaşimi şokoladkami – diýip, pyňkyrdy.
Ýolda gelýärkäler Nirwana:
– Heopsdakylar piramidaň içinde galypdyrlar. Bu ýerde-hä anten tutanok, ýaňy bir ýerräkde sms geldi. Men-ä şolara kömege gitjek.
My life, Rigel, Granger dagy “bizem seň bilen-de, bizem seň bilen” boluşdylar.
Gost:
– Dogry pikir-ä däl seň munyň, jora. Luçşe ilki otele toplanalyň, pikirlenşeliň. Beýleki ýerlere gidenler bilen sataşalyň.
Hiayress:
– Gost dogry aýdýa. Adatdan daşary ýagdaý boldy. Men düşünemok, nädip bu zatlar boldy? Wed, Germiona kitap okanda “yg” diýip okad-a, i plus edil şo wagt oýanardy oýanjak zatlar. Poçti bir günden soň oýandylar. Bir zady-ha gözden saldyk. Aslynda kän zady gözden saldyk welin... Üstesine logika-da düýbünden ters. Germiona, bu bolýan zatlary nädip düşündirip bolar?! Dogrusy, gözlerime ynanamok, düýş ýaly bu.
Nirwana:
– Siz pikirlenişýänçäňiz, Heopsdakylaryň boljagy bolaýmalymy. Halanyňyzy ediň, meni saklap bilmersiňiz. Men-ä o tarapa, sizem nätseňiz şeýdiň.
Gost:
– Seni ýeke goýberip bilmerin, ýöne barybir bölünişmeli bolarys. Birem ýaňy men şagala meňzeş zat gördüm-läý, ýöne soň seretsem, adam ýaly hem. Soňam ýitip gitdi. Bizem gaçdyk.
Khanture:
– Anubis. Ajal hudaýy. Mumifisirlemäniň hem umuman. Bulaň oýanmadygy bir galdymyka...

Ötegçi bilen Bendtner gyzlara – Rigel bilen My life-a gorag hökmünde, bolýan ýerlerine sag-salamat aşmaklary üçin bile gitdiler. Beýlekileriň hemmesi bolsa Heopsa tarap ugradylar. Nirwana-ha özdiýenine tutansoň gitdi, Grangerde hem birgiden gadymy kitaplar bardy. Üstesine-de ol öňki we soňky müsür dilini, medeniýetini, dinini, däp-dessuryny, taryhyny bilýärdi. Şonuň üçin hem bu ikisini alyp gitmeli boldular. Bolmasa, merdana, batyr türkmen ýigitlerimiz gyzlary goramalydy we olaryň howpsuz ýerde bolanyny kem görmändiler.
Bendtner, Ötegçi, My life, Rigel dagylar sag-aman Kaire bardylar, düýelerini tabşyryp, bolýan ýerlerine bardylar. Emma...

“Kündük” gözellik salony size öz hyzmatlaryny hödürleýär. Kündük getirseňiz hem, kartoşka getirseňiz hem, ýüzüne şo bir maskany geýdirip, öz eýesi tanamaz derejede edip bezeýäris. Salona gelmeýän natural gyzlaryň üstünden kündük gaçsyn, mähribanlar. Howlugyň, ýerler az galdy!

(- Bezeýäs diýen bolup, maýmyn edip çykarýar-a gyz bular.
- Şony aýtsana gyz. Aýlanaýyn öz tebigy gelşigimden.
- Aňrybaşy, zyňyp duran gözelligim bolmasa-da, şol “Kündügiň” çykarýan kündüklerinden-ä müň paý owadan men.)


...Emma myhmanhanada hem ýagdaýlar öwerlik däl eken. Diňe myhmanhana däl, Müsüriň ähli ýeri howp astyndady, hat-da tutuş ýer ýüzi. Bularda bolsa, ne ýarag bardy, ne-de bir üýtgeşik güýç. Ýaragyň bolany bilenem, diňe şol wagt pylança minutlyk wagt utup goranýan diýmeseň, oýananlaryň haýsy birini ýarag bilen ýok etjek. Muzeýe, kitaphana, Şalaryň deresine gidenler myhmanhana gelipdirler ekeni. Ýaşuly agzalar gyz-gelin we ýaşrak agzalary Abaddon bilen habarlaşyp, yzyna ugratmaň aladasynda boldular. Bular bu ýerde galybersinler. Habary Heopsyň içindäkilerden alalyň.

Öň hem aýdyşymyz ýaly, bulara Oksimiron ýolbaşçylyk edýärdi. Girelgeler ýapylaly bäri ählisi piramidanyň merkezinde durdylar. Bu ýerde Jeksparro, Bilgirje, Margarita, Senagul, Esma, Elif, Ejegyz, Gauzen, Ahmedik, FanB, SadMan, Keaip Begcon dagylar bardy. Gauzen:
- Eýlä-beýlä ýöresegem, bileje ýöräliň. Aýrylyşmalyň. Elleriňizden berkje tutuň. Goýberäýmäň. Ujus kinolarda köp gördüm. lyk edip, pytraşan bolýalar. Özlerini özleri şam edýärler.
Oksimiron:
- Anubise çenli oýanypdyr. Onuň goşunam-a ýatandyr öýdüp pikir edemok. Meň howatyrlanýan zadym häzir şu merkezimizden bir bela çykmasa bolýa. Ýöne beýdişip el gowşuryp oturmamyzy hem oňlamok. Nirwana dagyň topary daşyndan gelip bizi nädip boşatsyn. Olaram biz ýaly adam.
Margarita:
- Agam, ýöne biz çykalga tapanymyz bilen, ýa bolmasa girelgäni açyp bilenimiz bilenem, daşynda kimiň ýa nämäň bardygyny bilemzok ahyry. Şoň üçin häzirlikçe özümizi goramaga bir zatlar gözläli diýseňiz “hä” diýjek, ýöne girelgä golaýlanymyzyň haýry bardyr öýdemok.
Oňa çenli Ahmedik bilen SadMan hol aňyrrakda bir ýerde, diwarda asylgy duran iki sany galyň gylyjy alyp geldiler. Ahmedik:
- Bilip bolmaz. Merkezi piramidada durus özümiz-ä, elimiz boş durmasyn. Muň içem boşdur öýdemok.

Khanture, Dark wolf, Gost, Nirwana, Hiayress, Granger, Massimus we onuň iki sany müsür dosty Akylly Khaled bilen Hasan Abdul Latif Abdulmuhammadi dagylar Beýik piramida bardylar, emma golaýlaman, bärräkde saklandylar. Khanture zaňňar, tüweleme, dürbi-sürbi dagam alyp ýetişipdir. Eline gyzlaryň sumkasy dagy düşäýen-ä däldir-dä. Amerikanlar bilen dil tapyşypdyr öz-ä, şolardan alan bolmaly. Khanture dürbüden seredip durşuna:
- Ýoldaşlar, biz ýeke däl ýaly-la. Heopsyň töweregi gabalan. Diri adamdan başga bar zat bar – diýdi. Dürbüsini aýryp:
- Ýeri onsoň, indiki masgaraçylyk?
Gost hem ýaňky dürbüden seretdi:
- Masgaraçylyk şu, dostlar. Hälki şagal diýýänim hem bar hol-ha. Eý-ho-o, epeý bir zat.
Nirwana:
- Getir hany bärik. Hakyt, Anubis. Şagal kelleli, adam göwreli Müsür hudaýlarynyň biri. Oň goşuny hem bar diýip eşdipdim.
Hiayress:
- Eger olaram direlen bolaýsa, işimiz pyrryk.
Massimus:
- Gitler kaput.
Dark wolf:
- Beýle çalt we aňsat ölüp bolmaz. Haçan we nirede tükgerjegimizi bir Alla bilýä. Alladan ýardam isläliň. Meň pikirimçe kellämizi işledip pylan düzsek we agzybir bolsak, biziň almajak galamyz ýok.
Gost:
- Dark dogry aýdýa dostlar. Pylan düzeliň pikirlenip. Düýeleri töweregimize aýlap, ilki bir, biraz gyşaralyň şu ýerlerde. Üstesine garaňky gijede elimizden gelen zat bolmaz. Daň agarýança garaşmagy teklip edýän. Iki-üç sagat ymyzganyp turarys we daňa çenli pylan gurarys...

Myhmanhanada öz otagynda oturany haýsy, jemlenşip, böwürlerini diňläp oturany haýsy...
Remezan:
- Şu çagalaň mydy-mydysy gutarmaýar gije-gündiz. Teý, ýatmaga goýanoklar.
Soho:
- Agam, başda hem aýdypdym, towuk ketegiň töwereginden komnat almaly diýip. Özüňiz-dä.
Senýorita, Mona Songz, wordless, Miss minnoş, Dani dagylar gybat kakyp otyrdylar. Birdenkä balkonyň gapysy güýçli ýel bilen açyldy, otaga çäge sowruldy. Gyzlar içlerini çekdiler. Içinde batyrragy, Senýorita turdu-da gapyny ýapdy. Yzyna öwrülip hem eýe gören dek doňup galdy. Gyzlar hem muňa seredip duransoňlar aňk-taňk. Senýorita saňňyldap, eli bilen görkezip:
- T-T-Tu-Tutun... T-Tutan... Tutanhamooooon – diýip, sesiniň ýetdiginden wägirdi...

Remezan:
- Allajanlarym-eý, toba-tagsyr-eý. Müsür bulaň aňastyny eýelän borly. Basyrganyp, öz deň-duş pyragunlarynyň adyny tutup gygyrýalar-a.
Soho:
- Kämillik ýaşyna ýetmedikleri äkitmäliň diýip köp käkeledim. Öz ülkämize baranymyzdan soň-a, birlaý psihdispanserden geçirmesek, garamata galarys öýdýän.

...Özüniň 2-3 müňýyllyk soňky ýaşytdaşlary hem bolsa, Tutanhamon allaniçigsi boldy. Towuk ketege düşene döndi. Özüni ele aldy-da, otagyň içinde ýaňkylaryň birini, Danini tutdy-da, ýokary galdyrdy. Beýleki gyzlaram dumly-duşdan ýaňkyň çem gelen ýerine ýelmeýärler. Kakyny tutan, Tutanhamon elini aýlap gyzlary gyra zyňdy. Müsürçe bir zatlar samrady:
- Meň ejem Nefertiti nirede?
Emma oňa düşünen bolmady. Oňa deňiç, aňyrdan pişigini göterip, garaburç ylgap geldi. Pişigini Tutanhamona tutup:
- Bu ýerde seň ejjjeň ýok, çüýrük banan. Göteril şörden, Daniniň kakan gurbakgasyna meňzeş mahluk – diýip, batyrgaýlyk bilen gepledi. Tutanhamon ýüregi ýarylara geldi. Ol tozan turzup, tüweleý bolup, ýitip gitdi. Gyzlar zordan ýerlerinden turup, bolan zatlara hem gorkup, hem haýran galyp durdular. Garaburç:
- Öten agşam Nirwana bilen Grangeriň gürrüňini eşitdim. Mumiýalar pişikden gorkýan ekenler. Hihi.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 9-07-2022, 13:38

  • biohimik. biohimik. off № 1 9 июля 2022 14:06
    Ay gep yok molodes
    Dowam ediberiñ!
    Onkileri hem okap cykayyn ;))
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 2 9 июля 2022 14:30
    ?
    Daaşş bolupdur ?
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 3 9 июля 2022 14:31
    Dowamyna garashyas
    Jogap
  • Taktika Taktika off № 4 9 июля 2022 14:39
    Keaip_begcon Hemedany bilen şyhlaryň ýanyna gitmänmidi. Meni tazeligimi geň görman öň diňe myhman bolup giryadim.
    Jogap
  • Granger Granger off № 5 9 июля 2022 14:55
    Taktika
    Keaip_begcon Hemedany bilen şyhlaryň ýanyna gitmänmidi. Meni tazeligimi geň görman öň diňe myhman bolup giryadim.

    Siz 1-2 seriýa sypdyrypsyňyz öýdýän.
    Ol oň bilen birlenji ýa ikilenji gün gidipdi.
    Jogap
  • Taktika Taktika off № 6 9 июля 2022 14:57
    Granger,
    I am sorry sypdyran bolmagym ahtimal onno
    Jogap
  • Granger Granger off № 7 9 июля 2022 14:58
    Eeh.. Tutanýerli Nirwana. Özdiýenli komnatdaş. :)
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 8 9 июля 2022 15:05
    - Aňrybaşy, zyňyp duran gözelligim bolmasa-da, şol “Kündügiň” çykarýan kündüklerinden-ä müň paý owadan men.)??????????
    Jogap
  • Hiayress Hiayress off № 10 9 июля 2022 15:22
    "– Khanture, ýuwaş-ş-ş. Gygyraýma, güläýme, gepläýme."

    Ol başagaýlygyň arasynda üç sözi yzygiderligine dogry aýdyyp bilmesi ynandyryjy däl.

    - Khanture ýuwaş yňkyňy çykmasyn - ýa-da - Khanture ýuwaş sesiňi çykarma - diýen ýalyrak ulansoň, has-da ýerlikli we söz ekenom boljak eken.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 11 9 июля 2022 15:23
    Pikirler gaty dagynyk.Baryny bir ýere jemläp bilmedim.Garry Potter filminiň bar bolumleri goshulup garylyp bir film ýasalan ýaly bolupdyr.
    Jogap
  • Remezan Remezan off № 12 9 июля 2022 15:59
    Dowamyna garaşýan berekella
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 13 9 июля 2022 16:21
    Gyzykly bolupdyr. Dowamyna garaşýan yegipt
    Jogap
  • Gauzen Gauzen off № 14 9 июля 2022 16:22
    Indi isleneniň agzalary "Ar alyjylar" bolmalyda hä. Bütin Ýer ýüzüniň ykbaly biziň elimizde pont
    Jogap
  • Mr_Coder Mr_Coder off № 15 9 июля 2022 16:50
    Musur diyip okapdyrynay adyny
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 17 9 июля 2022 17:35
    Tüweleme, tüweleme! Gurbanlyk güni, ýagny, şu başagaýlykda hem irginsiz zähmet hem zehin talap edýän önüm öndürip, onam biz bilen paýlaşyp bilýändigiňiz üçin ullakan yswasywa aýdaýmasam, başga elimden gelýän zat ýok. Dogrusy, dowamyny soramaga çekinýän, sebäbi bu işler ýeňil-ýelpaý iş däl. Haçan goýsaňyz, şonda-da okarys! Tankytlarymy soň etmesem, häzir Gurbanlyk bilen başagaý. Ýene bir gezek minnetdarlyk bildirmek bilen, saýtdaşyňyz Ahmedik:)
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 18 9 июля 2022 17:38
    Nirvana, Khanture bilen ýazýan eseriňizem howlukdyranym üçin bagyşlaň. Çünki bu işler ýeňil-ýelpaý iş däl. Haçan goýsaňyz, şonda-da okarys. Işiňizde üstünlik! Ýokarda belleýşim ýaly, tankyt etmäge wagtym ýok, aýyplaşmarsyňyz-da...
    Jogap
  • Ahmedik_97 Ahmedik_97 off № 19 9 июля 2022 17:39
    Wiý, ähliňiziň Gurban baýramyňyz kabul bolsun!
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 20 9 июля 2022 19:29
    Menä ýok öýtýän bu syýahatyňyzda... :/
    Gaty gowy ýazylypdyr ? , çeper dilli, elleriňize saglyk saýtdaşlarym! ☺?
    Jogap
  • Mona Songz Mona Songz off № 21 9 июля 2022 19:30
    Ahmedik_97
    Wiý, ähliňiziň Gurban baýramyňyz kabul bolsun!

    Siziňkem gutly mübrek bolsun! Eden ähli doga-dilegleriňiz, sadaklaryňyz Allahyň dergähinde kabul bolsun!
    Jogap
  • biohimik. biohimik. off № 22 9 июля 2022 19:42
    Mona Songz,
    Mona Songz
    Menä ýok öýtýän bu syýahatyňyzda... :/
    Gaty gowy ýazylypdyr ? , çeper dilli, elleriňize saglyk saýtdaşlarym! ☺?

    Menem
    Jogap
  • Bendtner Bendtner off № 23 9 июля 2022 20:27
    Şü syýahatda ýadap dync alayyn diyan welin yatmaga berenoklaray swist
    Jogap
  • My life My life off № 24 10 июля 2022 00:03
    Gyzykly gowy yazylypdyr,gulkuli yerlerem bar. Dowamynada garashyas.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler