Duýgularyň reňkleri...
Reňkler hakynda bir ýazgyny okanymdan soñ, birhili olar aklymdan gitmedi. Ýöne mende reñk adaty reñk dälde abstrakt many aldy.Mysal üçin: Ýalanyñ reñki- ak gara ýaly , gara ak ýaly , ýaşyl sarymyka diýdirýär.Bu duýgy ýalany eşdeñde ýa-da ýalan gürläñde bolýandyr. Söýgiñ reñki- hiç gandyrmaýar. Akdanam doýup bileñok , mawudanam , sarydanam , ýaşyldanam...ýene müñ dürli reñk bolsa olaram özüñe siñdiresiñ gelýär. Olary sorasyñ gelýär. Olar saña siñýärem ýöne doýup , ganyp bolanok. Gorkyñ reñki -ýok. Ähli zat reñkini ýitirýär. Agaranogam , garalanogam. Asla reñk görnenok. Ýaranjañlygyñ , günäñ reñki- tüýküligiñ reñkine meñzeş ýüregini bulaýar. Başga-da ýürek bulaýjy reñkler göz öñüñe gelýär. Gynanjyñ , gussañ reñki - reñkler ümüre bürenýär , sen olaryñ halyna gynanýañ , olar señ halyña...Aýralygyñ reñki- ajy burçuñ , gaty ajy burçuñ tagamy ýaly , ýakyp barýar. Wepañ , dostlugyñ reñki - goýy. Ýaşyl , ýaşyldanam goýy, gyzyl , gyzyldanam agyr , berk , ygtybarly.Ýeriñ reñkem berk , ädimlerñem berk...
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария