Garrap barýas şahyr aga,
Garrap barýas görnetin.
Ýogsa sen Paruýr Sewaga,
Öýkünmezdiň ahbetin.
Gyt däl ahyr kitaplarda başga-başga goşgular,
Söýgi hakda, ýaşlyk hakda we ýene-de başgalar.
Ýeri, bolýar, öýküniber, aç syryňy jahana,
Içiňi boşatmak üçin tapyldy bir bahana!
Garrap barýas Mämmet şahyr,
Garrap barýas aý, dogan.
Düýnem bize diýerdiler:
«Aý, jan jigi, aý, oglan».
Indi bu gün adymyz: «Aý, ýaşuly, aý, aga!»
Şäherdemi, obadamy bolsa haýsy toý, aga,
Käte-käte giň törde-de oturdylýan wagtyň bar,
Gaçgynyň tördi weli, indi törden bagtyň bar.
Garrap barýas Berdinazar,
Ýap-ýaňy hem çagadyk.
Indi bu gün degirmençiň,
Telpegi dek çalardyk.
Döş üstünden timarlap goýberäýsek sakgaly,
Garasyna näçe esse köp gelerkä ak gyly?
Sakgal syrmak, meger, dünýäň bagty üçin dörän zat,
Ýogsa dagy giň dünýäni çalardaýjak adamzat.
Garrap barýas doganlar,
Garrap barýas kem-kemden.
Ýöne weli garramak hem,
Gyzyksyz zat däl eken.
Sakgal sakgal weli, saç hem bize iş boljak,
Garaz, näme, adam ogly, eýtjek-beýtjek ýaş boljak.
Depämizde oýnadyp kiçijik daragymyzy,
Ýeňsäň saçyn bärik çekip, bukýarys maňlaýymyzy.
Birdenem ters tarapdan öwsüp garagol şemal,
Syrymyzyň üstün açýar, haý, garagol, garagol!
Garrap barýas aşyk Kerim,
Şaglap barýar aý-günler.
Otuz ýyllyk yzda galdy,
Şol toraňňy, ýylgynlar.
Şondan bäri mahal-mahal duşuşykda, ýygnakda,
Goşgularyň okan wagtyň ilkinji söýgiň hakda,
Demiňden ot sowrulýar, tütün çykýar depderden,
«Şol gyz häzir barmy?» diýip, sorag ýagýar köp ýerden.
Bar diýip hem bileňok, ýok diýip hem bileňok,
Çünki ol bar bolanda-da, indi seniň üçin ýok.
Garrap barýas şahyr aga,
Garrap barýas halypa.
Garrylyk hem dünýäde,
Juda uly wezipe.
Adam garradygyça, has köpelýär synçylar,
Agramyňy ölçeýärler çynçylar, ýalançylar.
Ýaş wagtyň – gyzlar ölçeýär,
Gartaşaňda – uly il.
Işiňde-de hil gerek,
Kelläňde-de uly hil.
Pähim bilen, akyl bilen ýugrulmasa gartaňlyk,
Nesillere niçik miras goýup biler atalyk?
Gartaşýarsyň Kerim şahyr,
Gartaşýarsyň ezizim.
Ýöne weli aklyňa,
Aýlanaňok henizem.
Köçä çyksaň henizem gözüň gyzda-gelinde,
Mart aýy golaýlaşsa, bir desse gül eliňde.
Nirä barýaň ýaltaklap, kime berjek çemeni?
Öýüňde çemensiz otyr sekiz çagaň emeni.
Çemeniňi şoňa gowşur, dolan, şahyr yzyňa.
Iller eýýäm söz aýdyjy gelip ýörler gyzyňa.
Bir gyz bolsa toý sähedin sorap otyr ogluňdan.
Barýan ugruň päk bolmasa döneweri pyglyňdan.
Nirä barýaň şahyr,
Nirä barýaň?
Kerim Gurbannepesow.
GARRAÝARYS
Bilim,
Telwas
tarapyndan
12-07-2022, 12:04