Hoş gal söýgim
Ol gün duşdum köçede,
Başyñda bagt öýmäñ bar.
Emma hälem bir maña,
Gije ogryn köýmäñ bar.
Çola ýerde duşduk soñ,
Hiç kim bizi añmaýa.
Öpmesem sen agladyñ,
Öpsem gadrym aglaýa...
Gel, indi hiç duşmaly,
Duluñy berk saklagyn.
Arzan söýgiñ nyrhyna,
Gymmat bagtyñ satmagyn.
Unutman gül keşbiñi,
Ýürejigime bukdum men.
Soñky doglan gyzyma ,
Seniñ adyñ dakdym men.
Aglamaly gel indi,
Aldamaly özümiz.
Söndüreli suw sepip,
Umyt berýän közümiz.
Söýmän alan gelnimiñ,
Depesinden ätleme.
Burç günlere ysnyşypdyrys,
Bal günleri ýatlama...?
Kerim Hally
Başyñda bagt öýmäñ bar.
Emma hälem bir maña,
Gije ogryn köýmäñ bar.
Çola ýerde duşduk soñ,
Hiç kim bizi añmaýa.
Öpmesem sen agladyñ,
Öpsem gadrym aglaýa...
Gel, indi hiç duşmaly,
Duluñy berk saklagyn.
Arzan söýgiñ nyrhyna,
Gymmat bagtyñ satmagyn.
Unutman gül keşbiñi,
Ýürejigime bukdum men.
Soñky doglan gyzyma ,
Seniñ adyñ dakdym men.
Aglamaly gel indi,
Aldamaly özümiz.
Söndüreli suw sepip,
Umyt berýän közümiz.
Söýmän alan gelnimiñ,
Depesinden ätleme.
Burç günlere ysnyşypdyrys,
Bal günleri ýatlama...?
Kerim Hally
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
2 комментария