Bir gezek filosofiýa boýunça leksiýada bir professor boş üç litrlik banka bilen leksiýa geldi.
-Bu banka düýbünden boş, şeýlemi? -okuwçylara ýüzlendi.
-Hawa, - diýip, okuwçylar baş atdylar.
Soňra professor diametri takmynan üç santimetr bolan ownuk daşlary alyp, bankanyň içine guýdy.
- Siziňçe, banka indi doldymy? - professor ýene sorady.
-Hawa, indi doly! -Talyplar geň galyjylyk bilen jogap berdiler.
Soňra professor nohut alyp, ýene bankanyň içine guýup başlady, nohut daşlaryň arasynda galan boş ýerleri doldurdy. We ynha bir stakan nohut bankada.
-Siziň pikiriňizçe bu banka indi dolymy? -professor ýene sorady.
-Hawa, elbetde -diýip, talyplar birbada jogap berdiler.
Professor stoldan başga bir guty aldy. Bu gezek gum bardy. Seresaplyk bilen bankanyň içine guýup başlady. Ownujak çäge däneleri galan ähli boşluklary doldurdy we hemme zady ýapdy.
Professor ýene sorady:
- Banka indi dolymy?
-Indi anyk doly! -okuwçylar ynam bilen jogap berdiler.
Soňra professor stoluň aşagyndan bir bokal suw alyp, bankanyň içine guýdy.
Talyplar güldi.
-Size aýdasym gelýär -diýip, professor söze başlady, -banka seniň durmuşyň.
Esasy zatlar üçin ýeterlik ýer bar -söýgi, saglyk, maşgala, çagalar, dostlar - şol gymmatlyklarsyz durmuşuň manysy ýok.Bular daşlar.
Mundan başga-da, durmuşda ownuk zatlar (nohut) bolup biler. Bular siziň üçin möhüm bolan zatlar: iş, öý, awtoulag.
Gum -galan hemme zatlar. Her günümizi düzýän ownuk zatlar.
Ilki bilen gumy doldursaň, daşlara we nohutlara ýer bolmaz. Durmuşda edil şonuň ýaly. Her gün ownuk-uşak zatlara gidirilse , esasy zadlary eliňizden gidirip bilersiňiz. Hemme güýjüňizi ownuk zatlara sarp etmäň. Esasy zat ýygy-ýygydan - çagalaryňyz bilen oýnaň, ýakynlaryňyz bilen wagt geçiriň, dostlaryňyz bilen dynç alyň.
Daşlara üns beriň! Arassaçylyk , işlemek üçin elmydama wagt tapyp bolýar. Ileri tutýan zatlaryňyzy kesgitläň, ýogsam gum hemme zady alar.
Professor dymyp, tagtanyň ýüzüne öwrüldi.
Soň bir okuwçy sorady:
- Aýtsaňyzlaň, suw nämäni aňlatýar?
Sag boluň, soranyňyza begenýärin! Durmuşyňyz näçe doly bolsa-da, onda hemişe ýaltalyk üçin ýer boljakdygyny görkezmek üçin muny etdim.
Boş bankanyň tymsaly. Ýa-da ýaltalyk üçin dogry wagty nädip tapmaly?
Bilim,
hemranurowa
tarapyndan
16-07-2022, 23:08