Arañyzda Gapbarçanak görenleriñiz bardyr. Ol näme diýip otyrmañ meñ aýdýanym Arazbaý Öräýewiñ eserinde agzalýan uçýan tarelka diýilýän Näbelli Obýektiw.
Arañyzda uçýan tarelkalar hakdaky aýdylýanlar ýalan diýmekligiñiz hem mümkin. Ýöne taryhy çeşmeleriñ ençemesinde diýen ýaly giñişleýin jikme-jik suratlandyrylyp görkezilýär. Hristiýanlaryñ Mukaddes Kitaby bolan Injiliñ 26-njy bölüminiñ 1-njy 2-nji babynda şol gapbarçanagy Ezekiýel pygamberiñ aýdanlary bilen düşündirýär.
Özüm kän bir dindar adam däl bolamsoñum Hristiýanlaryñ baş kitaby Injili bir materiýal almak üçin ele aldym. Ol hem Ezekiýel pygamber hakdaky bölümi öñden bärem meni diýseñ gyzyklandyrýardy. Sebäbi bir-iki sany kitapda Ezekiýel pygamberiñ şol gapbarçanagy görendigi hakda ylmy maglumatlar habar berip ony bolsa dolulygyna ýetiremändirler. Ine şol ýazgylary başdan aýak okaryn diýseñiz gyzgyny bilen size ýetirýärin. Ol ''Ezekiýel Pygamberiñ kitaby'' diýen sözbaş bilen başlanýar.
Ýahudy halky Babyl sürgünliginde bolan döwründe, b. e. öň 593‑nji ýylda Reb Ezekiýel (Kifl) pygamberi çagyrypdyr.
Soñra onuñ 1-njy babynda Ezekiýel şeýle setirler bilen başlaýar.
''1. Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy. 2. Bu Ýoýakyn patyşanyň sürgün edilmeginiň bäşinji ýylydy. Dördünji aýyň bäşine 3. Babyllylaryň ýurdundaky Kebar kanalynyň ýakasynda Buzynyň ogly Ezekiýel ruhana Rebbiň sözi aýan boldy. Ol ýerde Rebbiň eli onuň üstündedi. 4. Men demirgazykdan tupanly şemalyň gelýänini gördüm. Şöhleli, üznüksiz ot saçýan äpet bulut gelýärdi, oduň ortasynda ýakuda meňzeş bir zat ýalpyldaýardy. 5. Buludyň ortasynda keşpleri ynsana meňzeş dört sany jandaryň duranyny gördüm. 6. Olaryň hersiniň dört ýüzi we dört ganaty bardy. 7. Aýaklary gönüdi, dabanlary göläniň toýnagyna meňzeýärdi we ýaldyrawuk bürünç kimin şöhle saçýardy. 8. Ganatlarynyň astyndan, dört gapdalyndan ynsan elleri çykyp durdy. Dördüsiniň-de ýüzleri we ganatlary şeýledi: 9. Olaryň ganatlary biri-birine degip durdy. Jandarlar ýöränlerinde hiç ýana öwrülmän, her haýsy öz tarapyna göni gidýärdi. 10. Olaryň dördüsiniň-de ýüz keşpleri şeýledi: öňde dördüsiniň-de ynsan ýüzi, sag tarapynda arslan ýüzi, çep tarapynda öküz ýüzi we yzda bürgüt ýüzi bardy. 11. Olaryň ýüzleri şeýledi. Ganatlary bolsa ýokaryk gerilgidi; her jandaryň ganatlarynyň ikisi biri-birine galtaşyp durdy, beýleki iki ganaty bolsa, olaryň bedenlerini örtýärdi. 12. Olaryň her biri gös-göni hereket edýärdi. Olar hiç ýana sowulman, Ruhuň isleýän ugruna gidýärdiler. 13. Bu jandarlaryň görnüşi ýanyp duran oduň közlerini ýa-da şamçyraglary ýada salýardy; ot jandarlaryň ortasynda dyngysyz hereket edýärdi. Ot şöhle saçýardy we ondan ýyldyrym çykýardy. 14. Jandarlar ýyldyrym çaltlygynda gelip-gidip durdular. 15. Men jandarlara seredenimde, ine, dört ýüzli jandarlaryň ýanynda olaryň hersi üçin ýerde bir tigir gördüm. 16. Tigirleriň görnüşi we gurluşy şeýledi: olar sary ýakut kimin ýalpyldaýardy we dördüsi-de biri-birine meňzeşdi; olaryň görnüşleri we gurluşlary tigir içindäki tigir ýalydy. 17. Çar tarapa ýöräp bilýärdiler; tigirler hiç ýana öwrülmeýärdiler. 18. Tigirleriň gurşawlary belent hem gorkunçdy; dördüsiniň-de gurşawlary tutuşlaýyn gözlerden doludy. 19. Jandarlar ýöränlerinde, tigirler-de olaryň ýany bilen ýöreýärdiler; jandarlar ýerden galanlarynda, tigirler-de bile ýerden galýardylar. 20. Ruh nirä gitmek islese, olar-da şol ýana gidýärdiler. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, tigirler-de olar bilen bile ýerden galýardylar. 21. Jandarlar ýöreseler, tigirler-de ýöreýärdiler; jandarlar dursalar, tigirler-de durýardylar. Jandarlaryň ruhy tigirlerdedigi üçin, olar ýerden galanlarynda, tigirler-de bile galýardylar. 22. Gümmeze çalymdaş, buz ýaly ýaldyraýan gorkunç bir zat jandarlaryň kelleleriniň üstüne ýaýylypdy. 23. Gümmeziň aşagynda olaryň ganatlary biri-birine tarap gerilgi ýagdaýda gönelip durdy. Olaryň hersiniň bedenini örtýän başga-da iki ganaty bardy. 24. Olar ýöränlerinde, ganatlaryndan çykýan sesi eşitdim: joşup akýan suwlaryň şaggyldysy, Gudratygüýçliniň sesi we uly goşunyň gürpüldisi ýalydy. Olar duranlarynda, ganatlaryny aşak goýberýärdiler. 25. Ganatlaryny aşak goýberenlerinde, kelleleriniň üstündäki gümmezden bir ses gelýärdi. 26. Gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy. 27. Men keşbiň bilinden ýokardaky görnüşini gördüm, ol içi tutuşlaýyn ot görnüşli ýaldyraýan ýakut kimindi, keşbiň bilinden aşakdaky görnüşini-de gördüm, ol ot deýin parlap, töwerek-daşa şöhle saçyp durdy. 28. Daş-töwerekdäki şöhläniň görnüşi ýagyşly gün bulutda peýda bolan älemgoşar kimindi. Bu Rebbiň şöhratynyň görnüşiniň keşbidi. Men muny gören badyma ýüzin ýykyldym we kimdir biriniň gepleýän sesini eşitdim''.
Soñra bolsa şu ýerde birinji bap gutaryp ikinji baba geçýäris. Ezekiýel pygamber şeýleräk dowam edýär:
''(Reb Ezekiýel pygamberi çagyrýar)
1. Gepleýän ses maňa: «Eý, ynsan
ogly, aýak üstüne gal, seniň bilen gepleşjek» diýdi. 2. Ol
geplände, Ruh içime girip, meni aýak üstüne galdyrdy. Men Onuň özüme ýüzlenip gepleýänini eşitdim. 3.Ol maňa şeýle diýdi:
«Eý, ynsan ogly, Men seni garşyma baş göteren pitneçi millet bolan ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin. Şu güne çenli olar we olaryň ata-babalary Maňa garşy bolup geldiler. 4. Bu halk dikdüşdi we tekepbirdir. Men seni olaryň ýanyna iberýärin. Sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý. 5. Bu pitneçi halk seni islese diňlesin, islemese diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir pygamberiň bardygyny bilsinler. 6. Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar pitneçi halkdyr. 7. Olar seni isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara sözlerimi aýt, çünki olar pitneçi halkdyr. 8. Ýöne sen, eý, ynsan ogly, özüňe aýdýanlarymy diňle. Bu pitneçi halk ýaly dikdüşdi bolma, agzyňy aç-da, saňa berjek zadymy iý». 9. Onsañ men özüme tarap uzalýan bir el gördüm; ol elde bir düýrlenen kagyz bardy. 10 Ony meniň öňümde açyp
goýdy, onuň iki tarapy hem ýazylgydy, onda agylar, iňňildiler we nalyş sözleri ýazylgydy''.
Yzyny bolsa näçe dowam etseñ-edip oturmaly. Ýöne pygamberiñ suratlandyrmasy edil şol gapbarçanak şekili we dört sany gumanoid hakda söz açýar. Döwrümizdäki ýewreýleriñ köpüsi bolmasa-da käbiri şol gapbarçanakdaky gumanoidleri şol geçmişde pygamberlere habar getiren perişdeler bolupdyr diýip hasaplaýarlar. Şol aýdylanlardan we şu ýokardaky pygamberiñ aýdanlaryndan çen tutsak bu ýerde göze görünip duran bir zatlar ýatan ýaly aslynda...
@Jeksparro
Injilde Ezekiýel pygambere uçýan tarelka we başga planetalylar göründimi???
Bilim,
Jeksparro
tarapyndan
31-05-2021, 22:17