Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (18.07-24.07)
Şu hepde Türkmenistanda adatdan daşary yssy bolar, diýip howa maglumaty gullugy habar berýär. Ýurdumyzyň käbir sebitlerinde temperaturanyň +47 derejä ýetmegi mümkin. Birentek ýerlerde şemalyň tizligi sekuntda 19 metre ýeter.
Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni +43 dereje yssy bolar. Sişenbe we çarşenbe günleri howanyň temperaturasy +41 - +42 derejede saklanar. Penşenbe güni howa +44 derejä çenli gyzar, anna güni hem howanyň ýagdaýy şeýleräk bolar. Dynç günleri howur biraz peselip, şenbe güni howa +42 we ýekşenbe güni +41 dereje bolar diýip çaklanylýar.
Balkan welaýatynda duşenbede we sişenbede temperatura +43 derejede saklanar, çarşenbe güni bolsa +44 derejä çenli gyzar. Howa maglumaty gullugy penşenbe güni howanyň aňrybaş temperaturasynyň +40 derejä, anna güni bolsa +38 derejä çenli peselmegine garaşylýar diýip habar berýär. Şenbe güni temperaturanyň +39, ýekşenbe güni bolsa +35 derejelerde saklanmagyna garaşylýar.
Daşoguz welaýatynda hepdäniň başyndan başlap howa kem-kemden gyzar — duşenbe güni +42, sişenbe güni +43, çarşenbe güni +44, penşenbe güni +46, anna güni bolsa +47 dereje yssynyň bolmagyna garaşylýar. Diňe dynç günleri howur biraz peselip, şenbe güni howa +44 we ýekşenbe güni +43 dereje bolar. Şeýle hem dynç günleri şemalyň güýçlenmegine, tizligi sekuntda 17 metre ýetmegine garaşylýar.
Mary welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri aňrybaş temperaturanyň +43 dereje bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň ilkinji günleri şemalyň tizligi sekuntda 16 metre ýetmegi mümkin. Çarşenbe we penşenbe günleri howa +45 derejä çenli gyzar, şemalyň tizligi bolsa sekuntda 15 metre ýeter. Anna güni +47 dereje yssy bolar. Şenbe güni yssy biraz düşüşip, howa +44 dereje bolsa-da, ýekşenbe güni ýene gyzyp başlar we +46 derejä çykar.
Lebap welaýatynda tutuş hepdäniň dowamynda tizligi sekuntda 15 - 19 metre ýetýän şemalyň bolmagyna garaşylýar. Duşenbe we sişenbe günleri howanyň derejesi +44-de saklanar. Çarşenbe we penşenbe günleri howa +45 derejä çenli gyzar. Anna güni +47 derejä çenli yssy bolmagy mümkin. Dynç günleri temperatura +46 dereje bolar diýip garaşylýar.
Yssy günlerde ir sagat 10-dan öýlän sagat 17-ä çenli açyk howa çykmak maslahat berilmeýär, bu aýratynam ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden ejir çekýänlere, gartaşan adamlara we kiçi ýaşly çagalara degişlidir. Şeýle hem bedende suwuň ýeterlik mukdarda bolmagy üçin köpräk suw içmelidir.
@TmCars.info

[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
4 комментария