Bagtly maşgala üçin dört hat

■ Bu kitap näme üçin türkmen diline geçirildi ?

Häzirki döwür, ösüşleriň we aň-düşünjäniň ýyldyrym çaltlygy bilen ösýän döwri. Ylmyň we tehnikanyň ösen döwründe döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar, şol sanda halklaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeniýet we sungat gatnaşyklary ýygjamlaşýar we bir-birine has-da ýakynlaşýar. Globallaşmakdan çetde durmazlyk - dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge oňyn netije berýändigine garamazdan belli bir derejede birnäçe ýaramaz täsirlerini hem ýetirip durýar.
Daşary ýurt teleýaýlymlaryndaky görkezilýän gepleşiklerde we dürli žanrlardaky kinofilmlerde türkmeniň däp-dessurlary bilen asla bir ýere sygyşmajak zatlar biziň ýaşlarymyza az täsir edenok. Bu bolsa, biziň indi durmuş gurjak ýaş gyzlarymyzy we ýigitlerimizi, eýýäm durmuş guran ýaş çatynjalarymyzy ep-esli derejede zäherläp ýetişýär. Tersine, muny öz gezeginde döwrebaplyk we ösüşden yza galmazlyk diýip düşünýänlerem az däl. Indi ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşla çenli elýeterli bolan ýokary hilli el telefonlar we kompýuterler hem dürli hili ýaramaz kadrlary, aýratynam parnografik edebiýatlary ýaýratmakda az rol oýnanok. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny adamzadyň bähbidi üçin ulanylan ýagdaýynda, biziň durmuşymyza öz peýdasyny doly manysynda berýär diýip bolar. Ylym we tehnika adamzat jemgyýetiniň asyrlar boýy sünnälenen ahlak gymmatlyklaryny depelemek üçin ulanylan mahalynda bolsa, onda ol ösüşe däl-de, adamzat jemgyýetini düýbi-teýkary görünmeýän garaňky gorpa iteklär. Her bir halk dünýä ösüşinden yza galman, öz milli däp-dessurlaryny we ahlak gymmatlyklaryny ýaramaz täsirlerden gorap, ony öz nesilleriniň aňyna siňdirip başarsa, onda ol halk millet hökmünde öz barlygyny we sagdynlygyny hiç haçan ýitirmez. Milletiň sagdynlygynyň esasy binýady bolsa, maşgalanyň sagdynlygynda we onuň berk gurulanlygyndadyr.
Biziň milli edebiýatymyzda halkymyzyň milli ahlak gymmatlyklaryny we türkmen maşgalasynyň nusgalyk görüm-göreldesini mynasyp wagyz edýän eserler azlyk edenok. Şeýle-de bolsa, belli alym Mustafa Karataşyň “Bagtly bir maşgala üçin dört hat” atly eseri hem yslam dininiň gymmatly ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna öz peýdaly täsirini ýetirer diýen umyt bilen şu kitaby türkmen okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik. Şeýle hem baplaryň başynda Hezreti Magtymguly Atamyzyň goşgy setirlerinden bölekleri ýerleşdirmegi mukaddes borjumyz hasap etdik. Kitaby türkmen diline geçirende, goýberen säwliklerimiz üçin Sizden ötünç soraýarys. Zähmetimiz ýerine düşse, begenjimiziň çägi bolmazdy. Gudraty güýçli Allatagaladan Siziň hemmäňize bagtly maşgala durmuşyny arzuw edýäris!

■ M u s t a f a K a r a t a ş k i m d i r ?

1961-nji ýylda Türkiýäniň Siwas şäherinde eneden doglan Mustafa Karataş 1984-nji ýylda Türkiýäniň Marmara uniwersitetiniň ylahyýet fakultetini tamamlady. 1989-njy ýylda “Ybraýym ibn Abdyssamed el-Haşimi we el-Emali” atly Hadys Juzy temasyndan kurs işini, 1998-nji ýylda “Rowaýatlaryň üsti bilen Hadyslaryň artmagy we möçberi” atly iş bilen doktorlyk işini tamamlady. 
Birnäçe ylmy makalalary bilen giňden tanalýan bu ýazyjynyň “Ybadatlarda ruh we şekil”, “Hadyslarda we amalda nahar dogalary”, “Bagtly bir maşgala üçin dört hat”, “Hadyslaryň artmagy we mukdary hem-de Hezreti Pygamberiň Beden dili”, “Gul Pygamber”, “Iň gözel dogalar”, “E-fetwa”, “Soraglar we jogaplar” atly eserleri halk köpçüligine ýetirilendir.
Teleýaýlymlardaky söhbetleri bilen adygan doktor Mustafa Karataş häzirki wagtda Stambul uniwersitetiniň ylahyýet fakultetiniň Hadys başbilim kafedrasynda işleýär. Arap we iňlis dillerini bilýän Mustafa Karataş maşgalaly we dört perzendiň atasydyr. 

■ Sözbaşy

Bismillahirrahmanirrahim

Allaha(J.J) hamdy-senalar, Onuň haýyrly ilçisi Hezreti Muhammede(S.A.W) we sahabalaryna salawat we salamlar bolsun.
Öýlenmek we maşgala gurmak durmuşyň sowlup geçip bolmajak bir parçasydyr. Her bir adam belli bir ýaşa gelenden soňra, mümkinçilgine görä maşgala gurmalydyr. 
Bu - Allatagalanyň jübüt ýaradan bütin janly barlyklary üçin ýola goýan düzgünidir. Ynsan ogly Adam atamyz we Howa enämizden bäri durmuş guranda, eger ol şowuna düşürip bilse, parahatlyk we bagtlylygyň çeşmesine öwrüp biler.
Öýlenmek – bu jemgyýetiň iň esasy binýadyny emele getirýän maşgalanyň başlangyjydyr. Öýlenen kişiler ilki bilen özlerine bagly bolup görünen maşgalany gurmak bilen çäklenmeýär. Şol bir wagtyň özünde, jemgyýetiň we döwletiň öňündäki wezipesini hem ýerine ýetirdigi bolýar. Aýratynam täze gurulan maşgalanyň bagtlylygy ýaş çatynjalara, hasam olaryň ene-atalary bilen birlikde jemgyýetçilik durmuşyna hem aýratyn oňyn täsirini ýetirýär. Şol sebäpden bolsa, bagtly bir maşgalanyň dowamatyny üpjün etjek maksatlara görä hereket etmeli. Maşgala arasynda bimazalyag alyp barjak, goh-galmagala sebäp boljak çemeleşmelerden daşda durmaga çalyşmaly. 
Maşgala durmuşynda özüne çekiji gözellikler bilen bir hatarda birnäçe kynçylyklar bilenem garşyma-garşy gelmek mümkin zatdyr. Esasy zat bolsa, bagtly günleriňde bolşy ýaly, agyr we kynçylykly ýagdaýlaryňda hem bu maşgalany dagatman saklap bilmekdir. Muny üpjün edip bilmegiň ilkinji şerti bolsa gelin boljak gyzyň we giýew boljak oglanyň maşgalanyň ýüküni çekmäge we çynlakaý meselelerini çözüp bilmäge taýýar bolmagydyr. 
Halkyň dini meselelerdäki ýüze çykýan sowallaryna we meselelerine wezipäm bolandygy hem-de metbugatda ýüzbe-ýüz gelýändigim sebäpli, örän köp magdur we meseleli kişiler bilen islesem-islemesem sataşmaly bolýaryn. Bu meseleleriň aglaba bölegi bolsa, gelin-gaýynene, är-aýal oňuşmazlyklaryndan ybarat bolup durýar. Munuň iň göze iliji mysallaryny maňa iberilýän we jogabyna garaşylýan hatlarda görmek mümkinçiligi bar.
Häzirki güne çenli maşgala we maşgala gurmak bilen baglanyşykly birnäçe eser ýazyldy. Gürrüňsiz, bularyň her biri ullakan bir boşlugy doldurmakdadyr. Şeýle-de bolsa, başga tarapdan gürrüňi edilse-de, ýazga geçirilmedik ownuk görünýän birnäçe sorag-meseleler bar. Bu meseleleriň çözgüdi bilen baglanyşykly maşgala gatnaşyklaryna, galyberse-de jemgyýete öwüt bolup biler diýen pikir bilen bu zähmetimiň bagtly bir maşgalanyň bagtyna goşant bolup biljekdigini düşündim. Bu düşünjelerimi durmuşa geçirmek maksady bilen giýewe, geline we iki gaýynenä niýetläp dört hat taýýarladym. Gaýynatalara şeýle mazmundaky hat taýýarlamagyň zerurlygy bar diýip hasap etmedim. Köplenç diýen ýaly olar maşgala oňşuksyzlyklarynyň aglabasynyň arasynda bolmaýarlar. Olara bir aýtjak zadym, perzentleriniň ýanýoldaş saýlap-seçip alanlarynda ünsli bolmaklaryny, çagalarynyň durmuşy diňe maddy taýdan göz öňüne getirip däl-de, puluň satyn alyp bilmejek mukaddes gymmatlyklarynyň hem bardygyny ýatdan çykarmazlyklaryny üpjün etmelidirler. Şeýle hem olar ömürleriniň galan bölegini agtyklaryny söýüp geçirmelidirler.
Bu babatda kiçi görünýän, ýöne gözden düşürilende problamalaryň çözgüdini kynlaşdyryp biljek birnäçe hususlara ünsi çekmek hem-de aýratynam gelinlere, giýew ýigide we iki gaýynenä käbir nesihatlarda bolmak maksady bilen şeýle eseriň üstünde işledim. Eliňizidäki bu eser bir giriş we iki bölümden ybaratdyr. Giriş bölüminde maşgala meselelerine we musulman türki maşgala gurluşyna orun berilendir.
Birinji “Maşgala we är-aýalyň gatnaşyklary” atly bölümde yslamyýete görä maşgala durmuşy, ýanýoldaş saýlamak, erkegiň aýalynyň öňündäki we aýalyň adamsynyň öňündäki wezipeleri hakyndaky degişli aýat we hadyslarlardan ugur alynan.
Ikinji bölümde bolsa, nesihat hatlaryndan ybarat. Dört hatyň içinde on bäş öwüt gelin hanyma, on bäş öwüt giýew ýigide, bäş öwüt giýewiň enesine, bäş öwüt hem geliniň enesine ýazylan, jemi kyrk öwütden düzülen. Bu öwütleriň has-da gowy düşünilmegi we ýatda galmagy maksady bilen aýry-aýrylykda her maddanyň düşündirişi-de berilen. 
Bu ujypsyzja zähmetimiň mukaddes bir gymmatlyk bolan maşgala durmuşynda bagtly bir ýaşaýyşa zerre ýaly-da bolsa peýdasyny görmek, meniň üçin buýsançlaryň iň beýigi bolar.
Öýlenen we durmuşa çykan doganlaryma tükenmez bagtly durmuş we agzybirlik dileýärin, indi durmuş gurmaly ýaşlarymyza bolsa haýyrly kysmatlary arzuw edýärin.
Mustafa Karataş, Bahçeliewler – 2005 ý.

■ Giriş

Musulman türki jemgyýetçiligi sagdyn maşgala gurluşyna eýe bolan görnükli jemgyýetlerden biri hökmünde tanalýar. Bu gurluş gün geldigi saýy her näçe kiçelip barýanam bolsa, eje-kaka, ene-ata we agtyklaryň bar ýerinde gadymdan gelýän maşgala gurluşyny ýitirmän saklamagyň hötdesinden gelýär. Türki jemgyýetçiligi ulusyny sylan, kiçisini söýen, maşgala we garyndaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejede üns berilýän jemgyýetçiligidir. Belli bir döwürlerde bu gymmatly barlygyň pese gaçan wagty bolanam bolsa, ýüzýyllyklaryň dowamynda ýitirmän saklanan bu ýörelgeler saýasynda häli-häzirem bu düýpden tutulan synmaz gurluş ýykylman gelýär we şu günlere çenli öz täsirini ýetirmeginde galýar. Näçe nebsimiz agyrsa-da, bu gün köki dinimize, däp-dessurlarymyza we ýol-ýörelgelerimize daýanýan bu aýratynlygyň güýjüniň peselişini, maşgala gatnaşyklaryna ýaramaz täsir edýän bolgusyz ýörelgeleriň we nysaklaryň örňäp barýandygyny görmek bolýar. 
Gynandyryjy ýagdaýy, soňky wagtlarda bu gymmatly aýratynlyklaryň mätäçlik edýändigini duýar ýaly derejä gelip ýetdik. Bu gün jemgyýetiň uly bir bölegi dürli hili sebäpler bilen maşgala arasyndaky birnäçe galmagallar bilen boguşyp ýörler. Bu oňşuksyzlyklar käwagt uly betbagtçylyklara we duşmanlyklara sebäp bolýar. Hatda maşgalalaryň parçalanyp, dagap gidýän wagty hem bolýar.
Düşünişmezlikleriň we soraglaryň köpüsi är-aýal we gelin-gaýynene arasynda bolup geçýär. Bu meseleleriň agalabasy-da, ýa sylag-hormat etmezlik, ýa-da maddy mümkinçilikler sebäpli emele gelýär. Täze nesiller sabyr-kanagatdan daşda, öz rahatlygyna berilen, egoist we pragmatist bolup ýetişýär. Olar öňden gelýän mukaddes däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi ikinji plana zyňýar. Hemme zadyň puldan ybarat däldigini, ata-babalarymyzyň ynsany beýige göterýän adamkärçilik, mertlik-merdanalyk häsiýetlerine zerurlygymyzyň bardygyny ýaşlara we durmuş guran ýaş çatynjalara örän oňat edip düşündirmek gerekdir.
Adam durmuşyň her dürli kynçylyklary bilen garşylaşyp biler. Şeýle hem maşgalaly bolsa-da, wezipesine biperwaý garaýan birnäçe aýalyň we erkegiň bardygy mälimdir. Şol sanda çagalarynyň bardygyna garamazdan, olara enelik we atalyk etmeýän birnäçe adamlar hem bar. Hatda birnäçe ýyl bagtly durmuşda ýaşandyklaryna garamazdan, bir müddetden soňra ýüze çykan problemalaryň hötdesinden gelip bilmändiklerinden ýa-da öz kiçijik meselelerini ulaldýandyklary üçin ýykylan maşgalalar az gabat gelenok. Iň gynandyryjy ýeri-de, munuň ýaly gapma-garşylyklaryň arasynda çagalar ezilýär. Olar öz elleri bilen maşgalasyny ýykyşlary ýaly, çagalarynyň gelejegine hem atanak çekýärler.
Munuň bilen birlikde ikitaraplaýyn düşünjelilik bilen söýgi we sylagly çemeleşmelere daýanýan maşgalalar agzybirligiň we bagtlylygyň gözbaşy bolmagynda galýar. Allaha şükürler bolsun, şeýle görelde alarlyk gözel maşgalalar sanardan köp. Bularyň hataryny köpeltmek ilki bilen pedagoglaryň we bütin watandaşlarymyzyň wezipesidir.
Hak we hukugy kemsitmedik, gursagynda Alla gorkusyny göteren, eden ýagşylygynyň we ýamanlygynyň dessine garşylygyny görjegine ynanýan nesilleriň gurjak maşgalasy şeýle çekişmelere we galmagallara özüni aldyrmaz, ejiz ýagdaýa düşmez. Başga tarapdan “edeniňi etmeli dünýä” diýilýän bu durmuşda özüne garşy edilmegini islemeýän zadyny başgalaryna hem etmek islemeýän bir düşünjäniň ornaşdyrylmagy bagtly maşgalalaryň sanynyň artmagyna goşant goşjakdyr. 

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 19-07-2022, 09:52

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler