Türkmen Alabaýy
TÜRKMEN ALABAÝY
Asyrlaryñ sungatyna
Dowam türkmen alabaýy.
Halkyñ milli gymmatyna
Kemal türkmen alabaýy.
Ýurdum - joşgunyñ mekany,
Toýuñ, buşlugyñ mekany,
Gujurly, syzgyr, wepaly,
Merdan türkmen alabaýy.
Durky peleñ, şir mysaly,
Mizemez şöhratly ýoly.
Gerek bolsa, gerçek ýaly
Edermen türkmen alabaýy.
Penasynda hatar nerler
Ýol geçendir kerwen-kerwen.
Agramyna altyn berlen
Halal, türkmen alabaýy.
Goja taryhda ady bar,
Geçmişden janly ýadygär!
Waspy dünýäni jadylan,
Ykrar türkmen alabaýy.
Nepis halym, bedewim deý,
Mirasdyr bu pederimden.
Ýeñişleriñ hataryndan
Nyşan türkmen alabaýy.
13.09.19 ý.
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
5 комментариев