Salam hormatly agzalar, sag amansyñyz inşalla. Türkmen aga bir tanşyny uzak wagt görmän bir gün gabat gelende "senem dünýede bar ekeniñ, ölmede ýit diýleni" diýýä. Dogrudanam şeýle eken, daýy ugrumdan biri 2005-nji ýylda tussag boldy bir hepde öñem boşap geldi on ýedi ýyl geçipdir, gullukdan gelmezimden bir aý öñ tutulypdyr. Seredip otursam ýigrimi ýyla golaý görmändirin. Öýüne gelli diýdiler welin göz öñüme gelenok, bolmasa öýleri gaty daşam däl welin gidip bilmedim. Öýdäkileñ hemmesi gidip geldiler gözaýdyña, hiç kimi tananok diýdiler men pylany diýäýmeseñ diýýä. Gideninde ogly dördünji klasdy häzir agtygy bäş ýaşynda, onsañ nädip obany tanajak. Düýn otyrdym welin geläýdi bu daýy ogly bilen, ýegen otyrmyñ señ bilen bir salamlaşyp gaýdaýyn diýdim, öwrenşemok, entek hiç ýere çykamogam diýip. Şükür edýä, meñ yzym durupdyr öñkisi ýaly diýip. Inni ýene bäş alty sany obadaş galdy boşap gelmeli olaram 23-ýyl bilen 25-ýyl aralygynda, şolañ biriniñ aýaly, ogly ýogaldy täzeräk öýlenipdi ogly gelnem gitdi ýaş gelin başga näm etsin, öý boşady, özem mugallymdy kem zady ýokdy. Ölmede ýit diýleni, olaram bir gün gelerdä. Meñ diýjek bolýanym jezalar gaty agyram bolsa geçýän eken birgün. Bärik nämüçin ýazýañ diýseñiz hem-ä meñ begenjim paýlaşaýyn diýdim, onsañam daýymyñ aýdyşy ýaly halal işläp halal gazan, azap etseñ hor bolmarsyñ, hiç bir ynsany zyndan gapysyndan barmaly etmesin Allajan.

File engine/modules/thanks.php not found.

Köneler, Bayker tarapyndan 2-08-2022, 19:12

  • .Resul. .Resul. off № 1 2 августа 2022 19:46
    Bayker siz 85 nji ýylmy
    Jogap
  • Ötegçi Ötegçi off № 2 2 августа 2022 19:47
    Gözüñiz aýdyñ! Menem begendim, begenjiñize.
    Jogap
  • Seri Seri off № 3 2 августа 2022 20:44
    Gözüñiz aýdyñ.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 4 2 августа 2022 20:52
    .Resul.,
    Howwa 85-nji ýyl.
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 5 2 августа 2022 20:53
    Ötegçi,
    Seri,
    Sagboluñ oglanlar.
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 6 2 августа 2022 21:13
    Байкер.. Гозун айдын иним.. Адам башы дашдан гаты диййар Туркмен ага..Гечдиги болсун... Галан омруни гой. агтыжаклары билен башагай болуп яшамак миессир этсин!
    Jogap
  • Bayker Bayker off № 7 2 августа 2022 22:50
    kwadrat kelle,
    Sagbol agam, howwa geçdigi bolsun.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler