Salam arzylylar! Talyplyk bagtyna mynasyp bolan ähli saýtdaşlarymyzy gutlamak bilen "Ýürekdeş söhbet" atly täze proýektimize başlaýarys. Bu öňki "Geliň tanyşalyň" mowzuklarymyzyň logiki dowamydyr. Gepleşigimiziň ilkinji myhmany öz ajaýyp goşgulary bilen gysga wagtyň içinde saýtyň goşgy söýüjileriniň arasynda gyzgyn goldawa eýe bolan şahyr agzamyz Venus23. Ýürekdeş söhbetdeşligi Siziň wepaly, ýürekdeş žurnalistiňiz, "Massimus production" "Sen bolmasaň Senemjan", "Elimi sallasam ellisi" diýip söýgülisiniň göwnüne degip 1 aýdan bärem ýalbaryp ýören ýigitlere göwünlik beriji birleşigi gurnar.
Soraglarymyza mümkin boldugyndan jogap bermegiňizi haýyş edýäris!
1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa).
2. Esasan haýsy şahyrlary söýüp okaýarsyňyz?
3. Siziň üçin ýazmak hobbi-mi ýa zerurlyk?
4. Ýazýan ynsan hökmünde Kerim Hallyň goşgularyna garaýşyňyz nähili?
5. Şahsy durmuşyňyz barada iki agyz...
6. Saýtdaky goşgy ýazýan agzalar baradaky pikirleriňiz, bellikleriňiz, maslahatlaryňyz!
7. Söýgi bu...
8. Poeziýa näme? Öz sözüňiz, ýüregiňiz bilen jogap beräýiň.
9. Agzalara hökman aýtmaly diýip hasaplaýan zatlaryňyz?
10. Parahorluk, garyndaşparazlyk barada, onuň ýurduň ösüşine ýetirýän zyýany, ony aramyzdan aýyrmak üçin edilmeli işler barada pikirleriňiz? (Ýa-da parany aýyrmak üçin kime para bermeli?).
11. Söýgi toýdan soň kem-kemden azalýar diýýärler. Venus bu barada nähili pikirde?
12. Eger durmuşyňyzyň bir sekundyny-da aýyrman kino döretseler, şol kinony maşgala agzalaryňyz bilen arkaýyn görüp bolarmy?
13. "Ýürekdeş söhbediň" indiki sanynda kimi görmek isleýärsiňiz?
14. Goý Siziň janyňyz sag, başyňyz dik bolsun, döredijilik ýolunda Size uly-uly üstünlikler arzuw edýärin! Gatnaşmaga razylyk bildirenligiňiz üçinem sag boluň!
15. Agzalar sizem özüňizi gyzyklandyrýan soraglary sorap bilersiňiz.
"Ýürekdeş söhbet" Venus23 bilen...
Sorag-jogap,
Saksofonist
tarapyndan
3-08-2022, 17:03