Kosmos
Bellik: Mowzukdaky pikirler çaklama, toslama komplimasiýa teoriýalary bolup, hakykat bolmaga hiç hili dalaşgärlik edenok.
Kosmos gämisine näme üçin "Kosmos gämisi" diýilýär? Kosmosyň suwdan ybarat bolup, äpet bir okean bolany üçin. Hawa biziň asman gümmezimiziň aňyrsynda dünýewi okean bar. Resmi ylymyň berýän maglumatlaryna görä kosmosuň 100-den 70%-i garaňky energiýadan ybarat. Şol sanda adam bedeniniň we planetamyzyň hem 70%-ini suw tutýar. Resmi ylym bize bar zady başgaça öwredýär. Meselem remi ylymyň käbir meşhur teoriýalary kosmosuň tekizdigini aýdýar we tutuş älemiň aslynda iki ölçegli bolup, bize görünýän üç ölçegli älemiň golagramma bolmagy mümkindigini çaklaýar. Aslynda ýerimizem asmanam tekizdir. Atmosferanyņ optiki effekti we perspektiw sebäpli bize asman gümmez şeklinde görünýär. Aslynda älemimiz çyndanam iki ölçegli. Aşagy ýokarsy tekiz dünýä. As above so below. Ylmy fantastiki kinofilmlerde kosmiki gämiler edil harby suwasty gämilerine meňzeş dizaýn edilen. Beýtmek bilen aslynda kosmosuň nämedigi bize görkezilýär. Biz akmaklar bolsa oňa düşinemizok. Töwratyň Gelip çykyş kitabynyň 6-8-nji aýatlarynda şeýle diýilýär:
" 6.Hudaý: «Suwlaryň aralygynda gümmez bolsun we ol suwy suwdan bölüp aýyrsyn!» diýdi. 7.Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy. 8.Hudaý gümmezi asman diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy."
Kurany Kerimiň Enbiýa süresiniň 30-njy aýatynda bolsa:
"...Asmanlar we ýer bitişik haldaka olaryň arasyny bölenimizi we ähli jandarlary suwdan ýaradanymyzy bilenoklarmy?" diýýär. Bu aýatlar meniň aýdanlarymyň dini tarapdan subutnamasydyr. Diýmek başda asmanlar we ýer bitişik halda bolan bolsa asmanyňam ýeriňem tekizdigini aňsa bolar. Ýöne siz "Töwratdaky aýatda gümmez sözi geçýärä" diýmegiňiz mümkin. Töwradyň ilkinji aýatlarynda başda tutuş älemiň suwdan ybarat bolany aýdylýar. Ýokarky aýatda bolsa ol suwlaryň ikä bölüneni we aşakdaky suwlaryň biraz bölegi çekilip ýeriň döredilendigi aýdylýar.
Kosmos
Bilim,
Khanture
tarapyndan
8-08-2022, 23:44