Ir bilen gelen jaňa oýandym.
-Dälihana diňleýär.
-Massimus, entegem ýatyrmyň. Biz bu gün eşik saýlamaga gitmeli. Irräkden ugraly-la dost, Mytdy häzir şähere barýan, özüm bazara eltip gaýtjak diýdi.
-Bagyşlaň! Siz başga ýere düşdüňiz!
-Taýyn bol, häzir öýüňe barýas.
-Bagyşlaň, sesiňiz eşidilenok, täzeden jaň etmegiňizi haýyş edýän.
-10 minutdan barýan bro.
-Ok.
Wah, dostum, saňa düşünemok. Ýaňy ýigrimi ýaşyňda, öýlenmek nämäňe gerek, geziberdä ýaşlygyň hözirini görüp. Öýlenmek - bu jogapkärçilik, erkin ýaşaýşyň logiki soňlanmasy. "Alýançam gülüm, alansoň gulum" diýýän suwumsyz erkekleň özleriniň hakyky gula öwrülýän döwrüniň başlangyjy. Öýlenmek - beýik futbolçy, beýik žurnalist bolmak baradaky arzuwlaryň nestogen, nan, pampersiň arzanlamagy baradaky arzuwlar bilen ornuny çalyşýan döwri. Telefonyňa ýalňyşybam gyzlaryň jaň etmezligini dileýän pursatlaryň, bile köçä çykaňda "takoý zatlar" geçip barýanam bolsa, özüňi gynap seretmediksirän bolmagyň, nädip özüňi bu durmuşa dözüp bildiň.
-Massimus, näme edýäň, şu soňky döwür haçan görsem eliňde telefon, getir bäri kime näme ýazýaň?
-Ýokla ýeketägim, oýun oýnaýanlaý.
-Suwjaran bolma-da bar mallaryňa suw ber. Dynç günüň bir kömek etdä maňa. Soň jaýlary pylesosla, naharada seret, men düýnki görüp bilmedik serialymy görjek.
-Ok balym, Sen näme diýseň şolam bolar.
Işlerimi dyndym. Näme gürrüň berip otyrdym Size, hää, Mytdy gelmelidi, geldi, gitdik bazara, o döwürler ýaşdym, owadandym, entek gözüniň ody alynmadyk oglan. Ýok, ýok, mähribanymdan birjikde närazy däl, ýaňyja garnyny doýrup uka gitdi, turmanka aýdyp beräýeýin galanynam.
Dostum Mekan geldi, Mytdy bilen.
Mytdyny ýöne ýere agzamadym. Obaň öýlenýän oglanlarynyň ýakyn maslahatçysy. Gyzlaň psihologiýasy, näzik ýüreginiň güljagaz we kebelekler ýaşaýan ejiz damaryny ussatlyk bilen tapyp bilýän oglan. O diýen görmegeý oglan bolmasada, "Miss TM" baýragyna arkaýyn dalaş edip biljek, "Aşk laftan anlamaz" türk serialyndaky aktrisa gyza (prosta söýýän şo gyzy, ýekeje gören türk serialym şu, sözlerine düşünmesemem şo gyz üçin dolulygyna diýen ýaly görüpdim) meňzeş gyz bilen "Baý bazar"-da el tutuşyp aýlanyp ýörenini göremde "gözel we mahluk" atly multfilm ýadyma düşdi. Ana şonda "söýgiň gözi kör bolýar" diýen nakylyň näderejede dogry aýdylandygyna göz ýetiripdim. Şular ýaly tanyşlaryňyz Sizde-de bardyr, eger olaň aýdýan sözlerini ýatlap biz aýtsak gyzlar ünsem berenok, ýöne şolardan eşitseler eräp akaýýalar. Garaz her kime-de bir ugurdan berlendä. Saňa näme berlen diýýäňmi, aýal dogan. Aý bilmedim, şu zat berilýän wagty men ýatdan çykypdyryn öýdýän. Sypat diýseň sypat ýok, her gün aýna seredenimde özüm gorkup gidýän, pul diýilse o ýok, jübime eliňi soksaň aç it dişleýär.
Tema dolanalyň. Garaz, bardyk bazara. Girdik eşik magazinyna. Dostum eşik geýýä, bizem baha berýäs. Satyjy gyzam üzümiň suwy (spirtli içgiler göz öňüňize gelmesin) ýaljak. Menem öýlenmedik, haçan bagtym açylarka diýip palça gatnap ýören wagtlarym. O gyzy görüb-ä hasam özümi ýitirdim, suw meýilli gurbaga, o gyzdan bir zatlar soran bolýan. Olam islenen-iň admini ýaly bir soragymada jogap berenok. Näme etmeli? Etmeli zady Mytdy etdi. Mytdy maçodan master-klas. Ol şol gyz bilen derrew arany sazlady.
-Siz öýlenenmi?
-Ýok ikimizem öýlenmedik.
Mytda berlen soraga men jogap berdim. O gyzam maňa ýüzüni awyň sapy ýaljak edip seredip, ýene Mytda sorag berdi.
-Söýgüliňiz barmy?
-Howwa, muň söýgülisi bar, meňki ýok. He-he.
Maňa ne döw çaldy. Şo gyzy Mytdydan gysganyp ölüp barýardym. Ýöne Mytdy özüni ýitirmedi, bujagaz gyz oň ölüp ýeteni däldi.
-Dostum oýun edýär.
-Hä düşündüm.
Dükanda başga-da birnäçe gyzlar eşik saýlaýardylar. Mekan içeri girip geýinip gelýär. Eger Mytdy "gowy gelşipdir" diýse, gowy gelşenem bolsa, Mytda gahar edip "ýok dost, ýüzüňe gowy oturmady" diýýärdim. Garaz "wkuslarymyzyň" gabat gelmändigi üçin Mekan hemme eşikleri diýen ýaly geýip gördi. Ahyryn üýşüp bir karara gelip, saýladyk toý eşiklerini. Meň gözüm, hyýalym satyjyda, satyjyň gözi Mytdyda, Mytdyň gözi daş-töwereginde, Mekan hasaplaşýardy, satyjy gyz kostýum-balak bilen beýleki zatlar salnan pakedi uzatdy, men garbap aldym. Mekan:
-Şu gün-ä eşik geýip, çykaryp lejim çykdy, indi eşikleri öýe eltip, toýa çenli ellejek däl diýdi.
Toýa eşik alanyňy eşitse, öýüňdäkilerem, garyndaşlaram gyzyklanyp "göreli hany" diýýärler. Ýöne Mekan hiç kimede görkezmän şkafyna salyp goýupdyr.
Uzak garaşylan toý günem ýetip geldi. Toýa bardym. Barsam Mekanyň ýüzi duw-ak.
-Ýör dost öýe gireli.
-Eýgilikmi dost, ýa indi düşünip ugradyňmy öýlenýäniňe.
-Diňle dost, eşiklem ýok.
-O nähili ýok, han-ha dur-a kostýumyň.
-Kostýum bar, ýöne köýnek, köwüş we beýleki zatlarym ýok. Oň ýerine ine şular bar.
Ol biziň getiren pakedimizi dökdi. Oň içinde gyzlaň ýubkasy, futbolkasy we beýleki sülsatlary bar. Şol gün men satyjy gyza, ol gyz Mytda seredip paketleri çalşyp beripdir. Men doňup galdym. Gülki ýadymyza düşenok. Mekan-a biraz aglajagam bolýar.
-Mekan, gaýgy etme dost, häzir ýarym sagatdan bar zatlaryňy alyp gelerin.
-Ýetişermiň dost diýip onuň gamgyn ýüzi biraz ýagtylandy.
-Ýetişerin dost.
Maşynly oglanlaryň birinden hälki dükana gitmegi haýyş etdim. Satyjy gyz meni görenden ýylgyryp başlady. Biz gidensoň ol bar zady bilipdir. Biziň pakedimizi ýygnap goýupdyr. Men oň bilen paketleri çalşyp, sag bolsun aýdyp ugradym. Gelsem Mekan ýolda maňa garaşyp dur. Meni görüp bir begendi, bir begendi, hat-da gelni öýüne getirende-de ol beýle begenen däldir.
Toý sag-aman gutardy. Ýöne Mekan ikimiziň bu toý baradaky ýatlamamyz entek gutarmady. Biz her görüşenimizde entegem şol güni ýatlap ýürekden ýylgyrýas.
Dostumyň toýy...
Sorag-jogap,
Saksofonist
tarapyndan
10-08-2022, 00:56