Статьи по выбранной дате

Melekleriñ pysyrdysy--Hydyr ata

Ozalyýetinde durmuş şeýle gurnalan eken: nämä garaşsaň, nämäni gözleseň, nähili pikirlere hemra bolsaň, öňüňden şol çykýar. Bir maksady ýüregiňe düwüp, mümkin boldugyndan ugrunda yhlas etseň, ýüze çykýan sebäplere, pursatlara we mümkinçiliklere daýansaň, hökman arzuwyňa gowuşjakdygyň nygtalýar. Çünki dünýäni görmek islegindäki Zülkarneýn hem şeýle sebäplere ýapyşyp, yzyna eýerip, zeminiň iki

Maşgala

Okyjylaryň ýaşdygy, durmuş tejribeleriniň ýokdugy, şol sebäpden hem gözýetimleriniň şol derejededigi bildirýär. Emma begendirýän tarapy, olaryň durmuşa düşünmäge, dogry ýoly saýlamaga höweslidikleri. “Men gaýyn-gelin arasyndaky oňşuksyzlygyň esasy sebäbi nämedekä?” diýip köp pikirlendim. Meniň pikirimçe, biz maşgala mukaddesligi diýlen düşünjäni unudýarys. Elbetde, beýle mukaddeslikler bardyr hem

toba

Ebu Said Sagd ibni Mälik ibni Sinan el Hudri radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir: “Bir wagtlar, togsan dokuz adamy öldüren biri bar eken. Bu adam dünýädäki iň beýik alymyň kimdigini idemäge başlady. Oňa bir rahyby görkezdiler. Bu adam rahybyň ýanyna gelip: -Men togsan dokuz adam öldürdim. Toba etsem kabul bolarmy? - diýip

Bolmazmy

A gyz neçün daşa dönüp dymýarsyň ? Belli karar belli jogap bolmazmy ? Sözle janym,niçik oýa çümýärsiň ? Habarlaşmak asylly däp bolmazmy ? Goşa mertlik gerek yşka baş ursaň, Göwnüm galar syryň menden ýaşyrsaň, Beýdip näzlim nazaryňdan düşürseň, Aşygyň örtenip kebap bolmazmy ? Diňleseň çak boldy diňle gyz sesim, Arzuwym dünýäm sen,belent höwesim, Seniň gyzgyn mähriň,meniň yhlasym, Jana-jan bolmaga

Näme üçin möýler öz kereplerine ýelmeşmeýärler

Haçanda möýler öz kereplerini guranlarynda özlerinden sapak ýasap, onuň käbir hatarlaryny ýelmeşýän sapaklardan, käbirlerini bolsa ýelmeşmeýän sapaklar bilen örýärler, olara ýelmeşmeýän sapaklarynda ýöremek has amatly bolýar. Aslynda möýleriň aýaklarynyň aşagynda azajyk ýag bolýar we olara ýelmeşýän sapaklardan ýöremek kyn düşmeýär. Şol sebäpli hem olar öz kereplerine ýelmeşmän, islendik ýerinde

Guşlar näme üçin göçýär?

Uçup barýan durnalar barada birnäçe goşgyny okan bolsaňyz gerek. Hatar gurap barýan göçegçi guşlar gadym eýýamlardan bäri köpleriň ünsüni özüne çekipdir. Adatça guşlar güýzüne günorta, ýazyna günbatara, baýyrlyklaryň üsti bilen belent daglara ýa-da materigiň jümmüşinden deňiz ýakalaryna göçýärler. Ýaşaýan ýerini täzeleýän guşlaryň dürli görnüşi bolup, olaryň köpüsi hemişe ýyly ýerde ýaşaýandygy

Juda gizlin we goragly saklanýan ammar

Norwegiýanyň Swalbard arhipelagynda buzluklaryň içinde ýerleşýän bu ammarda dünýädäki ähli ösümlik dünýäsiniň tohumlary saklanylýar. Global tohum ammaryndaky tohumlar, islendik betbagtçylyk bolanda hem tohumlaryň howpsuzlygy üpjün edilen. 2008-nji ýylda açylan, buzluklaryň arasynda we dagyň üstünde ýerleşýän bu ammar 130 metr çuňlukda ýerleşýär. Bu ammar başgaça “Nuhuň gämisi” diýlip hem

Ene-atalaryň çaga psihologiýasy barada bilmeli 8 ylmy maglumaty

Çaga psihologiýasy barada ene-atalaryň ýa-da geljekde ene-ata bolmaly ýaşlaryň käbir bilmeli esasy ylmy maglumatlary bar. Bu ylmy maglumatlar bilen çaganyň özüni alyp barşyny has gowy analiz edip we ösüşi üçin dogry jogaby berip bilersiňiz. ÝUNISEF tarapyndan neşir edilen Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýanyň birinji maddasyna görä, her bir 18 ýaşa çenli ýetmedik ynsan perzendi çaga

Bagtly bolmagyň 5 esasy şerti

Dünýä döräli bäri ynsanoglunyň iň uly arzuwy bagtly bolmakdyr. Hatda iň bir ýagşy dilegleriň, iň ajaýyp sözleriň, iň gowy gutlaglaryň, iň päk arzuwlaryň hem soňy “Bagtly bol! Alnyň bagtyň açyk bolsun!” diýlen sözler bilen jemlenýär. Eýsem, bagtly bolmagyň syrlary nämede?! Bu barada tanymal pedagog-psiholog, ýazyjy Jon Izzo dürli kärdäki adamlar başlap, ýüzlerçe, hatda müňlerçe ýyl mundan ozal