Статьи по выбранной дате

Kowus (Keman) (Streles)

Inede Akrap ýyldyzynyň döwri tamamlanyp meniň döwrüm Kowus (Keman) ýyldyzynyň döwri ýetip gelýär. Kowuslar barada ählisi şu blogda. Kowus (Keman) 23 noýabr - 21 dekabr Ugurly güni: Penşenbe. Planetasy: Ýupiter. Ugurly sanlary: 3, 12, 582, 943. Daşy: Topaz, ametist. Reňk: goýy mawy, melewşe. Güller: Nartsis, Hrizantema. Aýdym-saz: Pop, Rok, Rep. Häsiýeti: Aktiwlik. Erbet häsiýeti: Ikiýüzli.

Telefonlar bizi yzarlaya

Garaz bu waka men Lebap ilinde komandirowkada bolanymda boldy. Yzyma oye gaytmagyma 1-2 gun galanda oydakilere sowagat almak isledim we bu barada kardeshlerin biri bolan Maksim bilen gurleshdim gurrun rus dilinde boldy we men ona oydakilere sowgat aljagymy yone almalydyna kellamin ishleman duranyny aytdym olam mana atyr ( duhi ) alay shu yerde yakynda bir magazin bar eken gowy duhileri kan eken

Baý adam(manysy full)

Hawa, dostlar, men ýene-de gürrüňin Edýän häzir dünýäde ýok bendäniň. Şeýle-dä bu, garaz, ölüm diýen zat, Başynda bar uly-kiçi hemmäniň. Göze görnüp duran adamam däldi, Olam ekin-dikin bilen meşguldy: Ýöne kalby jomart, dili şirindi, Aýaz ata bu babatda meşhurdy. Güzerany ýetde-gütde bolsa-da, Eger duş gelmezdi zeýrenen wagty. Aýaly-da edil özi ýalydy, (Ykbal az eçilýär bu seýrek bagty!) Adyňy

O dünýeli gürrüň

Men bu dünýä düşünmeýän halyma, Sen o dünýe hakda gürrüň açýarsyň. Dowzahdan heder etmän duruňok, Käte-käte jennete-de uçýarsyň. Ikisem meniň-ä gören ýerim däl, Bilemok, haýsyna düşjekdigiňi. Allaň özi bilsin, bu göwräň bilen, Syratdan nähili geçjekdigiňi. Ýöne bilýän, o ýerlerde Aýdym-sazdyr söhbet ýokdur. Çöker ýaly kürsi ýokdur, Çeker ýaly zähmet ýokdur. Bu dünýäde ýygnan tyllaň, Kömek etmez

Türkmenlerde aýalyňy magtamak

Türkmenlerde aýalyňy magtamak Öň zamanda geň bolupdyr, Ogultäç Bu döwürde hernä onuň tersine, Goşgy ýazmak ýoň bolupdyr, Ogultäç. Bir gezek üstüňden düşensoň ýolum, Ykbalyma şärik boldy ykbalyň. Bilýän: gama batsam seniň ahwalyň Meňkidenem teň bolupdyr, Ogultäç. Bäş aý başujymy saklak oturdyň, Derthanadan daşa çykman oturdyň, Iýdirdiň, geýdirdiň — ekläp oturdyň, Bu — mertlige deň bolupdyr,

Ýürege ýüzlenmek

Bu golaýda senden habar alamok, Hallaryň niçikdir, pitneli Ýürek? Henizem sag-aman urup durmusyň, Birmahal sogrulyp gitmeli Ýürek. Abyrsyz ýükleriň astynda sojap, Ezýet baryn çekdiň agyrap-ynjap. Ýene ýola düşdüň özüňi tijäp, Birçak baky uka batmaly Ýürek. Men senden razy, hoşal men juda, Gürsüldeýäň guwduraman bihuda. Mydam şa bolduň, bolmadyň geda, Ýeňdiň. Ýeňiş toýun tutmaly Ýürek. Bagyşla,

Atylýan kesekler saňa kär etmez

Atylýan kesekler saňa kär etmez, Işiň rowaçlanyp ugran mahaly. Arkaýyn bol, ykbal seni hor etmez, Allaň özi saňa ýaran mahaly. Bardygyn bil, göze ilmez güýçleriň, Tersine bolýandyr tutan işleriň. Ýumşak nana ötmez azy dişleriň, Heran-haçan Taňryň gargan mahaly. Arzuw arzan, bolsadylar ekiler, Bagtyň welin, mydam senden bukular, Çekdirseň bir howa näziň çekiler, Ýigitler görküňe haýran mahaly. Her
1

Türkmen

Şeýle diýen eken bir syýahatçy: Türkmenleriň eý gördügi myhmandyr. ... Dört dogan bar bolsa, eger, bir öýde, Garamaýak bolmaz — dördüsem handyr! Men bu baha bilen ylalaşýaryn. Han däl türkmeniňem han göwni bardyr. Kel tokludan başga zady bolmadyk Kişem özün her kesçeräk görýändir. Myhman barsa şol kişiniň öýüne Ýalňyz tokly söwüş üçin soýulýar. Bilemok, şundan soň öýe eýesine Han diýilmän, başga
0

Seredewer bende, basjak ýeriňe

Seredewer bende, basjak ýeriňe, Taňry görmek üçin gözi ýaratdy. Ynsanyň gelşigi, Durmuşyň düzi — Şirin dili, güler ýüzi ýaratdy. Bir adam bar — ýüz-gözüniň gary bar, Bir adam bar — tuwagy bar, nury bar. Bäş barmagy deň etmedik Biribar Belent dagy, ymgyr düzi ýaratdy. Bar zat maňa ýatladyp dur Allany: Tomusda yssyny, Gyşda çilläni, Pikir öwrüp bilýän bolsaň — kelläni, Gepläp bilýän bolsaň — sözi
3

Söýgi mukamy

Ýaşlygymda men bir gyza sataşdym, Gözleriniň ody ýürekde galdy. Gyz däldi-de, ýanyp duran ataşdy, Garaýşy bu goşa garakda galdy. Müň gyzyň içinden gözüňe iler, Onki süňňüm bilen söýüpdim näler. Ýazan hatlaryma şaýatdyr Şalar. Içen antym duzda-çörekde galdy. Bir tomus gijesi duşuşdyk pynhan, Näme diýjek bolsaň diýiber ynha. Ah! Aslynda ýygra bolmasyn ynsan, Pyşyrdym goşa ak derekde galdy. Garaluw
2