Статьи по выбранной дате

GARAZ...

Ertir.com edil bu wagtky saýtlar ýaly däldi: manyly, diskussiýa girip bolaýjak, bir zatlar öwrenip bolaýjak... mowzuklar açylýardy. Agzalary грамотный-dy. Beý diýsem, "грамотный" bolmak diňe ýokary bilimden ybarat diýdigim däl. Diňe orta mekdebi okanlarynyň hem hemmesi diýen ýaly diýseň sowatlydy, medeniýetlidi, edeplidi... Dogry, "Süri agsaksyz bolmaz" diýilýär, ol ýerde hem

Haýyş

Adamlara "Edil tebigat ýaly boluñ "diýesim gelýär.Gün ýaly ýúrekleri ýyladyñ, ýagyş ýagmyrlar ýaly rahatlyk beriñ daglar ýaly merdemsi, çeşmeler ýaly dury boluñ diýesim gelýär.Ýöne hemmesinden möhümi bagyşlamagy başaryñ.Edil tebigat ýaly.Tebigat adamzadyñ özüne eden ähli ýamanlyklaryny bagyşlaýar.Biz adamlar näme üçin biri birimizi bagyşlamalyñ?! @Belki

Sowgat...

Ýadyñdamy? Äht edipdiñ birmahal, Aýrylmarys diýip ölýänem bolsak. Bize näme garaşýanyn takdyrda, Bilmeýänem bolsak, bilýänem bolsak. Bu şeýle-de bolmalydy aslynda, Aýralyga pursat bermekçi däldik. Emma bimahal çag mañlaýdan öwsen, Hijranyñ ýeline añalyp galdyk. Sen gitdiñ, bilemok ölümi diri, Men welin her günde ölüp direlýän. Eýesiz señsildäp köçede ölen, Itiñ maslygy deý gyra süýrelýän. Çynym

Ilkinji sowgat (23 fewral)

okuwchy wagtlarymdy yadyma dushyar. Selbi atly klasdashym bardy. O diyen yanyp duran owadan bolmasada ozune chekijidi. 23 fewral geldi yalnyshmasam 2007nji yyl oydyan. Her gyz her oglana sowgat alypdy. In sonky sowgady Selbi berdi. Ozem in yzda otyrdym. Otyramokdym yuzumi elime goyup yatyrdym. Kellami sypalan yaly boldy biri gorsem sho yylgyrypjyk sowgadyny berdi. Achybam gormedim sagbol diydim.

Konkurs hakynda.

Salam uly kiçi hemme agzalar, häzir saýtda konkurs ýene dowam edip başlady. Görşümiz ýaly laýk we dislaýk meselesi bar, men konkursa gatnaşamok ýöne gatnaşýan agzalar bahalardan nägile eger kyn görmän baha goýanymyzda ynsaply bolup goýsak okayjylar ýagny biz üçinem gyzykly boljak. Ynsap amalyň içki ruhy esasydyr. Akyldan gözbaş alyp, dile gelýän sözüň amala öwrülmegi, blogy halanlygymyzy ýa

Sorag

Her haýsy bir meselede töwekgelçilik edip başaryp bilmejek işiñi hamala diýersiñ başarýan ýaly boýun alyp ýerine ýetirmäge synanyşmak batyrgaýlykmydyr? Hemmämiziñem başaryp bilmeýän zatlarymyz bar.Ýöne geliñ dogrymyzy aýdalyñ.näçämiz özgeleriñ ýanynda men muny başarman diýip mertlik bilen boýun alýarys❓ Meniñ bu ýerde mertlik sözüni agzamagyma geñ galýan bolmagyñyz mümkin.Aslynda men bu sözi şu

Gosgy

Soygi diyen 5 harpy Haysy adam tapdyka Haysy adam tapsada Gor kimleri yakdyka Duzsyz corek bolmaz Soygusiz yurek Soygusiz yuregin Omri biderek Aswalt yolun ustunde Mersedes bmw yoreyar Yas juwanlan toyunda Taze gazal doreyar Toyun bezegi bagsy Aydym aydana yagsy Su blogy okanlar Bir like bassa yagsy

Saña hat ýazýaryn...

Sensiz ne sag men, ne hassa, Ýõne sen muny añmaýañ. Gijeler ýüregim gyssa, Aglaýan, sessiz aglaýan.. Sesim ýeter rakyplara, A sen daş eşiderden meni. Ýollaryña baka baka, Garaşýaryn günüñ güni. Diýip ýollaýan hatymy Bu gün ýene batyp gama. ...men agladym ýazan wagtym Sen ony okap aglama. "Ýel hem ses edýär daşarda Çekýän dek bir zadyñ zaryn ...bir yşarat et, yşarat Bararyn taşlap baryny...

Ýetim...

Damjak bolýan gözýaş ýaly naýynjar, Bir ýigidiň mirasy ol, ýasy ol. Ynjamasyz ýöne ýerdenem ynjar Dyrnajygy gopan maýa ýaly ol. Ýok, ol aglamaýar. Ýok, ol gülmeýär Şeýle bir perişan bolsa-da haly. Aglar ýaly diňdirmäge kimsi bar, Kimsi bar gülende buýsanar ýaly! Nobatguly Rejepow.
0

Öz sesim bolsun! ýa da Aladdiniñ jynyndan dileg

Şu gün bardy-geldi: "Ötegçi, hany aýt, şu gün bir dilegiñi bitireli!"-diýägetdin, Aladdiniñ jyny gelse: "Öz sesim bolsun!" diýerdim. "Özem diñe bir meniñki däl, maşgala agzalarmyzyñ ählisiniñ öz sesi bolsun!" diýerdim. Öz sesiñ bolmak nähili bilýäñizmi?.. arassa öz sesiñ. SES-SES. Tüzüwligne okasañam ses, tersligne okasañam ses. Isle dikbaşaşak okaý, ol ýene