Статьи по выбранной дате

Geliň, bagyşlamagy öwreneliň.

Begenmek. Çaga ýaly begenip bilmek. Megerem, iň gerek zatdyr. Daş-töweregiňizde çaga barmy? Şoňa bir süýji ýa-da kiçiräjik jäjek äberiň. Diriň-diriň böküşini görersiňiz. Biz bolsa...Allatagallanyň bize beren şeýle uly peşgeşleri gözümize az görünip, ondan närazy bolýarys. ”Onda maşyn bar,oň öýi meňkiden gowy...” Eýsem biz näme üçin mydama özümiziňkiden gowy zady bolanlara seredýäris? Näme üçin

GYZ KALBYNYŇ SEDASY

Gara bulut salyp dünýä gozgalaň, Bozdy daňlaň düýbün çyzgylan wagtyn. Giç bolansoň garyp göwnüm gozgadyň, Menzilin ýitirip azaşan bagtym. Kakmaryn diýipdiň köňül gapymy, Hany seniň birmahalky wadalaň?! Ýegşerip duranja göwräňi synlap, Synan göwnüm seýik gözlär, ot alar. Al-asmanda gaýyşyp ýör, Nädipdir, Azaşyp jöwzada galan gargalar. Aýaklam bir gezek ýalňyş ädipdir ömrüm boýy... özüm barkam

Dag we çukur ýa-da asla ugradylmajak hat.

Salam kaka!Söýgüli ýazyjym Kerim Aş-Şaziliniñ aýdyşy ýaly "Başlamak hemişe kyn".Ejeme sensiz durmuşa başlamagyñ kyn düşüşi ýaly maña-da saña hiç haçan ugratmajak hatyma başlamak kyn düşýär. Dogrusy,sensiz geçen ýigrimi dört ýylyñ içinde jemlenen oñat we ýaramaz duýgularymyñ,başdan geçirmelerimiñ haýsysyndan başlajagymam bilemok. Şu ýigrimi dört ýylyñ içinde ýüregimde bir-ä çukur

Garagujuk—5

Maldiw ýa-da Bagam adalarynda çagaňyzyň enekesi bolup otyraryn. Gymmat däl. Eger-de ýekeje adamyň dünýäni üýtgedip bilýändigine ynanmaýan bolsaň, Uhan-yň bazaryndaky ýerganaty iýen adam hakda pikir et. Men öz 34 ýaşymda günde ir bilen 8 km ylgaýan, 1 sutkada 14 sagat işleýän, 3 sany firmam bar, şol arada iki sanyda motiwasiýa barada kitap ýazýan. Sonda hem maşgalama, dostlaryma we karaokide aýdym

❗️

Men ýene siziň bilgeşleýin ýa-da bilmän men baradaky hökümleriňizi paýlaýan günüňize gabat geldim. Duýgularym gaty güýçli, çylşyrymly, biraz gaharly we birneme öýkeli. Durmuş bilen alyp baran göreşim hakda size hasabat bermeli bolýan ýaly, wagtal-wagtal hasap bermäge synanyşýaryn. Siziň bu ýolda özüňize gaty ynamly bolýanyňyz üçin, menem siziň ol döreden duýgularyňyza özümi aldyryp, siz hakly we